E-commerce
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky ýüridiki taraplara we hususy telekecilere E-commerce (Internet Ekwaýring) hyzmatyny hödürleýär.
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky müşderileriň internet-sahypasynyň üsti bilen hödürleýän hyzmatlarynyň töleglerini halkara we milli töleg ulgamlarynyň bank kartlaryny kabul etmek bilen nagt däl görnüşinde hasaplaşyklary ýola goýuldy.
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky Sizi bank hyzmatlarynyň amatlyklaryndan peýdalanmaga çagyrýar we täze döwrebap sanly hyzmatyny Size hödürleýär!
Bankyň e-commerce platformasy esasynda işleýän birnäçe saýtlary görkezip bolar:
“Imdat-elektronika” HJ müşderiler üçin iň gysga wagtda standart däl tehniki çözgütleri üpjün etmek üçin täze / üýtgeşik dünýä tehnologiýalaryny we häzirki zaman enjamlaryny hödürläp, müşderi kompaniýasynyň hünärmenlerini tehniki taýýarlygyny üpjün edip, hödürlenen çözgütleriň goldawyna aýratyn üns berýän kompaniýadyr.
Kompaniýanyň esasy iş görnüşleriň arasynda sanly aragatnaşyk çözgütleri, howpsuzlyk ulgamlary, IT tehnologiýalarynyň sanyndan beýleki önümleri, şeýle hem bu ulgamlaryň integrasiýasyny aç-açan durmuşa geçirmek bolup durýar.
Kompaniýanyň täze ugurlarynyň arasynda STEAM öwrediş konstruktoryna degişli robototehnika, web sahypalary, programma üpjünçiligini we ykjam programmalary döredip çözgütleri taýýarlamak bolup durýar.
Bu resmi internet sahypasyny peýdalanmak arkaly elektronika, öý üçin tehnikalary, kompýuter enjamlary we olaryň gurluş şaýlaryny sargyt edip bank plastik kartlarynyň üsti bilen nagt däl görnüşinde elektron tölegleri amala aşyryp bilersiňiz.
Bu resmi internet sahypasyny peýdalanmak arkaly ýolagçy demir ýol biletlerini Internet arkaly (onlaýyn usulda) sargyt edip, bank plastik kartlarynyň üsti bilen nagt däl görnüşinde elektron tölegleri amala aşyryp bilersiňiz.
Bu resmi internet sahypasyny peýdalanmak arkaly Siz islän gazetlaryňyzy we žurnallaryňyzy Internet arkaly (onlaýyn usulda) sargyt edip, bank plastik kartlarynyň üsti bilen nagt däl görnüşinde elektron tölegleri amala aşyryp bilersiňiz.
Ýokarda agzalan saýtlaryň ählisinde halkara we milli töleg ulgamlarynyň bank kartlaryny kabul etmek bilen bank kartlarynyň rekwizitlerini, ýagny kartyň belgisini, möhletini, karty saklaýjynyň adyny we familiýasyny, CVC2 koduny girizip, nagt däl görnüşinde tölegleri ýerine ýetirip bolýar.