Türkmenistanyň Döwlet Daşary
Ykdysady Iş Banky

 

Bank işjeňliginiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri, hususy pudagy ösdürmek strategiýasyny durmuşa geçirmekde döwlete iň ýokary kömegi bermekdir. 2018-nji ýylda “Kiçi we orta kärhanalary goldamak boýunça döwlet Maksatnamasy” kabul edildi. Maksatnamanyň esasy maksatlary durmuş-ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini üpjün etmek, bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, diwersifikasiýany üpjün etmek, importyň ornuny tutmak we eksporta gönükdirilen önümçiligi ýokarlandyrmak arkaly hususy pudagyň işjeňligini ýokarlandyrmakdyr. Bu wezipeler ep-esli maýa goýumlaryny we maliýe goldawyny talap edýär. Hususy pudagy ösdürmek boýunça döwlet başlangyçlaryny netijeli goldamak we hususy işewürligi ösdürmek üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen Bank haryt öndürmek bilen meşgullanýan kiçi we orta kärhanalara ýeňillikli karzlar berýär. Şeýle hem, telekeçileriň önümçilik taslamalaryna karz serişdeler berilýär.

Soňky ýyllaryň dowamynda bank hususy pudagy goldamak boýunça öz işjeňligini halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde artdyrdy. Şunuň bilen baglylykda, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň “Deere Credit Inc.” kompaniýasy, OPEK Halkara ösüş gaznasy we Yslam ösüş bankynyň toparyna girýän Hususy ulgamy ösdürmek boýunça Yslam korporasiýasy bilen birnäçe karz we maliýe ylalaşyklaryna gol çekdi:

  • OPEK Halkara Ösüş Gaznasy (OFID) Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň peýdasyna 10 million amerikan dollary möçberde karz ugruny bölüp bermekligi makullady, bu bolsa banka ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi goldamaga mümkinçilik berýär. Bu geleşik Türkmenistanda hususy ulgama gönükdirilen OPEK Halkara Ösüş Gaznasynyň ilkinji taslamadyr. OPEK Halkara Ösüş Gaznasynyň hödürleýän karzy kiçi we orta telekeçiligi goldar we durnukly ykdysady ösüşi üpjün eder hem-de Durnukly Ösüş Maksatnamasynyň (SDG) 8-nji maksadyna laýyklykda hemmeleriň önümçilik işi bilen meşgullanmagyna şert döreder;
  • Hususy ulgamy ösdürmek üçin Yslam korporasiýasy (ICD) bilen Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň arasynda 2019-njy ýylyň 21-nji awgustynda hem-de 2021-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda hersi 10 million amerikan dollary möçberde maliýe ylalaşyklary baglaşyldy. Karz ugry kiçi we orta kärhanalara goldaw bermek, hususy pudak tarapyndan eksport edilýän önümleriň mukdaryny artdyrmak hem-de Türkmenistanda kiçi we orta taslamalary maliýeleşdirmek üçin niýetlenendir;
  • Telekeçi fiziki we ýuridik şahslaryň satyn alýan «John Deere Walldorf GmbH & Co.KG» kompaniýasynyň oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlarynyň bahalaryny maliýeleşdirmek üçin Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Deere Credit Inc.» kompaniýasynyň arasynda 2020-nji ýylyň 2-nji iýulynda 42.08 million amerikan dollary, 2021-nji ýylyň 15-nji martynda 107,91 million amerikan dollary hem-de 2022-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda 42.5 million amerikan dollary möçberindäki karz ylalaşyklary baglaşyldy;
  • 1-nji Hazar ykdysady forumyň çäklerinde Aziýa ösüş banky bilen Özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekildi. Bu karz ugur kiçi we orta işewürligi goldamakda we maliýeleşdirmekde ilkinji tapgyr bolar.