Türkmenistanyň Döwlet Daşary
Ykdysady Iş Banky

 

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky öz müşderilerine milli manatda we daşary ýurt pulunda goýumlary hödürleýär.

Berilmegini talap edilýänça goýumlar möhlet bilen çäklendirilmeýär, goýum üçin pul serişdeleri hem nagt pulda hem-de nagt pul berilmezden çäksiz kabul edilýär. Goýumçylarda goşmaça gatanç geçirmek ýa-da nagt pul serişdeleriń goýum hasabyndan almak mümkünçiligi. Berilmegini talap edilýänça goýumlar boýunça üçünji tarapa geçirim edip, hem-de hasapdaky serişdeler bilen dolandyrmaga ynanç hatyny resmileşdirip bolýar.

Goýumçynyń islegine görä zähmet haky we beýleki girdejiler hasaba geçirip bolar. Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky arkaly zähmet hakyny we beýleki girdejileri alyp bilmek üçin berilmegini talap edilýänça goýum açmak we onuń rekwezitlaryny öz edarasynyň buhgalteriýasyna habar etmek ýeterlidir.

Goýum hasabynyń açylan wagtynda müşderiler bank hünärmenleri tarapyndan jikme-jik maslahat alarlar.