Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

 

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

 

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maýa goýum syýasatynyň esasy ugurlary Türkmenistanyň dünýä bazaryndaky bäsdeşlige ukyply artykmaçlyklaryndan ugur almak bilen kesgitlenilýär. Şol artykmaçlyklar, ozaly bilen, ägirt uly tebigy baýlyklaryň bolmagynda jemlenýär. Şolary senagat taýdan işläp taýýarlamak hem-de taýýar önüm görnüşinde çykarmak ýurdumyzyň esasy ykdysady ugruna öwrüldi.  

Innowasion önümçilige maýalaryň goýulmagy halk hojalygynyň esasy pudaklaryny we ulgamlaryny ösdürmegiň maksatnamalaryna netijeliligi bermäge, ýurdumyzyň önüm öndürijilerini, şol sanda hususy önüm öndürijilerini goldamaga ýardam etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň girdejileriniň çeşmesi bolup durýan, uly isleg bildirilýän harytlaryň hasabyna eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge kömek edýär.

Ählumumy maliýe çökgünligi bilen baglylykda, Türkmenistanyň makroykdysady durnuklylygynyň esasyna öwrülen şol özgerişlikleriň üstünlikleri, içeri we daşary syýasatyň yzygiderliligi, ösen düzüm hem-de öndürijilik serişdeleri häzirki zaman dünýä tehnologiýalaryna elýeterliligi üpjün edýän daşary ýurt maýalary üçin ýurdumyzyň özüne çekijiligini şertlendirdi.

Milli ykdysadyýetimizi düýpli özgertmek hem-de Türkmenistanyň ykdysady taýdan ösmegini üpjün etmek maksady bilen, milli Liderimiz   Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan giň gerimli maýa goýum maksatnamasyny amala aşyrmak ýurdumyzyň Hökümetiniň halkara bazarlaryndaky agenti hökmünde çykyş edýän Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň işindäki esasy ugurlaryň biridir.

Bank tarapyndan daşary ýurt karzlaryny milli ykdysadyýete çekmek babatda dürli daşary ýurt maliýe edaralary bilen hyzmatdaşlygyň we gatnaşyklaryň baý tejribesi toplanyldy.

Tamamlanyp barýan 2020-nji ýyl hem bu babatda üstünlikli bolup,    “Financial Times” abraýly neşiriň (Beýik Britaniýa) “The Banker” žurnalynyň nobatdaky abraýly baýragy bilen tassyklanyldy—ol Döwlet daşary ykdysady iş bankyny eýýäm 14-nji gezek Türkmenistanda iň gowy banklaryň hatarynda görkezdi.

Müşderiler bankyň durnuklylygynyň we ygtybarlylygynyň esasy görkezijileriniň biri bolup durýar. Döwletimiziň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň döwlet kärhanalary, dünýäniň öňdebaryjy korporasiýalary, hususy kompaniýalar Daşary ykdysady iş bankynyň müşderileriniň esasyny düzýär.

Bank işewürligi ýöretmegiň ýokary tehnologiýasyna we netijeliligine, ýokary hilli hyzmatlaryna, hünär derejeli işgärlerine daýanyp, öz artykmaçlyklaryny başarnykly peýdalanmak hem-de  ösdürmek arkaly, korporatiw, bölekleýin söwda müşderileri bilen alyp barýan işini kämilleşdirmegi dowam edýär.

Bu işler, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bildirýän talaplaryny nazara almak bilen, uzakmöhletleýin gatnaşyklary guramaga, müşderileriň ähli toparlary: kiçi kärhanalardan başlap, iri kärhanalara çenli ýokary hilli maliýeleşdirmek ýa-da tranzaksiýa hyzmatlaryna çenli bolan toplumlaýyn çözgütleriň berilmegine gönükdirilendir.

Bankyň dünýäniň malýie bazarlaryna gatnaşmak bilen bagly bolan işleri öz şertlerini talap edýär. Hyzmatdaşlar üçin bankyň ygtybarlylygyna baha bermegiň ölçegleri bolup durýan aýdyňlyk halkara standartlary boýunça hasabatlylygy ýöretmek bilen üpjün edilýär. Döwlet daşary ykdysady iş banky ýurdumyzda ilkinji bolup, MSFO-9 (maliýe hasabatlylygynyň halkara ölçegi) laýyklykda maliýe hasabatlylygyna geçdi.

Maliýe bazarynda öz abraýy baradaky alada dünýä giňişliginde giňden tanalýan garaşsyz auditorlar bilen hyzmatdaşlyk arkaly berkidildi. Olaryň hasabatlary bankyň işine baha berýär. Dürli maliýe edaralary bilen uzakmöhletleýin gatnaşyklar, ähli borçnamalar boýunça öz wagtyndaky tölegler hem bu karz edarasynyň ygtybarlylygyny aýdyň tassyklap bilýär.

Döwlet daşary ykdysady iş banky maliýe-bank ulgamynyň işini kämilleşdirmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmelerine eýermek bilen, soňky ýylda öz işini kämilleşdirmek boýunça birnäçe netijeli çäreleri durmuşa geçirdi, bu bolsa oňa “Ýylyň banky” diýen sylaga mynasyp bolmaga ýardam etdi.

