Türkmenistanyň Döwlet Daşary
Ykdysady Iş Banky

 

          Türkmenistanyň döwlet daşary ykdysady iş banky 1992-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda öňki TSSR-iň Daşary ykdysady iş bankynyň esasynda döredildi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna eýe bolmagynyň yzysüre bankyň işläp başlamagy bilen, ilkinji işleriň hatarynda Türkmenistanyň maýa goýum syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilip, ýurdumyz özbaşdak döwlet hökmünde dünýäniň ykdysady ulgamyna işjeň gatnaşmaga girişdi. Bankyň döredilmeginiň esasy maksady ýurduň milli ykdysadyýetini düýpli özgertmek we ykdysady ösüşi üpjün etmek netijesinde giň möçberli maýa goýum maksatnamasyny durmuşa geçirmek bolup durýar.

          Bank döredilen gününden halkara maýa bazarlarynda Türkmenistanyň Hökümetiniň wekili hökmünde çykyş edip gelýär. Degişli döwürde bank ýurduň ykdysadyýetine daşary ýurt karzlaryny çekmek bilen baglylykda köp sanly iri göwrümli işleri alyp bardy. Halkara derejesindäki işleriň hatarynda bank  Dünýäniň dürli maliýe guramalary — täjirçilik we maýa goýum banklary, eksport-import gulluklary, ätiýaçlandyryş guramalary we ösüş banklary bilen işjeň hyzmatdaşlygy ösdürdi. Bu ugurda häzire çenli dowam etdirilýän gatnaşyklar Demirgazyk Amerikanyň, Ýewropanyň hem-de Aziýanyň köp sanly ýurtlaryny öz içine alýar.

          Ösüşiniň ilkinji ýyllarynda bank Germaniýanyň AKA we KFW banklary, Türkiýäniň Eksimbanky, şeýle-de Birleşen Korollyklaryň Interneýşnl Merkantaýl LTD banky bilen maýa goýum maksatly karz ylalaşyklaryny baglaşdy. Munuň bilen birlikde şol ýyllarda maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek we azyk harytlary hem-de halkyň sarp edýän harytlarynyň satyn alynmagy üçin Ýewropa Ykdysady Bileleşigi, Eýranyň eksport ösüş banky, Hytaýyň banky, Awstriýanyň Raýffaýzen Sentral banky we Pakistanyň Hökümeti bilen ösüş ylalaşyklaryna gol çekildi.

          Türkmenistanyň döwlet daşary ykdysady iş banky öz işiniň ilkinji ýyllarynda çekilen daşary ýurt karzlarynyň hasabyna birnäçe gurluşyklary we özgertmeleri durmuşa geçirmäge ýardamyny ýetirdi. Şol sanda Aşgabadyň Halkara howa menziliniň, «Ak altyn» myhmanhanasynyň, makaron önümçilik fabriginiň, gök önümleri saklanylýan jaýyň, çaga iýmitiniň zawodynyň gurluşygyny, kaolini baýlaşdyrmak boýunça zawodyň gurluşygyny, şeýle-de galla önümleri, pagta ýygmak üçin tehnologik enjamlaryň getirilendigini, telefon torunyň giňeldilmegini bellemek bolar.

          Bank Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan ileri tutulýan möhüm pudaklara daşary ýurt maýa goýumlaryny, karz serişdelerini çekmekde alnyp barylar işleriň netijesinde, bankyň karz bukjasynyň düzümi dünýäniň 14 ýurdundan çekilen karzlardan ybarat boldy. Ilkinji ýyllarda çekilen daşary ýurt maýa goýumlarynyň düzüminde esasy orny sarp edijilik karzlary eýeläp, 1995-nji ýyldan başlap onuň esasy bölegini maýa goýum häsiýetli karzlar tutup başlady.

