Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

Katar Döwletiniň Emiriniň Türkmenistana resmi saparyna

06.03.2016

7-nji martda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen düýn agşam ilkinji resmi sapar bilen Aşgabada gelen Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al-Taniniň arasynda gepleşikler geçiriler. Bu ajaýyp waka mynasybetli Türkmenistanyň we Kataryň Döwlet baýdaklary bilen bezelen paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany resmi adamlar garşyladylar.

Dowamy...

Daşary ýurt puluny satmak düzgünlerine üýtgetmeler girizildi

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda Visa, MasterCard halkara töleg ulgamlarynyň kartlary arkaly içerki hem-de halkara tölegleri geçirmäge, bank hasaplarynyň üsti bilen daşary ýurt puluny satyn almaga giň şertler döredildi.

Ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek, bu ugurda öňdebaryjy halkara tejribesini ornaşdyrmak, «Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyýerine ýetirmek maksatlary bilen, 2016-njy ýylyň 12-nji ýanwaryndan başlap ýurdumyzyň çäginde daşary ýurt pullaryny satyn almagy-satmagy amala aşyrýan ygtyýarly karz edaralarynda ýa-da olaryň alyş-çalyş nokatlarynda fiziki şahslara daşary ýurt puluny satmak düzgünlerine birnäçe üýtgetmeler girizilýär.

Şahsy taraplara satylýan daşary ýurt pulunyň aňryçäk möçberini häzirki wagtda ulanylýan her aýda 1000 (bir müň) amerikan dollaryna (ýa-da şoňa barabar möçberde beýleki daşary ýurt pullarynda) deň bolan derejesinde saklamak bilen, şahsy tarapyň satyn alýan daşary ýurt puluny onuň halkara (Visa, MasterCard) plastik kart hasabyna geçirip bermek, şahsy tarapyň daşary ýurt puluny satyn almak üçin töleýän manat serişdelerini diňe onuň manatdaky bank hasabynyň üsti bilen kabul etmek, nagt görnüşde tölemek islese, pul serişdeleriniň gelip çykyşyny tassyklaýan resminamalary talap etmek, bir maşgalanyň agzalarynyň öz aralarynda pul serişdelerini, şol sanda daşary ýurt pulundaky serişdelerini bank hasaplary arkaly erkin geçirip bilmek ýaly şertler döredildi. Şeýle-de şahsy taraplaryň internetiň üsti bilen halkara plastik kartlaryndan töleg geçirip, daşary ýurtlaryň howa ulaglary kompaniýalaryndan uçar peteklerini satyn almak üçin töleglerini şol hasaplardaky daşary ýurt pulunyň çäklerinde bökdençsiz geçirip bermek boýunça mümkinçilik döredildi.

Ýokarda bellenilenler ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklary ösdürmäge, milli töleg ulgamyny kämilleşdirmäge we onuň halkara töleg ulgamyna utgaşmaga mümkinçilikler açýar.

Türkmenistanyň Merkezi Banky (www.cbt.tm)

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2016-njy ýylyň 26-njy fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna we ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine garaldy.

Dowamy...

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi geçirildi

08.01.2016ý. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine ýurdumyzda 2015-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerini jemlemek hem-de ýakyn geljek üçin milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeleri kesgitlemek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Şeýle hem möhüm resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy.

Dowamy...

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy

23.12.2015 ý. Balkan welaýatyna iş sapary bilen gelen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň iri gaz känlerini bir bitewi gaz geçiriji ulgama birleşdiren “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Täze gaz geçiriji Mary welaýatyndaky “Şatlyk” gaz gysyjy stansiýasyndan Hazarýaka sebitindäki “Belek” gaz gysyjy stansiýasyna çenli çekildi. Bu ägirt uly maýa goýum taslamasynyň amala aşyrylmagy milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak, diwersifikasiýalaşdyrmak, eksport kuwwatyny artdyrmak, şol sanda dünýäniň energetika döwletleriniň hataryna girýän ýurdumyzyň baý uglewodorod serişdelerini doly möçberde ulanmagyň hasabyna artdyrmak babatda öňde goýlan wezipeleri çözmäge ýardam eder. Umuman, bularyň hemmesi eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, türkmen halkynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga hyzmat eder.

Dowamy...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2016-njy ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Dowamy...

Türkmenistanyň gymmatly kagyzlar bazarynyň ösüşi

18.12.2015 ý. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Türkmenistanyň Býujet kodeksinde we “Türkmenistanda gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin döwlet maksatnamasynda” göz öňünde tutulan çäreleri ýerine ýetirmek, gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek maksady bilen we “Gymmatly kagyzlar bazary hakyndaky” Türkmenistanyň Prezidendi “Türkmenistanyň döwlet gazna obligasiýalaryny göýbermegiň, ýerlemegiň we üzlüşmegiň meseleleri hakynda” Karara gol çekdi.

Dowamy...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2016-njy ýylyň 5-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň ilkinji aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlendi, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna we ýolbaşçylar bilen bagly käbir meselelere seredildi, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Dowamy...

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berildi

13.12.2015ý. Mary welaýatynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan /TOPH/ gaz geçirijisiniň hem-de “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň ilkinji nobatdakysynyň desgalarynyň gurluşygyna badalga berildi. Bu desgalar başlangyç tapgyrda täze energetika geçirijisiniň serişde binýadyna öwrüler. Dabara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de ýakynda ýurdumyza saparlar bilen gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Nawaz Şarif we Hindistan Respublikasynyň Wise-prezidenti Mohammad Hamid Ansari gatnaşdylar.

Dowamy...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

29.01.2016

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine garaldy.

Dowamy...

Türkmenistanda ýokary derejede halkara maslahaty geçirildi

12.12.2015ý. paýtagtymyzda “Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň ugrunda halkara hyzmatdaşlygy” atly halkara maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin dürli ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlary, dünýäniň ýokary syýasy derejeli wekilleri, abraýly halkara we sebit guramalarynyň, diplomatik toparlarynyň wekilleri Aşgabada ýygnandylar. Foruma, şeýle hem ýurdumyzyň ýolbaşçylar topary, Türkmenistanyň daşary ýurtlarda resmi taýdan bellenilen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Dowamy...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2016-njy ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde Ministrler Kabinetiniň göçme mesjlisini geçirdi. Mejlisde ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere, käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Dowamy...

Türkmenistanyň Prezidenti giňişleýin maslahat geçirdi

09.12.2015 Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, Mejlisiň deputatlarynyň, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda giňişleýin maslahat geçirdi.

Dowamy...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2016-njy ýylyň 15-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine seredildi.

Dowamy...