Türkmenistanyň Döwlet Daşary
Ykdysady Iş Banky

 

  • Şahsy adamlar üçin daşary ýurt walýuta hasaby açmagyň tertibi >

    Şahsy adamlaryň walýuta hasabyny açmak üçin müşderi Bankyň Hasaplaşyk amallary müdirliginiň şahsy adamlaryň hasaplary bölümine pasportynyň asyl nusgasyny, onuň göçürmesini bermeli we hasaby açmak üçin arzany doldurmaly.

    Şahsy adamlar üçin walýuta hasabyny açmaklygyň nyrhy ABŞ-nyň 7 (Ýedi) dollaryna barabardyr.

  • Şahsy we edara görnüşindäki taraplary karzlaşdyrmagyň tertibi >

    Bank müşderilere şu aşakdaky görnüşli karzlary hödürleýär:

    Döwlet kärhanalaryna dolanyşyk serişdeleriniň üstüni doldurmak, senagat maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek, ýokary tehnologik enjamlaryny satyn almak, infrastrukturany ösdürmek we başga maksatlar üçin. Karzlar hem milli, hem daşary ýurt walýutasynda berilýär. Karzlar hem gysga möhletli, hem uzak möhletli häsiýete eye bolup biler.

    Hususy kärhanalara orta we kiçi täjirçiligi ösdürmek maksady bilen. Karzlar önümçilik we söwda taslamalaryny durmuşa geçirmek, önümçilik häsiýetine eýe bolan maksatlar üçin çig maly we enjamlary satyn almak üçin berilýär. Bankyň öz serişdeleriniň hasabyna karzlar hem milli, hem daşary ýurt walýutasynda berlip bilner. Mundan başga-da, Türkmenistanyň döwlet daşary ykdysady iş banky Ýewropanyň Durkuny täzeleyiş we ösüş Bankynyň ugry boýunça orta we kiçi täjirçilige karz bermegi alyp baryar. Karzlar hem gysga möhletli, hem uzak möhletli hasiýete eye bolup biler

    Hususy taraplara telekeçilik işini alyp barmak, uzak wagtlaýyn ulanylýan harytlary satyn almak (sarp edijilik karzlary) we gurluşyk maksatlaryna. Karzlar Türkmenistanyň milli pulunda berilyar. Karzlar hem gysga möhletli, hem uzak möhletli häsiýete eýe bolup biler

    Edara görnüşindäki taraplaryň Banka berilmeli resminamalarynyň sanawy:

    Karz almak üçin arza ýa-da towakganama
    Täjirçilik meýilnamasy (Biznes-plany)
    Hasabat döwüriniň iň soňky balansy we soňky 3 ýylyň balansy
    Peýdalar we ýitgiler barada hasabat
    Karzlaşdyryljak harytlarynyň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň tassyklaýjy bolup durýan şertnamalaryň we hasap-sypatnamalaryň nusgalary
    Esaslandyryjy resminamalaryň we edara görnüşli taraplaryň hasaba almak şahadatnamanyň hem-de ýeke-täk döwlet sanawyna girizmek baradaky reýestriň Göçürmesiniň nusgalary
    Notarial ýa-da tabynlygyndaky bolup durýan ýokardaky guramasy tarapyndan tassyklanan gollaryň we möhürleriň nusgalarynyň kartoçkasy

    Hususy telekeçiniň Banka berilmeli resminamalarynyň sanawy:

    Karz almak üçin arza ýa-da haýyşnama
    Täjirçilik meýilnamasy (Biznes-plany)
    Telekeçiniň- şahsy taraplaryň girdeýji salgydy boýunça deklarasiýasy
    Karzlaşdyryljak harytlarynyň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň tassyklaýjy bolup durýan şertnamalaryň we hasap-sypatnamalaryň nusgalary
    Notarial tarapyndan tassyklanan gollaryň we möhürleriň nusgalarynyň kartoçkasy
    Hasaba alyş şahadatnamasynyň we patentiniň nusgasy (hereket edýän hukuk kadalaşdyryjy namalar bilen göz öňünde tutulan bolsa), şeýle hem, ygtyýarnama bilen ýerine ýetirilýän işiniň görnüşi boýunça ygtyýarnamasy (lisenziýa)
    Notarius tarapyndan tassyklanan gollaryň we möhürleriň nusgalarynyň kartoçkasy

    Şahsy taraplaryň Banka bermeli resminamalarynyň sanawy:

    Karz almak üçin arza ýa-da haýyşnama
    Şahsyýetini tassyklaýan resminama
    Girdeji çeşmesi barada güwänama

    Müşderä karz bermekligiň netijesi barada, resminamalar Karz bermek Müdirliginiň işgärleri tarapyndan doly öwrenilenden we Karz Toparynyň mejlisinde seredilenden soň berilýär.