          1997-nji ýylyň başyna bank alyp barýan işleriniň netijesinde Türkmenistanyň bank ulgamynda öňdebaryjylygy eýeläp, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde giňden tanaldy. Şol bir wagtyň özünde Bankyň bäş ýyllyk işiniň seljerişi Türkmenistanyň döwlet we ykdysady ulgamynyň ösüşiniň talaplary bilen kybapdaş, täze derejelere ýetmegi nazarda tutmagy dowam etdirdi. 1997-nji ýylda bankyň 2000-nji ýyla çenli ösüşiniň orta möhletli maksatnamasy, 1998-nji ýylda bolsa bankyň 2002-nji ýyla çenli ösüşiniň Baş ugry üçin meýilnamasy kabul edildi. Bu maksatnamalarda bankyň esasy iş ugurlary boýunça ornunyň berkidilmeginiň dowam etmegine gönükdirlen täze sepgitlere ýetmek usullary bellenildi.

          1999-njy ýylda kabul edilen «2010-njy ýyla çenli Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan özgertmekligiň baş ugry» Milli Maksatnamasy we onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň geljekki ösüşiniň kesgitlenen meseleleri Türkmenistanyň döwlet daşary ykdysady iş bankynyň öňünde hem uzak möhletli ösüş maksatnamasy boýunça anyk işleri kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, 2001-nji ýylda bank uzakmöhletleýin ösüş maksatnamasyny tassyklady we ony durmuşa geçirmäge girişdi.

          Türkmenistanyň döwlet maýa goýum maksatnamalarynyň maliýeleşdirilmegine bankyň gatnaşmagy netijesinde iri desgalar gurlup ulanylmaga berildi. Olardan ähli pudaklaryň özboluşly infrastrukturasyny döredýän desgalaryň gurluşygy amala aşyryldy. Daşary ýurt karzlarynyň hasabyna maliýeleşdirilýän ilkinji iri taslamalaryň arasynda şulary görkezmek bolar: Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň durkunyň özgerdilmegi, Samandepede gazohimiki işläp taýýarlanylýan ulgamynyň gurluşygy, optiki süýümli aragatnaşygyň Transaziýa-Ýewropa ýolunyň goýluşy, Döwletabat gaz käninde gaz hojalyk ulgamyny ösdürmek we beýlekiler. Şol sanda, döwlet maýa goýum maksatnamalarynyň maliýeleşdirilmegine bankyň gatnaşmagy bilen, bulardan başga-da köp sanly iri desgalaryň gurluşygy ýerine ýetirildi. Olar ähli pudaklaryň düzümine degişli bolup, ýurduň ykdysady kuwwatynyň artmagyna görnetin täsirini ýetirdi.

          Hususy we çekilen serişdeleriň hasabyna nebit-gaz senagatynda maliýeleşdirilen taslamalar jemi 2,25 milliard ABŞ dollaryna golaý boldy. Olardan iň iri desgalaryň hatarynda esaslandyryjy çalgy ýaglaryny öndürýän zawody, katalitik krekingi we katalitik reformingi öndürýän zawody, polipropilen öndürýän zawody, Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda dizel ýangyjyny suw bilen arassalama zawodynyň gurulmagyny, hereket edýän nebit guýularyny abatlamak we enjamlaşdyrmak hem-de ulanylmaýan nebit guýularyny işe girizmek işlerini bellemek bolar.

  Oba hojalyk ulgamynda «Galla» we «Täze oba» maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişiniň çäklerinde çekilen daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna döwrebap oba hojalyk tehnikalarynyň üpjün edilişi, un öndürýän toplumlarynyň we Türkmenabatdaky sabyn zawodynyň gurluşygy, Aşgabatdaky süýt kombinatynyň durkunyň özgerdilmegi, et-süýt önümçiligini we ýyladyş hojalygynyň gurnalmagy maliýeleşdirildi. Şeýle-de hususy pudagy döwlet tarapyndan maliýe taýdan goldamak maksady bilen,  telekeçiler we hususy kärhanalar üçin «John Deere Walldorf GmbH & Co.KG» kompaniýasyndan oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň bahalaryny maliýeleşdirmek boýunça ABŞ-nyň «Deere Credit Inc» kompaniýasy bilen  karz şertnamasy resmileşdirildi hem-de oba hojalyk tehnikalary we enjamlary getirildi.

