Türkmenistanyň Döwlet Daşary
Ykdysady Iş Banky

 

 

          Türkmenistan häzirki taryhy döwürde dünýä jemgyýetçiliginiň ähli ugurlar babatdaky ösüşine laýyk gelýän özgertmeleri tapgyrlaýyn durmuşa ornaşdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň milli ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmak babatda dünýä tejribesini özleşdirmek bilen, raýatlara döredilýän şertlerde döwrebaplyk ýörelgelerinden ugur alynýar. Ýurdumyzda durnukly ykdysady ösüşiň çäklerinde mundan beýläk hem ösdürmek bilen bagly birnäçe döwlet maksatnamalary, meýilnamalar durmuşa geçirilýär. Bu maksatnamalaýyn işleriň çygrynda ýurduň maliýe-bank ulgamynyň hem özboluşly ähmiýete eýe bolup durýandygyny bellemek zerur.

          Milli özygtyýarlylygyny gazanmak bilen özbaşdak dolandyryş ulgamyny, şol sanda milli maliýe-bank ulgamyny döreden Türkmenistan döwletimiz asyryň sepgidinde uly ösüşlere ýetdi. Bu ösüşleriň şerti hökmünde degişli pudagyň işinde öňdebaryjy tejribä, ylmyň soňky gazananlaryna eýerip, dünýäniň ykdysady ulgamyna goşulyşmagyň işjeňleşdirilmegini, ykdysadyýetiň pudaklarynyň arasyndaky baglanyşygyň üpjün edilmegini gazanmaly.

          Halkara maliýe-bank ulgamyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmeginde, iri maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek we dolanyşyk serişdelerini üpjün etmekde hem-de raýatlara edilýän hyzmatlaryň ýeňillikli amal edilmeginde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky hem baý tejribä eýedir. Bu bankyň dünýäniň ykdysady ulgamynyň ösüşinden gelip çykýan wezipeleri yzygiderli durmuşa geçirmek bilen maýa goýum syýasatyny ilerletmekde, bu babatda daşary ýurt kompaniýalaryny hyzmatdaşlyga işjeň çekmekde mynasyp tagallalaryny bellemek gerek. Ilkinji nobatda hem, bankyň ýurt garaşsyzlygy bilen deň taryhynyň, barabar ösüşiniň bardygyny aýtmak bolar. Sebäbi ýurdymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýylynyň bellenilmeginiň yz ýanyndan “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip yglan edilen bu täze ýylda bankyň döredilmegine hem 30 ýyl dolýar.

          Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna eýe bolmagynyň yzysüre, has takygy  1992-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň döredilmegi bilen döwletimiziň milli maliýe-bank ulgamynda özboluşly özgeriş boldy. Aýratyn-da, Türkmenistanyň maýa goýum syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde bankyň uly goşandy bolup, Türkmenistan özbaşdak döwlet hökmünde dünýäniň ykdysady ulgamyna işjeň goşuldy.

          Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky Watanymyzyň Garaşsyzlyk eýýamyna gadam basmagy bilen Döwlet maksatnamalary durmuşa geçirilmegine gatnaşdy. Has anygy, bank häzirki wagta çenli birnäçe möhüm halkara hyzmatdaşlyklary ýola goýdy. Olaryň hatarynda halkara maliýe guramalary, daşary ýurt banklary, ätiýaçlandyryş kompaniýalary we beýlekiler bilen işjeň gatnaşyklar dowam etdirilýär. Milli ykdysadyýetiň strategik pudaklarynyň döwlet kärhanalary, dünýäniň öňdebaryjy daşary ýurt korporasiýalary we hususy kompaniýalar bankyň müşderileriniň esasyny düzýär. Soňky ýyllarda Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlarynyň, esasan hem Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Hytaýyň, Singapuryň, Birleşen Arap Emirliginiň, Saud Arabystan Patyşalygynyň we beýleki döwletleriň öňdebaryjy maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk işjeň häsiýete eýe boldy.

          Häzirki wagtda bank dünýäniň 20 ýurdunyň 50-den gowrak daşary ýurt banklary bilen hyzmatdaşlyk saklaýar. Bu bolsa halkara hasaplaşyklaryny we müşderileriň tabşyryklary boýunça tölegleri çalt hem-de netijeli amala aşyrmaga ýardam edýär. Bank halkara banklary we ösüş gaznalary bilen hyzmatdaşlyk pudagynda, Yslam Ösüş banky (YÖB), Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş banky, OPEK gaznasy we beýleki banklar, gaznalar bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky Türkmenistanyň hökümetiniň adyndan 1994-nji ýylyň 13-nji sentýabryndan bäri Yslam Ösüş Bankynyň agzasy, 2001-nji ýylyň 20-nji oktýabryndan bäri Hususy Pudagy Ösdürmek boýunça Yslam Korporasiýasynyň agzasy, 2019-njy ýylyň 14-nji aprelinden bäri Maýa Goýumlary we Eksport Karzlary Ätiýaçlandyrmak boýunça Yslam Korporasiýasynyň agzasy, şeýle-de 2021-nji ýylyň 22-nji dekabryndan bäri Söwdany Maliýeleşdirmek boýunça Halkara Yslam Korporasiýasynyň agzasy bolup çykyş edip gelýär.

          Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösmegi onuň ulag we ýangyç-energetika, senagat, söwda, oba hojalygy, gurluşyk we beýleki pudaklarynda we hyzmatlar ulgamynda öndürijilikli netijeleriň günsaýyn artmagyna esaslanyp, häzirki wagtda bu ugurlar depginli ösdürilýär. Şunlukda bolsa ýurdumyzyň ykdysady ösüşi ýokary derejedäki serişde mümkinçiligi, islegleriň durnuklylygy, şeýle hem ýurdy ösdürmegiň nebit-gaz, ulag we kommunikasiýa, ýangyç-energetika ýaly ileri tutulýan ugurlara gönükdirilýän köp mukdardaky ýerli we daşary ýurt maýa goýumlary bilen üpjün edilýär.

          Türkmenistanyň mümkinçilikleriniň açylmagynda we ähli pudaklaryň işiniň ilerlemeginde daşary ýurtly maýa goýujylaryň hyzmaty uly bolup, olar ýurdumyzda köp sanly iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegine goşant goşýarlar. Esasan-da, olaryň degişli taslamalary maliýeleşdirmeginde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň daşary ýurtly taraplar bilen baglaşan şertnamalary hem-de ylalaşyklary uly hyzmata eýedir. Şunuň bilen baglylykda, milli eksport-import we eksport ätiýaçlandyryş gulluklary bilen hyzmatdaşlyk babatda Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk banky, Hytaýyň, Koreýanyň, Eksport-Import banklary, Germaniýadaky Germes, Koreýanyň K-SURE, Şweýsariýanyň SERV, Italiýanyň SACE we Beýik Britaniýanyň UKEF eksport karz agentleri bilen işewürlik, hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýdy. Bu bolsa öz nobatynda milli ykdysadyýetiň möhüm pudaklarynda taslamalary maliýeleşdirmegiň esasy çeşmelerini kesgitleýär.

          Diýarymyzyň dürli künjeklerinde ykdysadyýetiň möhüm pudaklaryna degişli desgalaryň taslamalarynyň amal edilmeginde bank möhüm orun eýeleýär. Bank bu babatda karz ylalaşyklarynyň baglaşylmagynda wajyp hyzmaty ýerine ýetirýär. Maliýe-bank işini alyp barmakda bankyň esasy maksady daşary ýurt maýa goýujylaryny taslamalara çekmekden ybaratdyr. Bu ugurda bolsa geçen 30 ýylyň dowamynda durmuşa geçirilen taslamalardyr degişli işler sanardan kän bolup, diňe soňky ýyllaryň dowamynda iri taslamalaryň onlarçasy durmuşa ornaşdyryldy.

          Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, ýagny soňky ýyllarda daşary ýurt kompaniýalary bilen karz ylalaşyklarynyň hasabyna birnäçe giň gerimli taslamalaryň gurluşygy alnyp baryldy. Gyýanlyda polipropilen we polietilen önümçiligi boýunça zawodyň gurluşygy, Garabogazda karbamid zawody hem-de Owadandepede gazy gaýtadan işlemek we ondan benzin öndürmek boýunça senagat toplumy, şeýle-de Mary şäherinde ammiak we karbamid öndürýän zawodlar toplumy we beýleki iri önümçilik desgalary guruldy we ýurdymyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak üçin mümkinçilikler döredildi.

