Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

 

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

  /   Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   24.10.2020  /   

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň on ikinji maslahaty boldy. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan möhüm kadalaşdyryjy-hukuk resminamalarynyň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahata gatnaşmak üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Maslahatda “Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Kanunyň taslamasyna, şeýle hem “Türkmenistanyň 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” kararyň taslamasyna garaldy. Şol taslamalar milli parlamentiň ähli komitetlerinde, şeýle hem aýry-aýry pudaklarda — ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda deslapdan ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň maslahatynyň öň ýanynda, ýagny 23-nji oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Kanunyň taslamasy babatda birnäçe anyk maslahatlary berdi.

Hususan-da, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgeden ugur alyp, geljek ýylda depginli durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen, bazar ykdysadyýetiniň döwrebap usullaryny ornaşdyrmakda durmuş maksatly ykdysady syýasaty amala aşyrmagyň dowam etdirilmelidigini nygtady.

Jemi içerki önümiň ösüş depginini deňeşdirilýän görkezijilerde 6,2 göterim derejede emele getirmek meýilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiz bu işleriň ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň durnukly depgin bilen ösmeginiň hasabyna üpjün edilmelidigini aýtdy.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetinde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlaryň ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýetirýän ýaramaz täsirlerini peseltmek hem-de ykdysadyýetiň kadaly ösüşini dowam etmek boýunça çäreleriň meýilleşdirilmelidigini belledi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysady pudaga we raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maýa goýumlarynyň möçberini artdyrmagyň wajypdygyny aýtdy. Alnyp barylýan önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyny dowam etmek üçin ýeterlik maliýe serişdeleri göz öňünde tutulmalydyr.

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmegiň, eksport edilýän harytlaryň möçberini artdyrmagyň, elektron senagatyny döretmegiň döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir.

Hormatly Prezidentimiz ykdysadyýetimiziň durmuş ugurlylygy ýörelgesini saklamak bilen, geljek ýylda Döwlet býujetiniň umumy çykdajylarynyň 70 göteriminden gowrak möçberini durmuş ulgamyny ösdürmäge gönükdirmegi tabşyrdy.

Bu serişdeleriň 28,5 göterimi bilimi, 10 göterimi saglygy goraýşy we 24,8 göterimi durmuş üpjünçilik ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirilmelidir. Halk hojalygynda zähmet çekýän işgärleriň zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň 10 göterim ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen çäreler dowam etdirilmelidir. 2021-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetinde ilatymyzyň abadan hem-de bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek üçin çykdajylary göz öňünde tutmak zerurdyr — bu işler ilatymyzyň durmuş goraglylygyny, iş bilen üpjünçiligini, durmuş we zähmet şertleriniň mynasyp derejesini üpjün etmek bilen bagly möhüm çäreleriň ýerine ýetirilmegini hem öz içine almalydyr diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Şeýlelikde, Mejlisiň şu gezek geçirilýän maslahatynyň garamagyna hödürlenen esasy maliýe-hukuk resminamasy ykdysady strategiýadan ugur alnyp taýýarlanyldy hem-de giň gerimli döwlet maksatnamalarynda, şol sanda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasynda berkidilen wezipeleri amala aşyrmagyň esasy guraly bolup durýar.

“Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Kanun ýurdumyzy ykdysady we durmuş taýdan ösdürmegiň depginini kesgitlemäge gönükdirilendir. Ol, ilkinji nobatda, ykdysady ösüşiň depginlerini goldamaga, ýurdumyzyň ägirt uly kuwwatyny amala aşyrmaga, döwlet çykdajylarynyň ýokary netijeliligini üpjün etmäge hem-de türkmen halkynyň hal-ýagdaýyny, her bir maşgalanyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga ugrukdyrylandyr.

Maslahatyň barşynda parlamentariler ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda gazanylan üstünlikleri, 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny düzmegiň esasy çemeleşmeleri we ýörelgeleri, onuň girdeji bölegini düzmegiň aýratynlyklaryny we beýlekileri ara alyp maslahatlaşdylar.

