Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

 

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

Sarp ediş maksatlary üçin karzlaryň berilmeginiň şertleri: 

  • fiziki şahslara – Türkmenistanyň raýatlaryna; 
  • Türkmenistanyň milli pul birliginde (manat); 
  • sarp ediş islegleri üçin;
  • işi bar bolan fiziki şahslara;
  • 2 ýyldan 3 ýyla çenli möhleti bilen;  
  • ýyllyk 15% göterim derejesi bilen. 

Karzyň aňry çäk möçberi şulardan ybarat bolup biler:   

  • karzyň üpjünçiligi hökmünde 2 zamunçynyň zamunlygy berilende 6 000 manada çenli, 2 ýyla çenli möhleti bilen; 
  • girew emlägi bilen üpjün edilmegi ýa-da zamunçy bolup edara kärhananyň çykyş etmegi bilen  15 000 manada çenli, 3 ýyla çenli möhleti bilen (karzy almak isleg bildirýän fiziki şahsyň alýan girdejisiniň we/ýa-da onuň maşgalasynyň girdejisiniň 50% mümkinçilik berýän ýagdaýynda, karzyň möçberi ýokarlandyrylyp biliner. 

Karz alyja karzyň berilmegi Bank tarapyndan bir gezekde ýa-da tapgyrlaýyn bermek, hasaplaşygyň nagt däl görnüşinde onuň tabşyrygynyň esasynda ýa-da plastik karz kartyna geçirmek arkaly amala aşyrylýar.