          Ulag we aragatnaşyk ulgamynda Howa menzil toplumy, Aşgabadyň howa menzilinde uçuş-gonuş zolagy we howa hereketiniň dolandyrylyşy guruldy, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy ýola goýuldy, telefon beketleri goýuldy, nebit guýulýan gäminiň gurluşygy alnyp baryldy, Aşgabat şäherindäki lokomotiw deposy kämilleşdirildi hem-de Aşgabat şäheriniň telefon ulgamynyň giňeldilmegi ýaly işler amala aşyryldy. 2021-nji ýylyň 10-njy iýunynda Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde täze howa menzili toplumynyň gurluşygynyň taslamasyny maliýeleşdirmek hakyndaky Karz ylalaşyklaryna gol çekildi. Mundan başga hem 2021-nji ýylyň iýul aýynda Ýaponiýanyň «Sumitomo Corporation» kompaniýasy bilen «Toyota» kysymly awtoulaglary hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny we sarp ediş serişdelerini satyn almak barada umumy bahasy 20 million amerikan dollary bolan şertnama we  Ýaponiýanyň «Itochu Corporation» kompaniýasynyň arasynda «Komatsu» kysymly ýer gazyjy tehnikalary hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak barada şertnama gol çekildi.

          Energetika we himiýa senagaty ulgamynda hem Büzmeýin DES-iň durkunyň özgerdilmegi, Balkanabat ýod zawodynyň Monjukly käninde çig mal esasynyň özgerdilmegi, Bekdaş şäherinde azyk duzuny öndürýän önümçiligiň birinji nobatynyň we deňiz suwuny arassalap agyz suwuny öndürýän desganyň gurluşygy maliýeleşdirildi. Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk banky we gatnaşyjy maliýe guramalary bilen iki karz ylalaşygy baglaşyldy. Olar Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwaty 432 megawat bolan gazturbinaly elektrik bekediniň taslamasyny gurup, ulanmaga berilmegini maliýeleşdirmek üçin amala aşyryldy. 2018-nji ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň energiýa ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamany maliýeleşdirmek üçin Aziýanyň ösüş banky bilen umumy bahasy ABŞ-nyň 500 million dollar bolan ylalaşyga gol çekilip, ol ýurdumyzyň energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilýän eksport ugurlarynyň giňeldilmegine gönükdirildi.

          Ýurduň dokma senagatynda Türkmenistanyň halk hojalyk toplumynyň täze esaslandyryjy pudagy — Aşgabat şäherindäki Türkmenistanda iri dokma toplumynyň gurluşygy, Aşgabat we Türkmenabat şäherlerindäki ýüpek egiriji fabrikleriň enjamlaşdyrylmagy maliýe taýdan üpjün edildi.

          Ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynda lukmançylyk serişdeleriniň we abzallarynyň satyn alnyşy, tiz medisina kömeginiň ulaglarynyň satyn alynmagy, medisina enjamlary, infuzion erginleriniň öndürilişi we ampullaryň, flakonlaryň we mazleriň öndürilişi boýunça zawod üçin enjamlary, Aşgabatda nefrologiki merkeziniň gurluşygy we «Arçman» sagaldyş şypahanasynyň durkunyň täzelenmegi, Aşgabat, Mary we Daşoguz şäherlerinde anyklaýyş merkezleriniň gurluşygy we enjamlaşdyrylmagy maliýeleşdirildi.

          Şunuň ýaly giň gerimli, ykdysady ähmiýetli taslamalar bilen birlikde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hazaryň kenarynda badalga beren «Awaza» syýahatçylyk zolagynyň döredilmeginiň maksatnamasyna hem bank işjeň gatnaşdy. Bankyň bu maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmagy degişli zolakda bank hyzmatlarynyň giň görnüşlerini hödürlemek maksady bilen, 2008-nji ýylyň başynda bu ýerde bankyň bölüminiň açylandygy we deňiz ýaka zolagynyň ösüş maksatnamasynyň çäginde amala aşyrylýan maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek we hyzmat etmek işleri bellenilýär.

          Bank öz öňünde durýan maksadyny we wezipesini ýerine ýetirmek üçin korporatiw müşderiler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga daýanýar. Olaryň esasyny nebit-gaz, agrosenagat, energetika toplumyndan, ulag we aragatnaşyk, önümçilik we durmuş pudaklaryndan bolan müşderiler düzýärler. Bulardan başga hem bankyň hyzmatlaryndan orta we iri telekeçiligiň wekilleri bolan dürli kärhanalar we firmalar, bilelikdäki kärhanalar we daşary ýurt kompaniýalary peýdalanýarlar. Iri kompaniýalar bilen özara gatnaşyklara daýanýan korporatiw telekeçiligiň ösüşi diňe bir telekeçilik pudagynyň umumy gerimini giňeltmek bilen çäklenmän, eýsem karz töwekgelçiligini ykdysadyýetiň dürli pudaklary boýunça diwersirlemäge mümkinçilik berdi.

          Bank tarapyndan edilýän bölekleýin hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde plastik kartlar bilen geçirilýän amallara aýratyn ähmiýet berildi. Bank ýurtda ilkinjileriň hatarynda plastik kartlary girizmek we olaryň ulanylyşyny ýola goýmak boýunça iş alyp bardy. 1994-nji ýyldan bank «VISA INTERNATIONAL-yň» agzasy bolmak bilen, daşary ýurt emitent banklarynyň karz kartlarynyň hyzmatyny ýola goýmaga başlady.

          Kart amallarynyň işini kämilleşdirip, Türkmenistanyň döwlet daşary ykdysady iş banky 1996-njy ýylyň dekabr aýynda «MILLI KART» plastik kartyny döretdi. Ol bolsa milli pulda hasaplaşyklary amala aşyrmaga ýardam etdi. 1998-nji ýylyň dekabrynda bolsa bank emitent hökmünde özüniň «VISA» plastik kartlarynyň «Bizness», «Klassik» we «Elektron» görnüşlerini çykaryp başlady.

          2004-nji ýylda bank plastik kart ulgamynyň orta möhletli ösüş maksatnamasyny düzüp, kart hyzmatyny kämilleşdirmegiň täze tapgyryna gadam basdy. Bu maksatnamanyň esasy wezipesi kart ulanyjylary üçin hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini we görnüşlerini artdyrmak, plastik kart arkaly nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek we bankyň plastik kart ulgamynyň beýleki banklarda hereket edýän plastik kart ulgamlary bilen sazlaşykly işlemegini üpjün etmek bolup durýar.

          2006-njy ýylda milli kartyň täze «altyn» we «kümüş» görnüşleri çykarylyp başlandy. Bu kartlar biri-birinden edilýän hyzmatlary taýdan tapawutlanýar. Şol bir wagtda plastik kartlary ulanyjylar üçin onuň hasaby boýunça «Owerdraft» amalyny ýerine ýetirmek hyzmaty işe girizildi.

          2016-2017-nji ýyllarda «Master kart» halkara kart ulgamy bankyň döredilen ilkinji günlerinden maglumat we tehniki binýadyny kämilleşdirmek bilen bagly giň gerimli işler ýola goýlup başlandy. Bankyň deslapky ösüş tapgyrynda ähli iş ýerleri kompýuter enjamlary bilen doly üpjün edilip, ulgamlaýyn goşmaça maksatnamalarynyň kabul edilmegi arkaly bank amallary tapgyrlaýyn awtomatlaşdyrylyp ugrady we aragatnaşygyň döwrebap serişdeleri goýuldy.

          Maglumat üpjünçilik meselelerine uly ähmiýet berlip, 1993-nji ýylda «REUTERS» maglumatlar agentligi bilen bankda kompaniýanyň maglumatlar ulgamyny goýmak boýunça ylalaşyga gol çekildi. Şonuň netijesinde bank daşarky bazarlarda bank amallaryny geçirmek üçin zerur bolan halkara bazarlarynyň maglumatlar goruna girmegi gazandy. «REUTERS» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürip, bank 1994-nji ýylda «DEALING» söwda ulgamynyň ýola goýulmagyny amala aşyrdy. Bu öz gezeginde halkara maliýe bazarlarynyň gündelik işine gatnaşmaga ylalaşyklaryň baglaşylmagyny tizleşdirmäge, olaryň ygtybarlygyny we gizlinligini ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Soňky ýyllaryň dowamynda hem «REUTERS» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň esasynda maglumatlar-söwda ulgamy yzygiderli kämilleşdirildi.

