“Sarp ediş maksatlary üçin” karzlar:
Sarp ediş maksatlary üçin karzlaryň berilmeginiň şertleri:
- Fiziki şahslara – işi bar bolan Türkmenistanyň raýatlaryna;
- Türkmenistanyň milli pul birliginde (manat);
- 2 ýyldan 3 ýyla çenli möhleti bilen;
- Ýyllyk 10% göterim bilen.
Karzyň möçberi şulardan ybarat bolup biler:
- 1 raýatyň zamun durmagynda – 10 000 manada çenli möçberde 2 ýyla çenli;
- 2 raýatyň zamun durmagynda – 10 001 manatdan 30 000 manada çenli möçberde 3 ýyla çenli;
- Girew ýa-da edara-kärhananyň zamuçylygy – 30 001 manatdan 60 000 manada çenli möçberde 3 ýyla çenli;
Karzyň berilmegi nagt däl görnüşinde bank karz karta geçirmek ýa-da satyjynyň hasap-fakturasy esasynda hasaplaşyk hasabyna geçirmek arkaly amala aşyrylýar.
Sarp ediş maksatlary üçin karza ýüz tutmak üçin zerur resminamalar
Karz alyjy üçin:
- Karzy almak üçin arza (görnüşini ýüklemek)
- Pasportyň nusgasy (karz resmileşdirilende asyl nusgasy görkezilýär)
- Girdeji barada güwänama (ähli tutumlar aýrylyp görkezilen arassa girdeji) (görnüşini ýüklemek).
- Telekeçilik işini alyp barýan raýatlar bolsa girdejileri barada salgyt deklarasiýasyny getirmelidirler
- Maşgala düzümi we ýaşaýan ýeriniň ýazgysyny kesgitlemek üçin kepilnama
- Zähmet depderçesiniň nusgasy (möhür bilen tassyklanan bolmaly)
Zamunçylar üçin:
- Karz alyjynyň karzy boýunça zamunçy bolmak razyçylygyny berýän arza (görnüşini ýüklemek)
- Pasportyň nusgasy (karz resmileşdirilende asyl nusgasy görkezilýär)
- Girdejii barada güwänama (ähli tutumlar aýrylyp görkezilen arassa girdeji) (görnüşini ýüklemek). Telekeçilik işini alyp barýan raýatlar bolsa girdejileri barada salgyt deklarasiýasyny getirmelidirler
- Zähmet depderçesiniň nusgasy (möhür bilen tassyklanan bolmaly)
Girew emlägiň berilmegi ýagdaýynda:
- Emläge eýeçilik hukugyny tassyklaýan resminamalaryň nusgasy
- Emläge kesilen bahany kesgitleýän resminama
- Emlägiň eýesiniň pasportynyň nusgasy
Siziň rahatlygyňyz hem-de wagtynyzyň tygşytlanylmagy üçin, ýokarda görkezilen resminamalaryň karz işgärleriň tarapyndan deslapky seredilmegi we öwrenilmegi üçin bankyň internet sahypasynda skanerlanan ýa-da jpg görnüşinde ýüklenilip banka ýollanylyp bilner.
Resminamalar bukjasynyň deslapky seredilmeginiň we öwrenilmeginiň işleri geçirilenden soň, Siz bilen habarlaşylar we netijeleri barada maglumat beriler. Ýollanylan resminamalaryň kabul ederlikli bolan ýagdaýynda, Size degişli resmileşdirmäni geçirmek üçin resminamalaryň asyl nusgalaryny banka tabşyrmak üçin gelmäge hödürlener.
Resminamalar ýüklenilende, bankyň karz işgärleriniň Siz bilen habarlaşmagy üçin “bank üçiň habar” meýdançasynda öziňiz barada aragatnaşyk maglumaty: öýjikli, öý we iş telefonlaryňyzyň belgilerini we elektron poçtaňyzy görkezmegiňizi Sizden haýyş edýäris.