Türkmenistanyň Döwlet Daşary
Ykdysady Iş Banky

 

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda maýa goýum işjeňligini has-da ösdürmek we ilerletmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu ugurda halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygyň esasynda döwrebap maýa goýum tejribeleri ornaşdyrylýar.

        Türkmenistanyň maýa goýum syýasatyny dünýä tejribesine laýyklykda durmuşa geçirmek üçin Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi Ösüş Gaznasynyň bilelikde gatnaşmagynda «Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti döredildi.

        Hormatly işewürler, Sizi, «Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň üsti bilen Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösdürilmegine gönükdirilen strategiki taslamalara maýa goýum goýmak isleýän halkara maýadarlaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmaga we bu ugurda hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýarys.

Biziň salgymyz: Aşgabat ş. Garaşsyzlyk şaýoly, 32 jaýy (TDDYIB)

Telefon belgilermiz: +993(12) 48 19 28, 48 19 38

Elektron poçta salgymyz: turkmeninvest@sanly.tm