Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

Türkmenistan - 2014-nji ýylyň netijeleri

09.01.2015ý. 2015-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine 2014-nji ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň netijelerini jemlemek hem-de ýakyn geljek üçin milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň öňünde durýan wezipeler bilen bagly meseleler girizildi.

Dowamy...

MILLIKART we VISA kart saklaýjylar üçin täze hyzmatlar

Kartyň hasabyndaky pul serişdeleriniň hereketi barada “SMS-habarnama” we “Balans soragnamasy”.

“SMS-habarnama” – Siziň Bank kartyňyzy ulanmakda ýerine ýetirýän tölegleriňize gözegçilik edip hasabyňyza aýlyk haky, premiýa, karta goýan pullaryňyz hasaplanandygy barada ýa-da hasabyňyzdan pul serişdesini alynan ýagdaýynda Sizi habardar eder!

Dowamy...

Gazagystan – Türkmenistan – Eýran Halkara Demir Ýolunyň Türkmen – Eýran Böleginiň Açylyş Dabarasy

2014-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedowyň, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň gatnaşmagynda Gazagystan – Türkmenistan – Eýran halkara demir ýolunyň açylyş dabarasy bolup geçdi. Bu taryhy waka sebit we halkara derejesindäki ulag düzüminiň möhüm ähmiýetli bölegine öwürilip, Aziýanyň we Ýewropanyň arasynda has amatly demir ýol gatnawyny üpjün edýän demir ýoluň gurluşygynyň tamamlanmagyny alamatlandyrýar.

Dowamy...

Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi iş sapa

2014-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew Türkmenistana iş sapary bilen geldi. Goňşy döwletiň Prezidentiniň ýurdumyza bu sapary mizemez dostluga we doganlyga daýanýan döwletara gatnaşyklaryň taryhyna täze möhüm sahypany ýazar. Şol gatnaşyklar bolsa iki goňşy halky gadymdan bäri berk baglaşdyrýar. Täze taryhy eýýamda türkmen – gazak hyzmatdaşlygy täze ösüşe we many-mazmuna eýe boldy.

Dowamy...

Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde karbamid öndürýän zawodynyň gurluşygyny maliýeleşdirilmegi barada

(17.05.2014) Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň himiýa pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini has-da artdyrmak maksady bilen Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde karbamid öndürýän zawodynyň gurluşygyny maliýeleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna gol çekildi.

Dowamy...

TDYB we JBIC banklaryň arasyda Karz ylalaşyk

2013-nji ýylyň 12-nji Sentýabrynda Tokiýa şäherinde (Ýaponiýa) geçen "Ygtybarly hyzmatdaşlygyň röwşen gelejegi" atly Türkmen – Ýapon forumynda, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň we Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIC) arasynda Karz ylalaşyga gol çekildi. Bu ylalaşyk Türkmenabat şäherinde "Türkmenhimiýa" Döwlet konserniniň kükürt turşulygynyň monogidratyny öndürýän täze sehynyň gurluşygynyň maliýeleşdirmegini göz öňünde tutýar.

Dowamy...

Aşgabatda täze şahamça açyldy

Hormatly müşderiler!

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky Aşgabat şäheriniň 10-ýyl Abadançylyk köçesiniň 160-njy jaýy salgysynda Aşgabat şahamçanyň açylandygyny Size habar berýär.

Dowamy...

Awaza şahamça täze bina göçdi

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ýerleşýän Awaza şahamçasynyň täze bina göçendigini habar berýäris! Indi Biziň müşderilerimiz Bankyň hyzmatlary üçin şu salgy boýunça hem ýüz tutup bilerler.

Salgysy: Balkan welaýatynyň, Türkmenbaşy şäheri, Bahry – hazar köçesi bina- №17 .

Tel: 2-58-17, 2-21-47

2013-nji ýylyň netijeleri

(20.01.2014ý) 2013 ýylda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň işi Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň yzygiderli ösüşi ýagdaýynda alynyp baryldy. Geçen ýylyň jemleri hem 2013-nji ýylda Bankyň işiniň üstinlikli bolandygyna şaýatlyk edýär. Ýylyň netijeleri boýunça:

Dowamy...