Türkmenistanyň Döwlet Daşary
Ykdysady Iş Banky

 

 

 

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky “Türkmen maýa goýum kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň esaslandyryjysy hökmünde onuň gaznasynyň paýnamalarynyň 50 göterimine eýe bolar. Bu kompaniýanyň döredilmegi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Dubaýa bolan saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda 9-njy oktýabrda gol çekilen “Türkmen maýa goýum kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek hakyndaky Ylalaşyk esasynda kesgitlenildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde wise-premýer Serdar Berdimuhamedow döwlet Baştutanyna Ylalaşygy durmuşa geçirmek barada hasabat berdi. Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna “Türkmen maýa goýum kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini esaslandyryjy hökmünde çykyş etmäge ygtyýar berýän Karara gol çekdi. Gurbanguly Berdimuhamedow degişli düzümiň işinde milli we sebit ähmiýetli täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin daşary ýurtlaryň iri işewür düzümleriniň hem-de abraýly halkara maliýe edaralarynyň maýa serişdelerini çekmegiň wajypdygyny belledi. Şonuň bilen birlikde hem, döwlet Baştutany maýa serişdelerini maksadalaýyk ulanmak, daşary ýurt maýalaryny çekmek we olaryň ygtybarly goragyny üpjün etmek maksady bilen, degişli kadalaşdyryş binýadyny kämilleşdirmek babatda anyk görkezmeleri berdi.