Durnukly ösüş maksatnamalaryna (DÖM) we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda göz öňünde tutulan milli strategik maksatlara, Türkmenistanyň sanly ykdysadyýetini ösdürmegiň 2019-2025-nji ýyllar üçin konsepsiýasyna esaslanyp, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky (TDDYIB) we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) TDDYIB-nyň innowasion işewirlik modelini we sanly özgertmelerini işläp taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlygy dowam etmek maksady bilen, “Bank ulgamynda işewriligi alyp barmak we sanly özgertmeler ulgamynda goldaw bermek” atly täze taslama işe girizildi.
Bu täze taslama BMGÖM bilen TDDYIB-nyň arasynda gol çekilen, Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatnamasyna ýetmek üçin ösüşi maliýeleşdirmek maksady bilen serişdelerini jemlemek boýunça bilelikde hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň şertlerini durmuşa geçirmek üçin başlandy, bu Ähtnama TDDYIB-nyň daşarky maliýe serişdelerini çekmek we ösüş ulgamynda taslamalary maliýeleşdirmegi amala aşyrmak üçin zerur bolan kuwwatyny pugtalandyrmagy dowam etmäge gönükdirilendir
Şu maksat bilen, taslamanyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň biri hökmünde Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlaryna laýyklygyny ýokarlandyrmaklyk kesgitlenildi. 2012-nji ýyldan başlap TDDYIB özüniň maliýe hasabatlylygyny Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlaryna (MHHS) laýyklykda taýýarlaýar. 2014-nji ýylyň iýulynda Buhgalterçilik hasaba alnyşynyň halkara standartlary boýunça geňeş (BHHSG) MHHS-nyň (IFRS) täze “Maliýe gurallary” atly 9-njy standarty tassyklady, ol 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girdi. MHHS 9-njy standartynyň gutarnykly görnüşi maliýe gurallaryny hasaba almagyň ähli tapgyrlaryny, ýagny toparlara bölmegi we ölçemegi, gymmatynyň gaçmagyny we hejirlemegi bir ýene jemleýär we “Maliýe gurallary: ykrar etmek we baha bermek” atly 39 standartyny –– çalyşýar.
MHHS 9-njy standarty bank ulgamyna örän uly täsir etmegine garaşylýar, sebäbi maliýe gurallarynyň toparlara bölünişine üýtgetme girizmek zerur bolar. Adatça has köp maliýe gurallary bolan banklar özlerinde bar bolan her bir guralyň topara bölünişiniň üýtgändigine we eger üýtgän bolsa nähili üýtgändigine baha bermeli bolarlar. Mundan başga-da, däp bolan “çekilen ýitgiler modelini” çalyşmak üçin “garaşylýan ýitgiler modeliniň” ornaşdyrylmagy karzlaşdyrylýan möhletiň bütin dowamynda karz töwekgelçiliginiň derejesine üznüksiz gaýtadan baha bermeleri geçirmegi talap eder, ozalky modelde karzlara bir gezek absolýut manyda baha berilýärdi.
MHHS 9 “Maliýe gurallary”, hususan, indiki bölümlerden ybarat:
- ykrar etmek we ykrar etmegi bes etmek (maliýe aktiwleriniň we borçnamalarynyň başdan ykrar edilmegi, ykrar edilmeginiň bes edilmegi);
- topara bölüniş (maliýe aktiwleriniň, borçnamalaryň topara bölünişi, gurnalan ýasama gurallar, gaýtadan topara bölüniş);
- baha bermek (maliýe aktiwlerine we borçnamalaryna başlangyç we soňraky baha berlişi, amortizasiýa edilen gymmaty boýunça baha bermek, bahasyny ýitirmek);
- hedjirlemäniň hasaba alnyşy (hedjirlemäniň gurallary, obýektleri, obýektleriň toparynyň hedjirlemesi).
Bu Standart ozal hereket eden maliýe gurallarynyň topara bölünişine we baha berilşine, maliýe aktiwleriniň gymmatyny gaçyrmagyna, şeýle hem hedjirlemäň hasaba alnyşyna deňeşdirilende birnäçe möhüm tapawutlary bar. Has wajyp tapawudy bolup ätiýaçlyklary maliýe aktiwleriň garaşylýan karz ýitgileriniň esasynda gymmatyny gaçyrmagynyň hasabyna emele getirilmegi bolup durýar.
Ozalky MHHS (IAS) 39 “Maliýe gurallary: ykrar etmek we baha bermek” standartyň epesli ýetmezçilikleri bolan. Hususan-da, onda maliýe aktiwleri üçin ýetirilen ýitgileriň modeli ulanylypdy, haçan-da ýitgilere getirýän waka şol ýitgiler üçin ätiýaçlyklaryň döredilmeginden öň bolup geçýärdi.
MHHS 9 laýyklykda ätiýaçlyklaryň emele getirilişi üçin garaşylýan ýitgileriň (expected loss) modeli ulanylýar. Bu maliýe hasabatlylygynyň peýdalanyjylary indi maliýe aktiwleriniň diňe ozal bolup geçen ýa-da häzirki wagtda bolup duran wakalaryň esasynda gymmatynyň gaçmagyna baha bermegi görmeli dälde, eýsem geljekki, şol sanda makroykdysady häsiýetli şertleri we wakalary hasaba alýan bahalandyrmany görmegi başarmaly.
TDDYIB-nyň we BMGÖM-yň bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde Price Waterhouse Coopers kompaniýasy TDDYIB-nyň maliýe hasabatlylygyny MHHS 9-njy standartlarynyň talaplaryny ýerine ýetirmek üçin özgertmek boýunça çäreleri amala aşyrdy. PWC kompaniýasy MHHS 9-njy standartlarynyň talaplaryna laýyk gelmek üçin bankyň bar bolan işlerine, düzgünlerine we modellerine geçirilen synyň netijeleri boýunça TDDYIB-nyň düzgün kadalaýjy resminamalaryny hasaba almak bilen usulyýet gözükdirijileriň bir toplumy işlenilip taýýarlady.
Bu taslamanyň netijesinde Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykydysady Iş Banky tarapyndan Türkmenistanda ilkinji bolup Maliýe hasabatlylygy 2019-njy ýyl üçin MHHS 9-njy standartyna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy we mundan beýläk ulanmak üçin ýola goýuldy.