Türkmenistanyň Döwlet Daşary
Ykdysady Iş Banky

 

Ýyllyk 5% göterimli karz

  • Maýa goýum taslamasy üçin 10 ýyla çenli
  • Aýlanşyk serişdelerini satyn almak üçin 1 ýyla çenli

Maýa goýum taslamasynyň 85%-ni karzlaşdyrmak göz öňünde tutulan:

  • Senagat önümleriniň önümçiligini ösdürmek
  • Guramany giňeltmek, täzeden guramaklyk we enjamlaşdyrmak
  • Gurluşygy we gurluşyk materiallar senagatyny ösdürmek
  • Transport, aragatnaşygy we maglumatlar tehnologiýasyny (IT) ösdürmek
  • Ilata edilýän hyzmatlar pudagyny ösdürmek
  • Syýahatçylyk hyzmatlaryny ösdürmek
  • Halk çeperçilik senetleriniň we amaly sungatyň önümlerini öndürmek
  • Şeýle hem , Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelmeýän beýleki telekeçilik işleriniň innowosion taslamalary.


Import şertnamalary boýunça söwdanyň maliýeleşdirilmegi

"Söwdanyň maliýeleşdirilmegi" – hasaplaşyklaryň ynamlylygyny we zerur harçlaryň el ýeterli bolmagyny üpjün edýän iň amatly guraldyr.

Bu önümiň ulanylmagy biziň müşderilerimiziň söwdalarynyň maliýeleşdirilmegine uly goldaw berýär:

  • karz ulgamy hasabyna akkreditiwleriň açylmagy we kepilnamalaryň berilmegi
  • akkreditiw boýunça töleg geçirilen güni Bank tarapyndan müşderä karz berilmegi

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynda söwdany maliýeleşdirilmegiň artykmaçlyklary:

  • Akkreditiw açyp, bank daşary ýurt satyjynyň bankynyň öňünde harydyň ugradylan ýa-da gowşurylan ýagdaýynda degişli resminamalaryň esasynda tölenmegine borçlanýar
  • Töleg kepilnamasyny berip, harytlaryň gelenden soň degişli resminamalaryň esasynda töleg geçirjekdigini borçlanýar
  • Satyn alyjy öz hususy serişdelerini harç etmezden bank bilen harydy ýerleşdireninden soň hasaplaşýar
  • Amatly töleg şertler we nyrhlar

Maliýeleşdirmegiň esasy şertleri:

  • Göterimli goýum ýylda- 7%
  • Şertnama – import şertnamasy bolmaly
  • Maliýeleşdirmegiň möhleti – 2 ýyla çenli
  • Maliýeleşdirmegiň möçberi – şertnamanyň bahasyndan 80% çenli
  • Ýeňillikli döwür – söwda maliýeleşdirmegiň tölegi geçen gününden karzy gaýtarmagyň ýeňillikli döwri 90 güne çenli


Faktoring

"Faktoring" – bu Satyn alyjy tarapyndan öz wagtynda borçlarynyň tölemezlikleri netijesinde Satyjy üçin wagtlaýyn bolan maliýe kynçylyklary we olar üçin karz çeşmeleriniň elýeterliliginde çäklilikleri ýüze çykarýan maliýeleşdirme görnüşidir.

Bu nähili işleýär:

  • Satyjy Alyja harydy (hyzmaty ) üpjünçiligiň şertnamasyna görä möhleti yza çekilen töleg bilen tabşyrýar
  • Satyjy talap hukuklary we ýollanan harydyň resminamalaryny Banka getirip tabşyrýar
  • Bank tölegi satyn alyjylaryň bergisini 80% çenli tabşyryjynyň hasabynya amala aşyrýar, iň ýokary möhleti 6 aý zähmet hakynda 15%
  • Bank Faktoring şertnamasyna baglylykda komissiýa tutup galýar, awans tölegini ýapýar we galan tölegiň hemmesini Satyjynyň hasabyna geçirýär

Faktoringiň artykmaçlary:

  • Satyjy harydy ýollan bada öz puluny alyp biler
  • Dolanşyk serişdeleriniň gytçylygynyň bolmazlygy
  • Satyn alyjynyň amatly şertleri, yagny Möhleti uzaldylan tölegi, bardygy sebäpli söwdasynyň ösmegi


Söwda üçin goýberilen karz

Gerekli bolan karz resurslary lomaý-bölekleýin söwda karzlary Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynda iň amatly çözgütleri görkezýär (dolanşyk serişdeleriň üstini dolma, haryt satyn alynma, goşmaça satuw nokatlaryň açylmagy we ş.m).

Karz pul bermegiň şertleri:

  • Ýyllyk göterimi - 13-15%
  • Möhleti- 2 ýyla çenli
  • Karzyň möçberi- şertnamanyň bahasyndan 100% çenli
  • Rewolwer (gaýtadan başlamak) karzyny ygtyýar bermek mümkinçiligi

Bankyň tejribeli işgärleri Size Siziň kärhanaňyzyň üçin maliýeleşdirmäniň mazmunyny saýlamaga kömek eder.