Türkmenistanyň Döwlet Daşary
Ykdysady Iş Banky

 

          Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly  Baştutanlygynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen ýylda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň döredilmegine 31 ýyl doldy. Ýurdumyzyň taryhy ösüşinde, aýratyn-da Türkmenistan döwletimiziň dünýäniň ykdysady ulgamyna işjeň goşulmagy netijesinde daşary ýurtlaryň maliýe guramalarydyr banklary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň döredilmegi milli ykdysadyýetiň ösdürilmeginde möhüm ädim boldy.          1992-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň döredilmegi Döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine uly itergi berdi. Häzirki wagta çenli bankyň döredileninden bäri geçen 31 ýylyň dowamynda daşary ykdysady gatnaşyklarda Garaşsyzlygyň ösüşli ýoly bilen aýakdaş işler ýerine ýetirildi. Şunuň bilen birlikde hem, bank birnäçe möhüm halkara hyzmatdaşlyklaryň açylmagyna giň goşant goşdy. Olaryň hatarynda halkara maliýe guramalary, daşary ýurt banklary, ätiýaçlandyryş kompaniýalary we beýlekiler bilen häzire çenli dowam etdirilýän işjeň gatnaşyklary bellemek bolar.

          Häzirki wagtda bankyň müşderileriniň esasyny Milli ykdysadyýetiň strategik pudaklarynyň döwlet kärhanalary, dünýäniň öňdebaryjy daşary ýurt korporasiýalary we hususy kompaniýalar düzýär. Soňky ýyllarda Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlarynyň, esasan hem Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Hytaýyň, Singapuryň, Birleşen Arap Emirliginiň, Saud Arabystany Patyşalygynyň we beýleki döwletleriň öňdebaryjy maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk täze derejelere çykaryldy.

          Bank halkara banklary we ösüş gaznalary bilen hyzmatdaşlyk pudagynda Yslam Ösüş banky (YÖB), OPEK gaznasy we beýleki banklar, gaznalar bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky Türkmenistanyň hökümetiniň adyndan Yslam Ösüş Bankynyň, Hususy Pudagy Ösdürmek boýunça Yslam Korporasiýasynyň, Maýa Goýumlary we Eksport Karzlary Ätiýaçlandyrmak boýunça Yslam Korporasiýasynyň, şeýle-de Söwdany Maliýeleşdirmek boýunça Halkara Yslam Korporasiýasynyň agzasy bolup gelýär.

          Türkmenistanyň mümkinçilikleriniň açylmagynda we ähli pudaklaryň işiniň ilerlemeginde daşary ýurtly maýa goýujylaryň hyzmaty uly bolup, olar ýurdumyzda köp sanly iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegine goşant goşýarlar. Esasan-da, olaryň degişli taslamalary maliýeleşdirilmeginde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň daşary ýurtly taraplar bilen baglaşan şertnamalary hem-de ylalaşyklary uly hyzmata eýedir. Bu bolsa öz nobatynda milli ykdysadyýetiň möhüm pudaklarynda taslamalary maliýeleşdirmegiň esasy çeşmelerini kesgitleýär.

          Soňky ýyllarda bank tarapyndan daşary ýurt karzlarynyň çekilmegi netijesinde ýurdumyzda köpsanly taslamalaryň we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy ýola goýuldy. Bu ugurda hyzmatdaşlyk etmekde bank Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk banky, Hytaýyň we Koreýanyň Eksport-Import banklary, Germaniýadaky «Germes», Koreýanyň «K-SURE», Şweýsariýanyň «SERV», Italiýanyň «SACE», Beýik Britaniýanyň «UKEF» eksport karz agentleri, ABŞ-nyň «Deere Credit» kompaniýasy, Germaniýanyň «Commerzbank AG» banky, Aziýanyň Ösüş banky, Şweýsariýanyň «Credit Suisse» banky, OPEK Halkara ösüş gaznasy, Abu Dabi ösüş gaznasy, şeýle-de «ING» banky ýaly banklar we guramalar bilen karz hyzmatdaşlygy alnyp baryldy. Şonuň netijesinde bolsa karz serişdelerini çekmek bilen baglylykda, ýurdumyzyň möhüm pudaklarynda özgertmeler durmuşa geçirildi.

