Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

 

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň sport merkezlerinde türgenleşik geçdi.

10.01.2017

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz egindeşleri bilen bilelikde esasy desgalarynyň gurluşygy tamamlanan paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginde ir bilen türgenleşik geçdi, şeýle hem Awtosport merkezinde sport awtoulagyny ýokary tizlikde sürmegiň ussatlygyny görkezdi.

Döwlet Baştutanymyzyň bu gezekki türgenleşikleri hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen yglan edilen Sagdynlyk we ruhubelentlik ýylynyň ilkinji günlerine gabat gelýändiginiň aýratyn manysy bar. Mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylyň möhüm wakalarynyň birine öwrüljek halkara sport baýramçylygy bolan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna galan 250 günüň hasaby başlandy. Bu şanly waka halkara ýaryşlary mynasybetli yglan edilen atly ýörişiň Lebap welaýatynyň çägindäki birinji gününe gabat geldi. Ol ýurdumyzyň ähli künjeklerini gurşap almak bilen, Aziada — 2017-niň açylyş gününde Aşgabatdaky Olimpiýa şäherjiginiň baş meýdançasynda tamamlanar.

Dowamy...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

2016-njy ýylyň 24-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň durmuşyna degişli derwaýys meseleleriň birnäçesine, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi. Mejlise ýurdumyzyň Mejlisiniň wekilleri, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary çagyryldy.

Dowamy...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

06.01.2017

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 2017-nji ýyldaky ilkinji mejlisini geçirdi, onda käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy hem-de döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy hem-de milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny we döwlet emlägini dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak, hususy ulgamyň ornuny pugtalandyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, “Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde geçirilen işleriň netijeleri barada aýdyldy. Gelip gowşan teklipleriň seljerilmegi netijesinde, desgalaryň birnäçesini hususylaşdyrmaga degişli bolan desgalaryň sanawyna goşmak teklip edilýär.

Dowamy...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2016-njy ýylyň 11-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda kabul edilen döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly möhüm meselelere, şeýle hem birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz Mejlisiň gün tertibini yglan edip, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa söz berdi, ol milli parlament tarapyndan döwletiň kanunçylyk-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Dowamy...

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynda “Döwletleriň, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň we halkara maliýe institutlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk” atly dersi boýunça okuw maslahaty geçirildi.

2016-njy ýylyň 7-nji noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň binasynda “Döwletleriň, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň we halkara maliýe institutlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk” atly dersi boýunça okuw maslahaty geçirildi.

Dowamy...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

23.12.2016

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berildi, ol öz gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Dowamy...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

04.11.2016

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine we käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi hem-de ozal kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi we ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Wise-premýer 2016-njy ýylyň on aýynyň jemleri boýunça ýurdumyzyň makroykdysady görkezijileri hem-de 2017-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasy barada hasabat berdi.

Dowamy...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

16.12.2016

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine, käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa söz berdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri, şeýle hem Parlamentleriň zenan ýolbaşçylarynyň ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşmak üçin, 13—14-nji dekabrda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherine bolan iş saparynyň netijeleri barada habar berdi.

Dowamy...

Halkara süýşürintgiler güni hem-de türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 23 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi

01.11.2016

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky “Hazar” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Halkara süýşürintgiler güni hem-de türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 23 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Merkezi banky hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Süýşürintgiler kassalarynyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça gaznasynyň bilelikde geçiren çäresine ýurdumyzyň karz edaralarynyň, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, Ylymlar akademiýasynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Dowamy...

Halkara pul gaznasy Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň işjeň çärelerine ýokary baha berdi

Halkara pul gaznasynyň wekiliýeti Türkmenistana nobatdaky saparynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň netijeleri bilen tanyşdy. Iri maliýe düzümiň bilermenleri makroykdysady ýagdaýa baha berdiler hem-de döwlet edaralarynyň jogapkär işgärleri we diplomatik bileleşiginiň wekilleri bilen milli syýasatyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Dowamy...

Türkmenistanyň ulag ulgamynyň bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlanýar

25.10.2016

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda öndürilýän önümleri daşarky bazarlara çykarmagy hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegi milli ykdysadyýetimiz üçin möhüm wezipe hökmünde kesgitledi. Munuň özi köp babatda Türkmenistanyň dünýäniň hem-de sebitiň ulag-aragatnaşyk ulgamyna çekilmeginiň derejesine bagly bolup, bu ulgam döwletleriň arasynda maddy binýat we haryt dolanyşygynyň guraly bolup durýar.

Dowamy...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

02.12.2016

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibindäki meselelere geçmezden ozal, bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, Aşgabatda ýaňy-ýakynda taryhy wakanyň bolup geçendigini — Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahatyň ýokary derejede taýýarlanandygyny we geçirilendigini belledi. Şeýle hem Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň — Türkmenistan — Owganystan —Täjigistan demir ýolunyň birinji tapgyry, ýagny Atamyrat — Ymamnazar — Akina bölegi açyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu çäreleri ýokary derejede taýýarlamaga we geçirmäge işjeň gatnaşan ähli ýolbaşçylara, jogapkär işgärlere, metbugatyň we telewideniýäniň işgärlerine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Dowamy...

Türkmenistan daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçiligi ýokarlandyrýar

23.10.2016

«Biz ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmegi öz öňümizde wezipe edip goýduk. Şu maksat bilen, häzirki zaman senagat üpjünçilik ulgamlaryny, gaýtadan işleýän iri önümçilikleri döretmegi meýilleşdirýäris. Beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmek hem-de özümizde öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça kabul edilen Döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin zerur işleri alyp barýarys» — diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 21-nji oktýabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda aýtdy.

Dowamy...

Türkmenistan — GFR: ykdysady hyzmatdaşlyk ösdürilýär

01.12.2016

Paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda German ykdysadyýetiniň Türkmenistandaky günleri geçirildi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň we Merkezi Aziýada German ykdysadyýetiniň wekilhanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen foruma hökümet düzümleriniň, GFR-iň işewürligini ösdürmek boýunça döwlet guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Dostlukly ýurduň paýtagtymyza gelen toparynyň düzüminde dürli ugurlar boýunça ýöriteleşen, hususan-da, “Robert Bosch”, “Wilhelm Layher GmbH&CO. KG”, “MC Bauchemie Müller GmbH&Co.KG”, “Trubatec GmbH”, “Germany Trade and Invest”, “Deutsche Sparkassenstiftung” ýaly iri şereketleriň 70-e golaýynyň işewürleri bar. Foruma türkmen tarapyndan birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, döwlet hem-de paýdarlar-täjirçilik banklarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşdylar.

Dowamy...