Mejlisiň deputatlarynyň belleýşi ýaly, dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ählumumy ulgamynda emele gelen ýagdaýy, häzirki mümkinçilikleri we garaşylýan çaklamalary nazara almak bilen, ähli pudaklary ösdürmegiň hem-de esasy serişdelere maýa goýmagyň, häzirki zaman bazar gurallaryny ornaşdyrmagyň hasabyna ykdysadyýetiň ýokary ösüş depginlerini saklamak Döwlet býujetiniň möhüm wezipesi bolup durýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maslahatlaryna laýyklykda, 2021-nji ýyl Döwlet býujetiniň taslamasynda pul serişdeleriniň 70 göterimden gowragy durmuş ulgamyny ösdürmäge, hususan-da, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, döwlet durmuş üpjünçilik ulgamlaryny, ýaşaýyş-jemagat hojalygyny, umumy häsiýetli döwlet hyzmatlaryny ösdürmäge gönükdiriler.

Geljek ýyl maýa goýumlarynyň belli bir möçberini ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyna gönükdirmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, möçberi 10 göterim ýokarlandyryljak aýlyk iş haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp we diňleýji haklary 2021-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň goralan maddalary bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge tarap alyp barýan ugrunyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, geljek ýyl obasenagat toplumy, ulag, aragatnaşyk, gurluşyk, dokma we azyk senagaty pudaklary okgunly ösüşe eýe bolar. Ulag-aragatnaşyk we önümçilik düzümleriniň möhüm desgalarynyň gurluşygy ýokary depginlerde dowam eder.

Maslahatyň barşynda geljek ýyl üçin esasy maliýe-hukuk resminamasynyň taslamasynda göz öňünde tutulan ýerli býujetleriň görkezijilerine seredildi.

Habar berlişi ýaly, 2021-nji ýyl telekeçiligi, kiçi we orta işewürligi goldamak, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmak, içerki bazarda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça çäreler meýilleşdirildi.

Şolar bilen birlikde, döwlet eýeçiligindäki desgalary we kärhanalary hususylaşdyrmak, paýdarlar jemgyýetlerini döretmek, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde hususy pudagyň paýyny artdyrmak boýunça işler dowam etdiriler.

Şeýle hem işiň esasy ugurlarynyň hatarynda salgyt ulgamyny kämilleşdirmek, döwlet we milli maksatnamalarynyň çäklerinde bellenilen meýilnamalary durmuşa geçirmek üçin maliýeleşdirmegiň goşmaça çeşmelerini gözlemek, bazar gurallaryny özgertmegi dowam etmek wezipeleri bar.

“Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Kanunyň taslamasyny kabul etmek barada biragyzdan ses beren deputatlaryň gelen netijesine görä, bu resminama sowatly hasaplama esaslanyp, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, döwletiň we jemgyýetiň serişdeler kuwwaty bilen berkidildi hem-de halkymyzyň bähbidine hyzmat edip, onuň abadançylygyny berkider.

Şeýle hem “Türkmenistanyň 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” Mejlisiň karary biragyzdan kabul edildi.

Soňra parlamentiň agzalary “Türkmenistanyň Administratiw iş ýörediş kodeksini tassyklamak we herekete girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakynda”, “Konsullyk gullugy hakynda” Kanunlaryň taslamalaryna seretdiler.

Bellenilişi ýaly, raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, jemgyýeti mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga ýardam etmek we döwletiň bähbitlerini ileri tutmak şol hukuk resminamalarynyň esasy wezipesi bolup durýar.

Raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny berkitmäge hem-de ýurdumyzda hukuk düzgünlerini tertipleşdirmäge gönükdirilen Türkmenistanyň Administratiw iş ýörediş kodeksi köpçülikleýin hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykýan jedeller boýunça kazyýet önümçiliginiň tertibini, iş ýörediş ýörelgelerini hem-de kazyýetde olara seretmegiň we çözmegiň düzgünlerini kesgitleýär.

Döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny hem-de “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Konstitusion kanunyň kabul edilmegini, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň deputatlar düzüminiň öňünde goýan möhüm wezipelerini nazara almak bilen, parlament tarapyndan ilkinji gezek “Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakynda” Kanunyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Bellenilişi ýaly, bu resminama şol wekilçilikli kanun çykaryjy edaranyň işiniň guralyşyny, onuň palatalarynyň we Prezidiumlarynyň, komitetleriniň we toparlarynyň, agzalarynyň we deputatlarynyň iş tertibini, wezipelerini we ygtyýarlyklaryny kesgitleýär. Deputatlar çykyşlarynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen çözgütlere laýyklykda, ýurdumyzda kanun çykaryjylyk häkimiýetini amala aşyrjak Milli Geňeşiň işini guramagyň möhümdigine üns berdiler.

Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakynda” Kanunyň kabul edilmegi berkarar Watanymyzda parlamentarizmi we demokratik özgertmeleri ösdürmekde täze döwrüň başlanmagyny aňladar. Şol özgertmeleri diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan döwlet gurluşynyň möhüm wezipesi hökmünde öňe sürüldi.

“Konsullyk gullugy hakynda” Kanunyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda bu resminamanyň degişli düzümiň hukuk esasyny, konsullyk wezipeli adamyň Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky raýatlarynyň we ýuridik şahslarynyň hukuklaryny we bähbitlerini goramak boýunça wezipelerini kesgitleýändigi nygtalýar.

Resminama laýyklykda, konsullyk gullugynyň üstüne daşary döwletler bilen konsullyk gatnaşyklary babatda döwlet syýasatynyň amala aşyrylmagyny üpjün etmek, ýurdumyzyň bähbitlerini goramak, Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryny üpjün etmek, dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge ýardam etmek hem-de daşary döwletler hem-de halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy, ykdysady, söwda, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek boýunça wezipeler ýüklenýär.

Bulardan başga-da, bu gullugyň wezipelerine ýurdumyzyň beýleki döwletler bilen konsullyk gatnaşyklarynyň ösüşini öwrenmek we çaklamak, ministrliklere, edaralara we guramalara daşary ýurtlardaky hyzmatdaşlar bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmaga we giňeltmäge, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasaty, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady we medeni durmuşy baradaky habarlary ýaýratmaga ýardam etmek, ýurdumyzyň daşary döwletler bilen konsullyk gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny döretmäge gatnaşmak wezipeleri girýär.

Deputatlar “Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion Kanunyny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Daşary ykdysady gatnaşyklarda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda”, “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunyna goşmaça we üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda», “Ýer hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunyna goşmaça we üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Migrasiýa gullugy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda” Kanunlaryň taslamalaryny-da ara alyp maslahatlaşdylar.

Maslahatda “Biologik dürlülik baradaky Konwensiýanyň Genetik baýlyklaryň elýeterliligini kadalaşdyrmak hem-de olary ulanmakdan gelip çykýan peýdany adalatly we deň derejede paýlaşmak hakyndaky Nagoýa Teswirnamasyna goşulmak hakynda”, “Howpsuzlyk babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda”, “Gümrük amallarynyň ýönekeýleşdirilmegi we sazlaşyklylygy hakyndaky halkara Konwensiýasyna goşulmak hakynda” Mejlisiň kararlarynyň taslamalaryna-da seredildi.

Bulardan başga-da, birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň gün tertibine girizilen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.

Maslahatyň ahyrynda milli parlamentiň deputatlary bu hukuk resminamalarynyň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň hereket edýän kanunlarynyň üstüni ýetirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň berkarar Watanymyzy durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler ýoly bilen batly depginlerde öňe alyp gitmek boýunça öňde goýan wezipelerini çözmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.