          Daşary ýurtlaryň banklary we kompaniýalary bilen karz ylalaşyklarynyň baglaşylmagy iri taslamalaryň onlarçasyna esas boldy. Bu taslamalaryň hatarynda Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezini gurmak hem-de gaz turbinaly desgalary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak («Credit Suisse» & «Commerzbank AG»), Oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak («Deere Credit»), Telekeçi fiziki we ýuridik şahslarynyň amala aşyrýan taslamalaryny maliýeleşdirmek (OPEK Halkara ösüş gaznasy), Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda köpugurly elektrik stansiýasynyň gurluşygyny, Balkan welaýatyň Jebel şäherinde howa menzil toplumynyň gurluşygyny, Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda garyşyk dökünleri öndürýän önümhananyň gurluşygyny maliýeleşdirmek (Abu Dabi ösüş gaznasy), «Sumitomo Corporation» kompaniýasynyň «Toyota» kysymly awtoulaglary hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny we sarp ediş serişdelerini satyn almak ýaly taslamalary («ING» banky) mysal hökmünde görkezmek bolar.

          «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek babatda häzir «Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan» gaz geçirijisiniň ýurdumyzyň çägindäki böleginiň gurluşygyny maliýeleşdirmek boýunça halkara maliýe guramalary we banklary bilen degişli işler dowam etdirilýär. Bu gaz geçirijiniň Türkmenistanyň çägindäki ähli gurluşyk işlerini gurnamak hem-de turbalaryň we degişli enjamlaryň satyn alynmagyny maliýeleşdirmek boýunça Yslam Ösüş banky bilen degişli karz ylalaşyklaryna gol çekildi.

          Bu agzalyp geçilenlerden başga-da, daşary ýurtlaryň ýokary derejeli banklary hem-de maliýe kompaniýalary bilen karz we maýa goýum hyzmatdaşlyklarynyň bankyň döredileninden bäri geçen 31 ýylyň dowamynda örän köp amala aşyrylandygyny nygtamak gerek. Çünki halkara giňişliginde ykdysady gatnaşyklaryň özara bähbitli, parahatçylyk, düşünişmek hem-de birek-birege ygrarlylyk ýörelgelerine eýerilip dowam bolýar.

          Häzirki wagta çenli bank tarapyndan nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek, raýatlara hödürlenilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak hem-de innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak maksady bilen hem «VISA» halkara töleg ulgamy bilen bilelikde «Milli VISA karty», «Owerdraft karty» ýaly bank kartlary döredildi, şeýle-de sanlylaşdyrmak işlerinde «Elektron söwda», «Internet-banking» hyzmatlary işe girizildi. Baş maksady maýa goýumlary işjeň çekmek bolan bankyň içerki serişde dolanyşygyny, bank amallaryny hem beýleki banklar bilen deň depginde alyp barmagy Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň tejribesiniň hemmetaraplaýyn häsiýete eýedigini aýdyň görkezýär.

          Geljegi uly ugurlarynyň biri bolan döwrebap tehnologiýalary, şol sanda töleg kartlarynyň işjeňleşdirilmegine esaslanýan nagt däl hasaplaşyklaryň usullaryny giňden ornaşdyrmak bankyň alyp barýan işiniň möhüm bölegidir. Bank sanly ulgamyň esasy şertleriniň biri bolan resmi web saýtyny milli banklaryň hatarynda ilkinji bolup ulanyşa girizdi, milli we halkara kartlaryň ulanylyşyny, «Internet-banking» hyzmatyny, umuman dünýä tejribesinden gündelik özleşdirilýän we milli şertlere laýyklykda ulanyşa ýola goýdy.

          Birleşen Milletler Guramasy we «PricewaterhouseCoopers Audit S.R.L.» maslahatçy kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde Türkmenistanda ilkinji gezek 2019-njy ýylyň netijeleri boýunça bankyň maliýe hasabatlary halkara standartlarynyň «Maliýe gurallary» atly 9-njy standartynyň täze görnüşine laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Onuň yzysüre bolsa 2020-nji ýylyň netijeleri Beýik Britaniýanyň «Financial Times» abraýly neşiriniň «The Banker» žurnalynyň nobatdaky ýokary derejeli baýragy bilen tassyklanylyp,  Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyny 14-nji gezek Türkmenistanda iň gowy banklaryň hatarynda görkezdi.    

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe maliýe-bank ulgamynyň häzirki zaman derejede özgerişleri başdan geçirmegi, dünýä tejribesiniň iň täze gazananlarynyň durmuşa ornaşdyrylmagy, halkara derejesinde maýa goýum taslamalarynyň amala aşyrylmagy bankyň alyp barýan işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün etdi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky «Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň esaslandyryjysy hökmünde çykyş edýär, ýurdumyzyň gülläp ösmegi bilen aýakdaş özgertmeleri başdan geçirýär. Bu bolsa öz gezeginde ýurdumyzyň maýa goýum syýasatynyň mundan beýläk-de has netijeli bolmagynyň kepilidir.