Türkmenistanyň Döwlet Daşary
Ykdysady Iş Banky

 

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki şahamçasynyň hukuk salgysy: Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň  "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň Arkadag şaýoly köçesi

Şeýle hem “Awaza” bank gullugynyň salgysy: Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Bahry-Hazar 17 köçesinde ýerleşýär. Bank gullugy hasaplaşyk-kassa amallaryny ýerine ýetirýär we myhmanhanada gije-gündiziň dowamynda hyzmat etmäge niýetlenen bankomat ýerleşdirilen.

Şahamça korporotiw we ownuk müşderilere hyzmat etmäge we maýa goýum kompaniýalarynayň "Awaza" Milli syýahatçylyk zolagynda alyp barýan işlerine hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirilen. Şahsy we edara görnüşindäki taraplar bolan müşderilere bank hyzmatlarynyň giň geriminden peýdalanmak mümkinçilikleri hödürlenilýär: goýumlar, depozitlar, sarpediş karzy, MILLIKART, MasterCard we VISA plastik kartlarynyň göýberilişi we hyzmat edilişi, pul geçirmeleri, walýuta alyş-satyş amallary, seýf öýjüklerini kärendesine bermek, korporatiw müşderileri karzlaşdyrmak, halkara söwda we taslama maliýeleşdirilişi, akkreditiw amallary, faktoring, kiçi we orta biznesi karzlaşdyrmak, häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak bilen hasaplaşyk-kassa hyzmatlaryny ýerine ýetirmek.

Bankyň şahamçasynyň ýanynda müşderiler üçin gije-gündiziň dowamynda hyzmat etmäge niýetlenen bankomat ýerleşdirilen we onuň kömegi bile şu hyzmatlary ýerine ýetirmek mümkin:

  • Öz kart hasabyndan nagt pullary almak
  • Galyndyňy bilmek we kart hasaby boýunça göçürmeleri almak
  • TBWB-nyň tarapyndan kesgitlenen nyrh boýunça öz kart hasabyndan milli walýutany daşary ýurt walýutasyna çalyşmak

Şahamçanyň iş tertibi:

Duşenbe-Anna 9:00-dan – 18:00-a çenli
Şenbe 9:00-dan- 13:00-a çenli
Ýekşenbe dynç güni