Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

 

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

Önümçilige maýa goýum serişdeleriniň goýulmagy halk hojalygynyň esasy pudaklaryny we ulgamlaryny ösdürmegiň maksatnamalaryna netijeliligi bermäge, ýurdumyzyň önüm öndürijilerini, şol sanda hususy önüm öndürijilerini goldamaga ýardam etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň girdejileriniň çeşmesi bolup durýan, uly isleg bildirilýän harytlaryň hasabyna eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge hem kömek edýär.

Kiçi we orta telekeçiligi, şeýle hem daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini ösdürmek häzirki wagtda Türkmenistanyň ykdysady syýsatynyň esasy aýratynlygydyr. Kiçi we orta, şol sanda hususy telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamagyň esasy maksatlary täze iş orunlaryny döretmek bilen bagly haryt bazaryny ýerli önümlerden doldurmak, bäsdeşligi ösdürmek, maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak hem-de telekeçilik birlikleriniň işiniň ýurt üçin ileri tutulýan ugurlaryny çekmek bilen baglanyşykly maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmekdir. Oba hojalygy ulgamynda hususy telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak wajyp ähmiýete eýe bolmak bilen, bank ulgamy bu işe mynasyp goşant goşýar.  

Islendik telekeçilik işini başlamak üçin, hatda kiçi göwrümli işde hem, başlangyç maýa örän möhümdir. Enjamlary we harytlary satyn almak, degişli ýeri saýlamak zerur bolup durýar. Käbirleri artdyran öz serişdeleri bilen hem öz işlerini dolandyryp bilýärler, emma telekeçileriň aglaba bölegi işewürligi ilerletmek üçin banklardan karz serişdelerini almaga isleg bildirýärler.

Oba hojalygynda kiçi kärhanalary döretmekde we ösdürmekde maliýe kömegi aýratyn möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky oba ilatyna we ýer böleklerine eýeçilik edýän şäher ilatyna  ýurduň çäginde oba hojalygyny ösdürmek hem-de önümçiligi goldamak maksady bilen, kiçi göwrümli karzlary hödürleýär.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan berilýän bu kiçi göwrümli karz 30 müň manada çenli bolup, ýyllyk 10 göterim bilen 3 ýyl möhlete berilýär. Karzy almak üçin, ilkinji nobatda, uly bolmadyk oba hojalyk işi ýa-da medeni ösümlikleriň ösdürilmegi göz öňünde tutulýan ýer böleginiň bolmagy esasy şertdir. Karzy almak üçin arza berlende, ýer bölegi baradaky (hususy eýeçilikde ýa-da kärende hukugy esasynda) resminamadan başga-da, arzada karzy almagyň maksady we işiň gysga beýany üpjün edilmeli. Bu oba hojalyk enjamlaryny satyn almak, mallar üçin bassyrma ýa-da gök önümleri ösdürip ýetişdirmek üçin ýyladyşhana gurmak, maldarçylygy ýa-da guşçylygy köpeltmek bilen bagly zerur bolan zatlary satyn almaga mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyndan alnan kiçi göwrümli karzlar raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny höweslendirmek maksadyna  berilýär. Uly bolmadyk telekeçilige başlamak ýa-da dowam etdirmek üçin zerur bolan serişdeleri satyn almaga belli bir möçberdäki pul serişdeleri azlyk eden halatynda beýleki karz edaralaryň, şol sanda bankymyzyň hödürleýän kiçi göwrümli karzlary amatly şertleri döredýär.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky diňe bir daýhançylyk bilen meşgullanmak isleýänler üçin däl, eýsem, bankdan gysga möhletli karz serişdelerini almagyň ýene bir görnüşi bolan «Owerdraft» - bank kartyna çykdajylaryň çäginden geçmäge mümkinçilik berýän beýleki sarp ediş karzlaryny berýär hem-de karz almak üçin banka barmak zerurlygyny aradan aýyrýan onlaýn-arza hyzmatyny hem hödürleýär. Şeýle-de bank milli töleg ulgamyny ählumumy ulgama birleşdirmäge, ygtybarly tölegleri, şol sanda galtaşyksyz tölegleri amala aşyrmaga mümkinçilik berýän «Milli Visa» kartyny hem işe girizdi hem-de «Internet-banking» hyzmatlaryny we bankyň müşderilerine bank seýflerini kärendesine bermek hyzmatyny hem hödürleýär. Şeýle-de, geçirilýän nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini has-da giňeltmek, töleg işini ýeňilleşdirmek hem-de onlaýn-söwda arkaly harytlaryň we hyzmatlaryň mukdaryny artdyrmak maksady bilen, bank täze elektron - söwda hyzmatyny işe girizdi, ol satyjynyň internet sahypasy arkaly harytlar we hyzmatlar üçin halkara hem-de milli töleg ulgamlarynda bank kartlary bilen hasaplaşmaga mümkinçilik döredýär. Bular bilen birlikde, telekeçiligi ösdürmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmek üçin raýatlara hem-de kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerine ýeňillikli karzlary bermek, ilatyň goýumlarynyň möçberlerini artdyrmak we dürli ulgamlardaky ykdysady taýdan bähbitli taslamalary karz serişdeleri bilen üpjün etmek ýaly maliýe hyzmatlarynyň elýeterlilik derejesiniň ýokarlandyrylmagy we görnüşleriniň artdyrylmagy ugrunda işler alnyp barylýar.

Ýene bir bellemeli wakalaryň biri 2020-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky Beýik Britaniýanyň abraýly maliýe žurnaly “The Banker” tarapyndan 14-nji gezek Türkmenistanyň iň gowy banky diýen ada mynasyp boldy.

 

Bäşowa Enejan

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň

Meýilleşdiriş we seljeriş müdirliginiň baş hünärmeni