    Karz almaklyk arzasyny bermek üçin Karz bermek Müdirligine ýüz tutup bilersiňiz.

  • Millikart plastik kartlaryny hyzmat etmegiň tertibi we şertleri >

    Bank şu şertlerde üç görnüşli Millikart plastik kartlarynyň göýberilmegini we hyzmat edilmegini amala aşyrýar:

    Karty resmileşdirmek üçin bankyň Hasaplaşyk amallary müdirliginiň şahsy adamlaryň hasaplary bölümine ýüz tutmak bilen, pasport we onuň nusgasyny, kart hasabyny açmak üçin arzany dolduryp bermeli.

  • VISA halkara plastik kartlaryny hyzmat etmegiň tertibi we şertleri >

    Bank şu şertlerde üç görnüşli VISA plastik kartlarynyň göýberilmegini we hyzmat edilmegini amala aşyrýar:

    Karty resmileşdirmek üçin bankyň Hasaplaşyk amallary müdirliginiň şahsy adamlaryň hasaplary bölümine ýüz tutmak bilen, pasport we onuň nusgasyny, kart hasabyny açmak üçin arzany dolduryp bermeli.

  • Depozitar öýjüklerini kärendä bermekligiň şertleri we ýygym tölegleri >

    Bank müşderilere 4-görnüşli depozitar öýjüklerini: nagt pullary, gymmat bahaly kagyzlary, resminamalary, elektron maglumat göterijileri, şaý sepleri, antikwariatlary, suratlary we beýleki gymmatlyklary saklamak üçin, şu aşakdaky şertlerde kärendä berýär:

    öýjügiň açary üçin tölegi - 100 TMT

    öýjük üçin aýlyk kärende tölegi:

    Mini 20 TMT
    Medium 30 TMT
    Medium-extra 40 TMT
    Max 50 TMT

    Kärende şertnamasyny baglaşmak üçin bankyň Hasaplaşyk amallary müdirliginiň şahsy adamlaryň hasaplary bölümine pasport bilen onuň nusgasy bilen ýüz tutup bilersiňiz.

  • Könelen pullary ýaramly pullara çalyşmagyň şertleri we ýygym tölegleri >

     

    Bank könelen pullary ýaramly pullara çalyşmaklygy aşakdaky şertlerde amala aşyrýar:

     

    milli  manatda - Mugt
    daşary ýurt walýutada - 10%

    Bu amaly resmileşdirmek üçin bankyň Hasaplaşyk amallary müdirliginiň şahsy adamlaryň hasaplary bölümine ýüz tutup bilersiňiz.

  • Banknotlaryň hakykylygyny barlamaklygynyň şertleri we ýygym tölegleri >

    Bank banknotlaryň hakykatlygyny barlamaklygy şu aşakdaky şertlerde amala aşyrýar:

    banknotlaryň hakykatlygyny barlamak - 0,15%, min 1 USD

    Bu amaly resmileşdirmek üçin bankyň Hasaplaşyk amallary müdirliginiň şahsy adamlaryň hasaplary bölümine ýüz tutup bilersiňiz.

  • Pullary owratmagyň (ireltmek) şertleri we ýygym tölegleri. >

    Pullary owratmaklyk / ireltmek (amalyň möçberinden) şu aşakdaky şertlerde amala aşyrýar:

    milli manatda - Mugt

    daşary ýurt pulunda - 1,5%

    Bu amaly resmileşdirmek üçin bankyň Hasaplaşyk amallary müdirliginiň şahsy adamlaryň hasaplary bölümine ýüz tutup bilersiňiz.

  • 1