Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

05.05.2017

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de möhüm resminamalaryň taslamalarynyň birnäçesine seredildi.

Dowamy...

Täze karz ylalaşyga gol çekildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 16-njy dekabryndaky çykaran 15016 belgili kararynyň esasynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan «Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligi üçin niýetlenen oba we suw hojalyk tehnikalaryň we enjamlaryň, şeýle hem olar üçin ätiýaçlyk şaýlarynyň hem-de sarp ediş serişdeleriniň getirilmegi» boýunça taslamany maliýeleşdirmek üçin 2017-nji ýylyň 17-nji martynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Deere Credit Inc.» kompaniýasy bilen karz ylalaşyga gol çekildi. “John Deere” kompaniýasy ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ozaldan gelýän we ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Kompaniýa oba hojalyk pudagynyň ösmegine we tehniki kuwwatynyň berkemegine uly goşant goşýar.

Dowamy...

Halkara pul gaznasy ýurdumyzyň geljegine oňyn baha berdi

19.03.2017

Şu ýylyň 6—17-nji marty aralygynda Aşgabatda bolan jenap Martin Sommeriň ýolbaşçylygyndaky HPG-niň wekiliýetiniň iş saparynyň jemleri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan giň gerimli özgertmeleriniň üstünliklere beslenmeginiň nobatdaky subutnamasy boldy. Dünýäniň bu esasy maliýe guramasynyň wekilleri türkmen paýtagtynda bolmagynyň çäklerinde ýurdumyzyň käbir ministrliklerinde we edaralarynda, banklarynda, Türkmenistanyň Mejlisinde duşuşyklary geçirdiler.

Dowamy...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

14.04.2017

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy.

Dowamy...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

17.03.2017

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere hem-de resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi.

Dowamy...

Bildiriş.

Hormatly müşderiler!

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynda nagt we nagt däl milli pula fiziki şahsa satylýan nagyt däl daşary ýurt pulunyň hasabyna, fiziki şahsyň SWIFT töleg ulgamynyň üsti bilen özüniň ýa-da maşgala agzalarynyň biriniň daşary ýurtlaryň okuw jaýlaryna okuw we ýaşaýyş tölegleri amala aşyryp bilersiňiz.

Işewürler maslahatyň netijeleri Türkmenistanyň we Kataryň gatnaşyklary işjeňleşdirmäge meýillidiklerini tassyklady

14.03.2017

Şu gün, hormatly Prezidentimiziň Katar Döwletine döwlet saparynyň öňüsyrasynda bu ýerde türkmen-katar işewürler maslahaty geçirildi. Onuň gün tertibine söwda-ykdysady we işewür gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça täze çemeleşmeleri kesgitlemek hem-de ylalaşmak bilen baglanyşykly meseleler girizildi. “St.Regis Doha” myhmanhanasynda geçirilen duşuşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary hem-de dostlukly ýurduň döwlet düzümleriniň we iri kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Dowamy...

Bildiriş.

2017-nji ýylyň aprel aýynyň 10-yndan başlap halkara bank kartlary boýunça Internet üsti bilen hasaplaşyklary täzeden işläp başlaýandygyny Size habar berýäris. “Internet hasaplaşygy” hyzmatyny birikdirmek üçin Türkmenistanyň daşary ykdysady iş bankynynyň halkara bank katlaryny ulanmak hakynda ylalaşygyna 1-nji Goşundysyny dolduryp, tanyşyp gol çekmeli we pasportyň nusgasyny goşmaly. “Internet hasaplaşygy” hyzmatyny birikdirmek boýunça resminamalary Türkmenistanyň ähli ygtyýarly karz edaralaryna we olaryň şahamçalaryna müşderiniň özi tabşyrmalydyr, şeýle hem “SMS we E-mail habarnama” hyzmaty hökmany ýagdaýda birikdirilen bolmalydyr.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde 2017-nji ýylyň birinji çärýeginde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijeleri jemlenildi

05.04.2017

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 2017-nji ýylyň birinji çärýeginde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijelerine bagyşlanan giňişleýin mejlisini geçirdi. Şunuň bilen baglylykda, hasabat döwründe milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň işiniň netijelerine garaldy, degişli hasabatlar diňlenildi we ýerine ýetirilen işlere baha berildi hem-de döwlet durmuşynyň beýleki ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we guramaçylyk meselelerine seredildi.

Dowamy...

Bildiriş.

Kart ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen 2017-nji ýylyň mart aýynyň 25-i senesinden başlap halkara bank kartlary boýunça Internet üsti bilen hasaplaşyklary wagtlaýyn togtadýandygyny habar berýär. Şol sebäpden, “Internet hasaplaşygy” hyzmatyny açmak üçin arzalaryň kabul edilmegini wagtlaýyn togtadylýandygyny Size habar berýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

24.03.2017

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy. Mejlise harby we hukuk goraýjy edaralaryň, käbir ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň käbiriniň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar.

Dowamy...