Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

 

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

 

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň we BMGÖM-niň arasynda “Telekeçiligi goldamak we bank ulgamyna sanly ulgamy ornaşdyrmak” atly taslamanyň çäginde bank işgärleri üçin rus hünärmenleri tarapyndan Iýun aýynyň 3-9 aralygynda okuw sapagy geçirildi.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynda bank işgärleri üçin “Banklar üçin öýjükli we Internet-platformalar” atly tema boýunça onlaýn-okuw sapagy geçirilýär. Okuw sapagy rus hünärmenler tarapyndan geçirilýär: elektron pullar we pul geçirimler bazaryna gatnaşyjylar Assosiasiýasynyň Geneşiniň başlygy (AED), Sankt-Peterburg Döwlet uniwersitetiniň paýlanan reýestrleriň tehnologiýalar Merkeziniň ylmy ýolbaşçysy Wiktor Dostow we AED-ň ýerine ýetiriji direktory, Sankt-Peterburg Döwlet uniwersitetiniň paýlanan reýestrleriň tehnologiýalar Merkeziniň ylmy ýolbaşçysynyň orunbasary Pawel Şust.

Okuw sapagy üç bölümi öz içine alýar:

- Hyzmat etmek üçin müşderleri kabul etmek;

- Howpsuzlyk derejesini ýokarlandyrma çäreleri;

- Internet-banking.

Şeýlelik bilen, “Hyzmat etmek üçin müşderileri kabul etmek” we “Şertnamalar we ylalaşyklar” atly temalar müşderini identifikasiýa we werifikasiýa meselelerine (Russiýa banklarynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň banklarynyň tejribesine baglylykda) hem-de şertnamalary baglaşmagyň (hut özüniň bolmagy, uzakda bolmagy, elektron gollarynyň kömegi bilen) we şertnamalary resmileşdirmegiň dürli usullaryna bagyşlandy.

“Interfeýsler we önümler” şeýle-de, “Loginler we parollar - autentifikasiýa çemeleşmeleri” atly temalar boýunça umumy sapaklaryň dowamynda diňleýjiler tehnologik önümleriň dürli görnüşleri we biri-biri bilen özara baglanyşygy (interfeýsleriň ösüş taýdan geljegi bolan; web-wersiýa we internet-bankingyň öýjükli wersiýasy; Apple Pay, Google Pay serwisler; USSD we SMS-banking we ş.m.), şeýle hem autentifikasiýanyň çäginde loginleriň we parollaryň işleýiş ýörelgeleri bilen tanyşdylar.

“Internet-bankingyň işleýşi” we "Töleg kartlary: müşderiler üçin täze teklipler" atly temalara seredilende, internet-bankingy döretmek üçin iň gowy tejribeler görkeziljekdir (bank içindäki geçirimler, tölegleriň görnüşleri, çatlara we çat-botlara seslenme, şahsy maliýe dolandyryşy we ş.m.), şeýle hem töleg kart ulgamynda täze işläp taýýarlamalar (wirtual kartlar, QR-kodlary arkaly tölegler,”cash back” hyzmaty we ş.m.).

“Internet-banking içindäki howpsuzlyk” we “Galplygyň tipologiýasy” atly soraglar diňleýjileri iki basgançakly identifikasiýa, bir gezeklik parollar, ulgamdan awtomatiki ýagdaýda çykmak, şübheli amallary yzarlamak we beýleki çäreler arkaly howpsuzlygy üpjün etmegiň usullary bilen tanyşdyrarlar. Şeýle hem, jenaýatçylar tarapyndan ulanylýan adaty galp shemalary (“karty blokirleme”, garyndaş, satyjy, bank işgäri bolan bolýan hilegärler we ş.m.) we zyýan ediji programma üpjünçiliginiň görnüşleri, şeýle hem töwekgelçilikleri azaltmak çäreleri beýan ediler.