          Maglumat we tehniki taýdan kämilleşdirilmeginde bank 1997-nji ýylda «SWIFT» agzalygyna kabul edilip, internet maglumatlar ulgamynyň ulanyjysy boldy. Soňra bankara maliýe telekommunikasiýalarynyň ulgamyna goşuldy. Bu hem halkara hasaplaşyklaryny amala aşyrmaga ýardam edip, ýokary derejedäki gözegçiligi we gizlinligi üpjün etdi. Şeýle hem bankyň maglumatlar-tehniki syýasatynyň durmuşa geçirilişiniň çäklerinde 1998-nji ýylda «Korwus» kompaniýasynyň işläp taýýarlamalarynyň esasynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän bank tehnologiýalarynyň ösüşiniň täze hilli derejesine çykmaga ýardam berýän täze awtomatlaşdyrylan bank ulgamy ýola goýlup ugrady.

          2007-nji ýylda Türkmenistanyň döwlet daşary ykdysady iş bankynyň web saýty döredilip, bankyň hyzmatlaryndan we amallaryndan peýdalanmak isleýän ýa-da gyzyklanma bildirýän taraplar üçin maglumatlary onlaýn usulda almak mümkinçiligi açyldy. Bankyň web saýty yzygiderli kämilleşdirilip, onda bankyň alyp barýan işi hem-de hyzmatlary barada maglumatlar, habarlar hem-de makalalar ýerleşdirilýär.

          Bank tarapyndan nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek, raýatlara hödürlenilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak hem-de innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak maksady bilen, geçen ýyllaryň dowamynda «VISA» halkara töleg ulgamy bilen bilelikde «Milli VISA karty», «Owerdraft karty» ýaly bank kartlary döredildi hem-de «Elektron söwda», «Internet-banking» hyzmatlary işe girizildi.

          Bank paýtagtymyz Aşgabatda şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmek işlerine hem öz mynasyp goşandyny goşup gelýär. Bu maksatnamanyň çäklerinde bank tarapyndan 2003-nji ýylda has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan özboluşly 12 gatly 38 öýli ýaşaýyş jaýy ulanmaga berildi. Onuň öýleri bolsa bankyň işgärlerine ýeňillikli bahalardan berildi. 2005-nji ýylda bolsa ýurdymyzyň Garaşsyzlygynyň 14 ýyllygy mynasybetli bankyň döwrebap ülňülere laýyk gelýän täze iş binasy işe girizildi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 16 ýyllyk baýramçylygy bilen gabatlanyp, bankyň binasynyň ýanynda ýerleşýän ýerde 19,5 müň gektar meýdanda dynç alynýan seýilgäh zolagy, şeýle-de 2008-nji ýylda Türkmenistanyň Baýdak baýramynyň öňüsyrasynda bankyň işgärlerine we paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna niýetlenen täze has oňaýly we otaglarynyň amatlylygy ýokarlandyrylan özboluşly 12 gatly 33 öýli ýaşaýyş jaýy ulanmaga tabşyryldy.

          Bank häzirki wagta çenli dünýäniň 20 ýurdundan 50-den gowrak daşary ýurt banklary bilen hyzmatdaşlygy ösdürip gelýär. Halkara banklary we ösüş gaznalary bilen hyzmatdaşlyk pudagynda Yslam Ösüş banky (YÖB), Aziýanyň Ösüş banky, Ýewropanyň Özgerdiş we Ösüş banky, OPEK gaznasy we beýleki banklar, gaznalar bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berlip gelindi.

          Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky 1994-nji ýylyň 13-nji sentýabryndan bäri Yslam Ösüş Bankynyň agzasy, 2001-nji ýylyň 20-nji oktýabryndan häzire çenli Hususy Pudagy Ösdürmek boýunça Yslam Korporasiýasynyň agzasy, 2019-njy ýylyň 14-nji aprelinden başlap hem Maýa Goýumlary we Eksport Karzlary Ätiýaçlandyrmak boýunça Yslam Korporasiýasynyň agzasy, şeýle-de 2021-nji ýylyň 4-nji sentýabryndan bäri Söwdany Maliýeleşdirmek boýunça Halkara Yslam Korporasiýasynyň agzasy bolup çykyş edip gelýär.

