Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

 

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak syýasatyny durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky "Bagtly maşgala" atly ýeňillikli karzyny berýär.

Mundan beýläk ýaş maşgalalar öz öýlerini bezemek, ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak üçin örän amatly şertlerde Bagtly maşgala karzyny alyp bilerler.

Bagtly maşgala karzyny almaklygyň düzgünleri

Möhleti 3 ýyl
Göterim derejesi ýyllyk 1%
Karzyň möçberi 6 000 manada çenli
  • Karz alyjy bolup, är-aýalynyň ikisi hem 30 ýaşyna ýetmedik ýaş maşgalalar çykyş edýär
  • Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň Türkmenistanda ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak hakynda 2011-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda çykaran 11817 belgili karary güýje gireninden soňra resmi taýdan nikalaşyp, maşgala guran Ýaş maşgalalara degişlidir..

Bagtly maşgala karzyny almak üçin zerur resminamalar *

Karz alyjy üçin:

  • Karzy almak üçin arza (görnüşini ýüklemek)
  • Pasportyň nusgasy (karz resmileşdirilende asyl nusgasy görkezilýär)
  • Nika baglaşylandygy hakyndaky şahadatnamanyň nusgasy (karz resmileşdirilende asyl nusgasy görkezilýär)
  • Girdeji barada güwänama (ähli tutumlar aýrylyp görkezilen arassa girdeji) (görnüşini ýüklemek). Telekeçilik işini alyp barýan raýatlar bolsa girdejileri barada salgyt deklarasiýasyny getirmelidirler
  • Maşgala düzümi we ýaşaýan ýeriniň ýazgysyny kesgitlemek üçin kepilnama
  • Zähmet depderçesiniň nusgasy (möhür bilen tassyklanan bolmaly)

Zamunçylar üçin:

  • Karz alyjynyň karzy boýunça zamunçy bolmak razyçylygyny berýän arza (görnüşini ýüklemek)
  • Pasportyň nusgasy (karz resmileşdirilende asyl nusgasy görkezilýär)
  • Girdejii barada güwänama (ähli tutumlar aýrylyp görkezilen arassa girdeji) (görnüşini ýüklemek). Telekeçilik işini alyp barýan raýatlar bolsa girdejileri barada salgyt deklarasiýasyny getirmelidirler
  • Zähmet depderçesiniň nusgasy (möhür bilen tassyklanan bolmaly)

* Karz maşgala agzalaryň birisine resmileşdirilýär - adamsyna ýa-da aýalyna

Şu karz diňe bir gezekleýin berilýär
 

Siziň rahatlygyňyz hem-de wagtynyzyň tygşytlanylmagy üçin, ýokarda görkezilen resminamalaryň karz işgärleriň tarapyndan deslapky seredilmegi we öwrenilmegi üçin bankyň internet sahypasynda skanerlanan ýa-da jpg görnüşinde ýüklenilip banka ýollanylyp bilner.

Resminamalar bukjasynyň deslapky seredilmeginiň we öwrenilmeginiň işleri geçirilenden soň, Siz bilen habarlaşylar we netijeleri barada maglumat beriler. Ýollanylan resminamalaryň kabul ederlikli bolan ýagdaýynda, Size degişli resmileşdirmäni geçirmek üçin resminamalaryň asyl nusgalaryny banka tabşyrmak üçin gelmäge hödürlener.

Resminamalar ýüklenilende, bankyň karz işgärleriniň Siz bilen habarlaşmagy üçin “bank üçiň habar” meýdançasynda öziňiz barada aragatnaşyk maglumaty: öýjikli, öý we iş telefonlaryňyzyň belgilerini we elektron poçtaňyzy görkezmegiňizi Sizden haýyş edýäris.

 

Resminamalary ýüklemek

Faýllary berkitmek
Size limit for each file is 1.00 MB

    Aragatnaşyk maglumatlar:



    Bölüm:
    Karz bermek müdirligi
    Kabinet:
    202, 209
    Telefon:
    +993(12)40-61-56
    +993(12)40-61-55

    Karz Hasaplaýjy

     


     

     

    Mukdary belläň:
    Karz hili:

     

    Möhleti belläň

     


    Aýda tölemeli: