Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

 

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

    2020-nji ýylyň iýun aýynyň 26-na hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi. Wise-premýer degişli Konsepsiýada kesgitlenen wezipeleri çözmek bilen baglylykda, milli ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Hususan-da, halk hojalyk toplumynyň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyzyň karz beriji edaralary tarapyndan döwrebap maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary esasynda edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak barada habar berildi.

    Häzirki döwürde nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek maksady bilen, Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan «Milli VISA karty» atly täze bank kartyny ulanyşa girizmek boýunça degişli işler geçirildi. Wise-premýer munuň ýurdumyzyň bank ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek hem-de milli töleg ulgamyny döwrebap halkara ulgama birikdirmek üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny belledi.

    Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Milli VISA kartyň» täze görnüşini dolanyşyga girizmek boýunça işleri işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtady hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.