Bank 2019-njy ýylda uly möçberde maliýe netijelerini hasaba alyp, girdejisini 137 göterim artdyrdy hem-de birinji derejeli maýasyny 119 göterim ýokarlandyrdy, netijeli bolmadyk karzlaryň koeffisiýenti bolsa jemi 1,2 göterime deň boldy.

Bank BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde, bilimleri kämilleşdirmek we dolandyryş usullaryny awtomatlaşdyrmak babatda ygtybarly işewürlik-nusgasyny döretdi. Şeýle hem bankomatlary hem-de satuw nokatlaryny artdyrmak, häzirki zaman serwerleri ornaşdyrmak bilen bagly işler amala aşyryldy.

Kiber howpsuzlygy ýokarlandyrmak boýunça çäreler görüldi, netijede, bankyň kart ulgamlarynyň halkara ölçeglerine kybap gelmegini üpjün etmek üçin garaşsyz daşary auditor agentligi çekildi. Tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmakdan başga-da, banky ösdürmegiň strategiýasy işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetilmegine goşandyny nazara almak bilen, Döwlet daşary ykdysady iş banky BMGÖM bilen  işjeň hyzmatdaşlygyny dowam edýär. Olaryň amala aşyrylmagyna döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýratyn üns berýär. Mysal üçin, 2019-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda bank tarapyndan şol abraýly halkara guramasy bilen Taslama resminamasyna gol çekildi.

Taslamanyň çäklerinde esasy ugurlaryň dördüsi: ösüş we dolandyryş babatda halkara maliýeleşdirme işini gowulandyrmak, maliýe hasabatlylygynyň halkara ölçegleri bilen ylalaşygy ýokarlandyrmak, sanly özgertmeler üçin esaslary döretmek, bankyň işgärleriniň hünär mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça hyzmatdaşlyk amala aşyrylýar.

Müşderiler eýýäm täze önümleri, şol sanda kart boýunça owerdraft karzy hem-de karz almak üçin onlaýn-arza boýunça amatlyklara baha bermek mümkinçiligine eýe boldular, şol hyzmatlar banka barmak zerurlygyny aradan aýyrdy. Şeýle hem bank “Milli wiza” nyşanly karty işe girizdi, ol milli töleg ulgamyny halkara töleg ulgamlaryna kybap getirmek bilen, aragatnaşyksyz tölegleri amala aşyrar.

Nagt däl hasaplaşyklary has-da giňeltmek, töleg işini ýeňilleşdirmek hem-de onlaýn-söwda arkaly harytlaryň we hyzmatlaryň mukdaryny artdyrmak barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, bank täze E-commerce (Internet-Ekwaýring) hyzmatyny girizdi, ol satyjynyň Internet sahypasy arkaly harytlar we hyzmatlar üçin halkara hem-de milli töleg ulgamlaryna bank kartlary bilen hasaplaşmaga mümkinçilik berýär.

Bank haryt öndürmek bilen meşgullanýan kiçi we orta telekeçilere ýeňillikli karzlary hem-de kiçi telekeçiligi ösdürmek üçin taslamalary amala aşyrmaga maliýe serişdelerini berýär.

Soňky ýyllarda bank halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlykda hususy pudagy goldamak boýunça alyp barýan işlerini işjeňleşdirdi, netijede, “Deere Credit Inc”  amerikan kompaniýasy, OPEK gaznasy hem-de Yslam ösüş banky toparyna girýän hususy pudagy ösdürmek boýunça ösüş korporasiýasy bilen birnäçe karz ylalaşyklaryna gol çekildi.

Döwlet daşary ykdysady iş banky hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, COVID-19 pandemiýasyna dessin täsir edip, kiçi we orta telekeçilere goldaw bermek bilen, töleg kynçylygyny başlan geçirýän müşderileriň karz tertipnamasyna gaýtadan seretdi. Şeýle hem kompaniýalara pandemiýanyň dowamynda aýlyk haklaryny tölemek hem-de ulanyş çykdajylaryny goldamak üçin ýeňillikler berildi.

Kiçi we orta telekeçiligi goldamak Türkmenistanyň eksportuny artdyrmak hem-de degişli çäreleri  goldamak üçin Aziýanyň ösüş banky hem-de Yslam ösüş banky bilen hyzmatdaşlyk edýän Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň meýilnamalarynyň bir bölegidir.          

Dünýäniň maliýe bazarlarynda bäsdeşlige we durnuksyzlyga garamazdan, geçen ýyllaryň içinde Döwlet daşary ykdysady iş banky ýurdumyzyň maliýe bazarynda öňdäki ornuny saklaýar.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, maýa goýumlaryň mukdarynyň artmagy bilen, şolary özleşdirmegiň, serişdeleriň maksatlaýyn ulanylmagyna gözegçiligi güýçlendirmegiň, daşary ýurt maýasyny çekmek hem-de maýa goýumlaryny ygtybarly goramak maksady bilen kadalaşdyryjy hukuk binýadyny kämilleşdirmek zerur bolup durýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Diýarymyzy ykdysady, senagat, ylmy-tehniki taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri bilen kesgitlenilýän maýa goýum syýasaty halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilip,  jemgyýetiň, her bir raýatyň döredijilik we ruhy mümkinçiliklerini doly açmaga ýardam eder.

(TDH)