Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

 

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

Yslam ösüş bankynyň Sebitleýin ofisi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkin bolan ulgamlaryny öwrenýär

Aşgabat, Türkmenistan, 2021-nji ýylyň 27-28-nji maýy. Yslam ösüş bankynyň Almatydaky Sebitleýin ofisi häzirki bilelikdäki alnyp barylýan işleriň ýagdaýyny gözden geçirmek we Türkmenistanyň Hökümeti üçin ileri tutulýan ulgamlarda hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek üçin şertleri öwrenmek maksady bilen YÖB-nyň Türkmenistan boýunça dolandyryjysy, ministrlikler we ýerine ýetiriji edaralar bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyklary geçirdi.

Maslahatyň barşynda Almatydaky Sebitleýin ofisiň ýolbaşçysy jenap Ibragim Şukri Yslam ösüş bankynyň Türkmenistan boýunça dolandyryjysy (Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy) jenap Rahymberdi Jepbarowy YÖB-niň Agza döwletler bilen hyzmatdaşlyk strategiýasyna (ADHS), Gymmaty emele getirmegiň global zynjyryny (GEGGZ) ösdürmäge we ösüşi maliýeleşdirmegiň alternatiw gurallaryny döretmäge, şeýle hem bitewi maliýe serişdelerine we çözgütlerine daýanýan täze işewürlik modeli (TIM) bilen tanyşdyrdy. Şeýle-de ol YÖB Toparynyň Strategiki taýýarlyk we hereket ediş Maksatnamasynyň (STHEM) esasynda Türkmenistany goldamaga taýýardygyny nygtady. Bu maksatnama agza döwletlere global pandemiýanyň netijelerine garşy göreşmekde ýardam bermegi maksat edinýän YÖB Topary üçin wajyp maksatnama bolup durýar.

Ýörite mejlis YÖB-nyň Özara aragatnaşyk Maksatnamasynyň tanyşdyrylyşyna, saglygy goraýyş ulgamynyň syýasatyna bagyşlandy, şeýle hem STHEM we COVID-19 ýokanjyna garşy sanjym bilen üpjünjünçiligi gowulandyrmak arkaly agza döwletleri goldamaga gönükdirilen waksinalara elýeterlilik ulgamy (IVAC) babatda maglumat alşyldy. SMHYK-nyň, HPÖYK-nyň, MGÄEKYK-nyň wekilleri onuň alyhezretleri jenap Dolandyryjyny öz ýurtlarynda alyp barýan işleri bilen tanyşdyrmak mümkinçiliginden peýdalandylar.

Jenap Ibragim Şukri ýurtda YÖB Topary tarapyndan energetika, ulag, IT we saglygy goraýyş ulgamlarynda durmuşa geçirilen täsirli taslamalaryň birnäçesi hakynda durup geçdi.

Öz gezeginde YÖB-nyň Türkmenistan boýunça dolandyryjysy Türkmenistan bilen YÖB Toparynyň arasyndaky gatnaşyklara ýokary baha berdi. dolandyryjy Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan minnetdarlyk bildirdi we Hökümet tarapyndan öňde goýlan ösüş maksatlaryna ýetmekde YÖB-na Türkmenistanyň iň ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde hoşallyk bildirdi. Esasan hem Türkmenistandaky sebit derejeli taslamalary (Demirgazyk – Günorta demir ýol geçelgesi, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hytaý gaz geçirijisi) goldamakda YÖB-nyň uly goşandy bellenildi.

Dolandyryjy Türkmenistanyň Hökümetiniň jemgyýetçilik-ykdysady ösüş maksatlaryna ýetmek üçin senagat pudagyny ösdürmek hem-de hususy pudagyň täsirini artdyrmak bilen eksport mümkinçiliklerini we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmek arkaly ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga uly ähmiýet berýändigi barada Almatydaky Sebitleýin ofise habar berdi. Bu wezipeler bilen baglylykda we öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin Dolandyryjy YÖB-nyň Täze Işewürlik Modeliniň aýratynlyklaryny öwrenmäge gyzyklanma bildirdi we ony işläp düzmek maksady bilen geljekki hyzmatdaşlyk üçin YÖB Topary bilen özara gatnaşyklara taýýardygyny mälim etdi.

Duşuşygyň ahyrynda jenap Rahymberdi Jepbarow onuň alyjenaby Yslam ösüş bankynyň prezidenti Bandar Hajara resmi sapar bilen Türkmenistana gelmegi üçin resmi çagyryş ugratdy.

Türkmenistan YÖB-niň düzümine resmi taýdan 1994-nji ýylda girdi. Türkmenistan - ortadan ýokary girdejisi, 6,1 million (2021) ilaty bolan we meýdany boýunça Merkezi Aziada ikinji ýurtdur. Türkmenistan - Merkezi Aziýada ýerleşýän 488.100 inedördül kilometr meýdany bolan, deňze çykalgasy bolmadyk we esasan çöllük ýurtdur. Türkmenistan Owganystan we Özbegistan bilen araçäkleşýär hem-de Eýran we Gazagystanyň aralygynda, günbatarda Hazar deňzine çykalgasy bar.