          Milli eksport-import we eksport ätiýaçlandyryş gulluklary bilen hyzmatdaşlyk babatda bank özüniň döredileninden häzire çenli Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk banky, Hytaýyň, Çehiýanyň, ABŞ-nyň, Türkiýäniň, Malaýziýanyň, Koreýanyň Eksport-import banklary, Germaniýadaky Germes, Fransiýadaky Cofasce we Belgiýadaky OND, Şweýsariýa Konfederasiýasynyň SERV, Beýik Britaniýanyň UKEF, Italiýa Respublikasynyň SAÇE eksport ätiýaçlandyryş kompaniýalary ýaly abraýly maliýe guramalary bilen işewürlik, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýdy. Şeýle-de soňky ýyllarda Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlarynyň, esasan hem Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Hytaýyň, Singapuryň we beýleki döwletleriň öňdebaryjy maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk işjeň häsiýete eýe boldy.

          Daşary ýurt maýa goýujylarynyň çekilmegi bilen amal edilýän maýa goýum taslamalary ýylsaýyn artýar. Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak we bu ugurda taslamalary maliýeleşdirmek üçin hem Yslam Ösüş bankynyň Hususy ulgamy ösdürmek boýunça Yslam korporasiýasy bilen 2 sany hersi ABŞ-nyň 10 million dollary möçberindäki maliýe ylalaşyklaryna gol çekildi we bu ugurlar boýunça karz serişdeler doly özleşdirildi. «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek babatda häzir «Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan» gaz geçirijisiniň ýurdumyzyň çägindäki böleginiň gurluşygyny maliýeleşdirmek boýunça halkara maliýe guramalary we banklary bilen degişli işler dowam etdirilýär. Bu gaz geçirijiniň Türkmenistanyň çägindäki ähli gurluşyk işlerini gurnamak hem-de turbalaryň we degişli enjamlaryň satyn alynmagyny maliýeleşdirmek üçin Yslam Ösüş banky bilen degişli maliýe ylalaşyklaryna gol çekildi.

          2019-njy ýylda Türkmenistanyň ýokary derejede döwlet wekiliýetiniň Italiýa bolan resmi saparynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Italiýanyň Adipson Ind. Srl kompaniýasynyň arasynda gol çekilen Memorandum esasynda Lebap welaýatynda buýan köküni gaýtadan işläp, ýylda 390 tonna glisirrizin turşusyny öndürýän kärhanany ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak nazarda tutuldy. Bu taslamany maliýeleşdirmek üçin Italiýanyň “Banca Monte dei Paschi di Siena SpA” banky bilen karz serişdeleriň hasabyna akkreditiwy açyldy. 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda bolsa Yslam ösüş bankyndan we OPEK Halkara ösüş gaznasyndan iki sany «Ro-Ro» görnüşli gämini we bir sany ýük gämisini gurmak boýunça taslamalary maliýeleşdirmek üçin degişli maliýe we karz ylalaşyklaryna gol çekildi.

          Birleşen Milletler Guramasy we «PricewaterhouseCoopers Audit S.R.L.» maslahatçy kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde Türkmenistanda ilkinji gezek 2019-njy ýylyň netijeleri boýunça we ondan soňky ýyllarda bankyň maliýe hasabatlary halkara standartlarynyň «Maliýe gurallary» atly 9-njy standartynyň täze görnüşine laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Has takygy, Döwlet daşary ykdysady iş banky Türkmenistanda ilkinji bolup, MSFO-9 (maliýe hasabatlylygynyň halkara ölçegi) laýyklykda maliýe hasabatlylygyna geçdi. Onuň yzysüre bolsa 2020-nji ýylyň netijeleri Beýik Britaniýanyň «Financial Times» abraýly neşiriniň «The Banker» žurnalynyň nobatdaky ýokary derejeli baýragy bilen tassyklanylyp, ol Döwlet daşary ykdysady iş bankyny 14-nji gezek Türkmenistanda iň gowy banklaryň hatarynda görkezdi.

2021-nji ýylyň dekabr aýy bank üçin ýene bir täze başlangyjyň senesi boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň tagallalary saýasynda «Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýurdymyzda ilkinji gezek daşary ýurt maýadarlaryň gatnaşmagynda daşary ýurt maýa goýumyň we ýurdumyzda gelejegi bar bolan ähmiýetli taslamalary maliýeleşdirmegiň dünýa tejribesine laýyklykda bank döretmekde esaslandyryjy höküminde çykyş etmekde ony döretmäge girişdi.