          2018-nji ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky Germaniýanyň iri “Commerzbank AG” banky bilen ýurdumyzyň Oba we suw hojalyk ministrligi üçin Ýewropanyň (GFR, Fransiýa, Italiýa, Niderlandlar) önümçiligi bolan oba hojalyk tehnikalarynyň getirilmegini maliýeleşdirmek boýunça jemi bahasy 121 million 82 müň 500 ýewro bolan karz ylalaşygyny, 2018-nji ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň energiýa ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamany maliýeleşdirmek üçin Aziýanyň ösüş banky bilen umumy bahasy ABŞ-nyň 500 million dollary bolan ylalaşyga gol çekilmegini we beýleki onlarça taslamalary we önümçilik düzümlerini bank tarapyndan ýola goýlan maýa goýum taslamalaryna deliller hökmünde görkezmek bolar.

          Bulardan başga-da, daşary ýurt maýa goýujylarynyň çekilmegi bilen amal edilýän maýa goýum taslamalary ýylsaýyn artýar. Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak we bu ugurda taslamalary maliýeleşdirmek üçin hem Yslam Ösüş bankynyň Hususy ulgamy ösdürmek boýunça Yslam korporasiýasy bilen ABŞ-nyň 10 million dollary möçberinde maliýe ylalaşygyna gol çekildi we bu karz serişdeleri 2020-nji ýylda doly özleşdirildi. “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek babatda häzir “Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan” gaz geçirijisiniň ýurdumyzyň çägindäki böleginiň gurluşygyny maliýeleşdirmek boýunça halkara maliýe guramalary we banklary bilen degişli işler dowam etdirilýär. Bu gaz geçirijiniň Türkmenistanyň çägindäki ähli gurluşyk işlerini gurnamak hem-de turbalaryň we degişli enjamlaryň satyn alynmagyny maliýeleşdirmek boýunça Yslam Ösüş banky bilen degişli karz ylalaşyklaryna gol çekildi.

          Golaýda hem Yslam ösüş bankyndan we OPEK Halkara ösüş gaznasyndan iki sany “Ro-Ro” görnüşli gämini we bir sany ýük gämisini gurmak boýunça taslamalary maliýeleşdirmek üçin karz serişdelerini çekmek ylalaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, degişli ylalaşyklary baglaşmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň 2019-njy ýylda Italiýa döwletine bolan resmi saparynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Italiýanyň Adipson Ind. Srl kompaniýasynyň arasynda gol çekilen Memorandum esasynda Lebap welaýatynda buýan köküni gaýtadan işläp, ýylda 390 tonna glisirrizin turşusyny öndürýän kärhanany gurmak işlerini maliýeleşdirmek meýilleşdirilýär.

Şeýle hem bank tarapyndan nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek, raýatlara hödürlenilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak hem-de innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak maksady bilen, “VISA” halkara töleg ulgamy bilen bilelikde “Milli VISA karty”, “Owerdraft karty” ýaly bank kartlarynyň döredilendigini hem-de “Elektron söwda”, “Internet-banking” hyzmatlarynyň işe girizilendigini bellemek bolar. Maýa goýumlaryny işjeň çekmek Baş maksady bolan bankyň içerki serişde dolanyşygyny, bank amallaryny hem beýleki banklar bilen deň depginde alyp barmagy Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň tejribesiniň hemmetaraplaýyn häsiýete eýedigini aýdyň görkezýär.

          Häzirki döwrüň geljegi uly ugurlarynyň biri hem döwrebap tehnologiýalary, şol sanda töleg kartlarynyň işjeňleşdirilmegine esaslanýan nagt däl hasaplaşyklaryň usulyny giňden ornaşdyrmak bolup durýar. Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky sanly ulgamyň esasy şertleriniň biri bolan resmi web saýtyny milli banklardan ilkinji bolup ulanyşa girizdi, “VISA” kartlaryň ulanylyşyny, nagt däl hasaplaşygy, “Internet-banking” hyzmatyny, umuman dünýä tejribesinden gündelik özleşdirilýän we milli şertlere laýyklykda ulanyşa goýberilýän işleri ilkinjileriň hatarynda ýola goýdy.

