Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

 

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

 

10-njy iýunda Birleşen Arap Emirliklerinde gulluk iş saparynda bolýan türkmen wekiliýeti bilen Abu-Dabiniň ösüş gaznasynyň wekilleri Türkmenistandaky taslamalaryň maliýeleşdirilmegi bilen bagly umumy bahasy 100 million dollarlyk maýa goýum Ähtnamalaryna gol çekişdiler.

Resminamalara laýyklykda, Jebelde (Balkan welaýatynda) sagatda 100 ýolagçy kabul etmäge mümkinçiligi bolan howa menzilini we bahasy 25 million dollara deň bolan alternatiw energiýa taslamasynyň maliýeleşdirilmegi göz öňünde tutulýar. Möhüm resminamalara Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahimberdi Jepbarow bilen Abu-Dabiniň ösüş gaznasynyň baş müdiri Muhammet Saif Al Suwaidi tarapyndan gol çekildi. Gol çekişlik dabarasyna wise-premýer, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow we iki ýurduň degişli wekilleri gatnaşdylar.