          Birleşen Milletler Guramasy we “PricewaterhouseCoopers Audit S.R.L.” maslahatçy kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde Türkmenistanda ilkinji gezek 2019-njy ýylyň netijeleri boýunça bankyň maliýe hasabatlary halkara standartlarynyň “Maliýe gurallary” atly 9-njy standartynyň täze görnüşine laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Has takygy, Döwlet daşary ykdysady iş banky ýurdumyzda ilkinji bolup, MSFO-9 (maliýe hasabatlylygynyň halkara ölçegi) laýyklykda maliýe hasabatlylygyna geçdi. Onuň yzysüre bolsa 2020-nji ýylyň netijeleri Beýik Britaniýanyň “Financial Times” abraýly neşiriniň “The Banker” žurnalynyň nobatdaky ýokary derejeli baýragy bilen tassyklanylyp, ol Döwlet daşary ykdysady iş bankyny eýýäm 14-nji gezek Türkmenistanda iň gowy banklaryň hatarynda görkezdi. Bu bolsa bankyň döwrüň ösüşleri bilen aýakdaş gidýändigini ýene bir ýola subut etdi.

          Ýene bir bellemeli ilkinji taslamalaryň biri hökmünde, dünýäniň ykdysady ulgamynyň tejribesine eýerýän milli maliýe-bank ulgamynyň maýa goýum syýasatynyň ösmegine itergi berjek nobatdaky işleriň hatarynda milli Liderimiziň Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň “Türkmen maýa goýum kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň esaslandyryjysy hökmünde çykyş edýändigi bilen bagly karara gol çekmegini görkezip bileris. Täze edaranyň işiniň ýola goýulmagy maýa goýum syýasatynyň has ilerlejekdigine güwä geçýär. Bu hem öz gezeginde ýurduň netijeli ykdysady özgertmesi bolup, ähli pudaklaryň işi bilen utgaşykly sazlaşygy emele getirýär.

          Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň soňky 10 ýylda gazanan netijelerine nazar salnanda, esasy görkezijileriň ösüş depgininiň ýylsaýyn artýandygyna göz ýetirmek bolýar. Şeýlelikde aktiwleriň hasabyna gelip çykýan netijeler tapawutly görkezijilere eýe bolup, 2012-nji  ýylda 9 226,2 million manada deň bolan bolsa, 2021-nji ýylda 30 012,1 million manada barabar bolup takmynan 3 esse ýokarlandy. Şeýle hem bankyň karz bukjasy 2012-nji ýylda 2 940,4 million manat bolup, 2021-nji ýylda bu görkeziji 15 531,6 million manada çenli ýokarlandy.

          Görkezijileriň hatarynda degişli ýyllaryň statistikasyna görä, bankyň ýerine ýetirýän hyzmatlaryndan gelýän arassa peýdanyň hem ýokary depginde artandygyny bellemek bolar. Şunda 2021-nji ýylda gazanylan 213,6 million manatlyk arassa peýdanyň 10 ýyl mundan öňki degişli netijeden, has takygy   2012-nji ýylyň netijesi boýunça gazanylan 40,4 million manatdan bäş esse töweregi ýokarydygyny görmek bolýar.

          Bankyň esasy görkezijileriniň ösüş depgininde soňky ýyllar boýunça maýanyň ýyllyk hasaby barada aýdylanda, onuň 2012-nji ýylda 366,3 million manat möçberine barabar netijesi bolan bolsa, 2021-nji ýylyň netijelerine laýyklykda ol 1 545,1 million manada ýetdi.

          Bankyň 30 ýyllyk taryhynda diňe daşary ýurt çekilen maýa goýumlaryň sany 153 sany bolup ABŞ-nyň 12.3 milliard dollaryna (43 milliard manat) barabar boldy. 

Jemläp aýtsak, taryh üçin uly bolmadyk 30 ýyllyk döwürde ýokary ykdysady kuwwata eýe bolan Türkmenistan döwletimiziň ösüşlerine mynasyp goşant goşýan Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň hem Garaşsyz döwletiň gadamlary bilen aýakdaş ösüşi ýylsaýyn artýar. Aslynda, ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň her bir ulgamynyň ösüşi Garaşsyzlyk düşünjesine kesgitlemedir, onuň aýdyň beýanydyr. Milli bank ulgamynyň işiniň ösüşlerini hem buýsançly taryh sahypalaryna altyn harplar bilen beýan etmek bolar.