Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

 

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

 /   Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   12.11.2020  /   

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi.

Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiziň abraýly halkara we sebit maliýe düzümleri bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak, ýerli haryt öndürijileri goldamak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hasabatyň aýratyn meselesi boldy.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna hususy ulgamy ösdürmek boýunça Yslam korporasiýasyndan (IСD) COVID-19 pandemiýasy döwründe ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin 10 million amerikan dollary möçberinde maliýe serişdelerini bermek baradaky teklibini hödürledi.

Bu maliýe serişdeleri Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň üsti bilen hususy ulgamyň taslamalaryny maliýeleşdirmäge, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda telekeçilik işjeňligini ýokarlandyrmaga, kiçi we orta telekeçiligiň öndürýän harytlarynyň görnüşlerini hem-de mukdaryny köpeltmek, olaryň daşary ýurt bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga hem-de goşmaça iş orunlarynyň döredilmegine gönükdiriler. Bu çäreler, ilkinji nobatda, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişine hem-de eksport ugurly harytlaryň artdyrylmagyna ýardam eder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, soňky ýyllarda Türkmenistanyň daşary ykdysady aragatnaşyklaryny ep-esli giňeldendigini belledi. Ýurdumyz «Açyk gapylar» syýasatyny durmuşa geçirip, iri daşary ýurt kompaniýalary, halkara maliýe düzümleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýdy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň maýa goýum serişdeleriniň uly möçberini çekmäge, giň gerimli düzümleýin taslamalary amala aşyrmaga ýardam edýändigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň innowasion ykdysadyýetinde hususy ulgamyň ornunyň ýokarlandyrylmagyny Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi.

Häzirki wagtda ýerli telekeçiler amala aşyrýan giň möçberli işleri bilen daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmaga hem-de ýurdumyzyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga, bäsdeşlige ukyply önümçilikleri ösdürmäge saldamly goşant goşýarlar.

Hormatly Prezidentimiz teklibi, umuman, makullap, hususy ulgamy ösdürmek boýunça Yslam korporasiýasy tarapyndan berilýän maliýe serişdeleriniň maksadalaýyk ulanylmagy baradaky meseläni berk gözegçilikde saklamak babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli, 2020-nji ýylyň oktýabr — dekabr aýlarynda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň Meýilnamasyna» laýyklykda, 1-nji dekabrda onlaýn görnüşde «Energetika ulgamyndaky durnukly hyzmatdaşlyk ählumumy ösüşiň möhüm şertidir» atly halkara maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bu ulgamda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meselelerine bagyşlanan forumyň gün tertibine Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny durmuşa geçirmek, şeýle hem durnukly ösüşiň we energetika howpsuzlygynyň möhüm şerti bolan halkara turba geçirijilere bagyşlanan meseleler girizildi. Halkara maslahatyň dowamynda gaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyklary geçirmegi göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dünýäniň energetika döwletleriniň hataryna girýän Türkmenistanyň ykdysadyýetinde nebitgaz senagatynyň möhüm orun eýeleýändigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz pudagy mundan beýläk-de ösdürmegiň strategiýasynda göz öňünde tutulmagy zerur şertleriň birnäçesiniň bardygyny aýtdy. Şolaryň hatarynda dünýäniň dürli sebitlerinde energiýa serişdelerine islegler hem-de halkara energetika bazarlarynda bäsdeşlik, sanly tehnologiýalaryň okgunly ösüşi, senagat kärhanalarynyň daşky gurşawa täsiri ýaly meseleler bar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze binýadyny döretmek, energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilmeginiň hem-de üstaşyr geçirilmeginiň ygtybarlylygyny we durnuklylygyny üpjün etmek, Ýewraziýada gaz-ulag düzümini diwersifikasiýa ýoly arkaly ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler möhüm ähmiýete eýedir.

Milli Liderimiz Diýarymyzyň ýangyç-energetika toplumynyň üstünliklerini we kuwwatyny görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, olary dünýäniň işewür toparlary bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeli gurallary, özara bähbitli anyk taslamalar bilen berkitmegiň zerurdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin wajyp çärä öwrüljek hem-de ýurdumyza innowasion tehnologiýalary hem-de goşmaça maýa serişdelerini çekmäge ýardam etjek maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna gabatlanylyp ulanylmaga beriljek önümçilik we durmuş-medeni maksatly iri desgalaryň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy barada aýratyn durup geçdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere baýramçylyk desgalarynyň ählisinde işleriň hiliniň hem-de möhletiniň berjaý edilmegi, olary zerur gurluşyk serişdeleri bilen bökdençsiz üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz milli binagärligiň däpleriniň häzirki zaman şäher gurluşygynyň ýörelgeleri bilen sazlaşykly utgaşdyrylmagynyň wajypdygyny aýdyp, barha gözelleşýän Watanymyzyň şäherleriniň we obalarynyň ajaýyp keşbini hem-de estetiki görnüşiniň türkmenistanlylaryň bagtyýar we abadan durmuşynyň möhüm şerti bolup durýandygyny nygtady.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow soňky ýyllarda ýurdumyzda özboluşly şähergurluşyk-binagärlik ýörelgeleriniň kemala gelendigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işlere berk gözegçiligi amala aşyrmagyň hem-de täsin binagärlik çözgütlerini we taslamalaryny durmuşa geçirmegiň zerurdygyny aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow täze milli elektron poçtany we messenjer programmasyny işe girizmek bilen baglanyşykly meseleler hakynda hasabat berdi.

Wise-premýer «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan täze, döwrebap milli elektron poçtany döretmek üçin programma üpjünçiliginiň işlenip taýýarlanylandygyny we ony synagdan geçirýändiklerini aýtdy. Bu programma çözgüdi poçta hyzmatlaryndan peýdalanmaga mümkinçilik berýän moduly öz içine alýar.

Sanly ykdysadyýeti işjeňleşdirmek boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, «Altyn asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hünärmenleri Diýarymyzda ilkinji milli onlaýn hat-habar alyş-çalyş ulgamynyň — messenjer programmasyny we mobil goşundysyny döretdiler.

Internet ulgamy arkaly bu ykjam programma üpjünçiliginiň üsti bilen onlaýn görnüşde hat-habarlary alyşmaga, toparlaýyn söhbetdeşlikleri guramaga, sesli we wideojaňlary amala aşyrmaga, dürli görnüşdäki elektron faýllary ugratmaga hem-de kabul etmäge mümkinçilik emele gelýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň sanlylaşdyrmagy, intellektual ulgamlaryň sazlaşykly hereketiniň üpjün edilmegi boýunça möhüm wezipäni ýerine ýetirýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz kommunikasiýa toplumyny sanlylaşdyrmak meseleleri baradaky gürrüňi dowam edip, Diýarymyzyň öňdebaryjy tehnologiýalaryň, giň ulgamly internet giňişligine goşulyşmak arkaly aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberini, görnüşini artdyrmagyň hem-de hilini gowulandyrmagyň esasynda aragatnaşyk ulgamynyň döredilmegine gönükdirilen iri taslamalaryň tutuş toplumyny amala aşyrmaga girişendigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz täze milli elektron poçtany we messenjer programmasyny herekete girizmek boýunça alnyp barylýan işleri çaltlandyrmak babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pudaklaýyn düzümleri döwrebaplaşdyrmak we köpugurly esasda ösdürmek, aragatnaşyk pudagynda kämil enjamlary hem-de täzeçil tehnologiýalary işjeň ulanmak babatda paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň häkimlerine hem degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli, halkara sergini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Wise-premýer gözden geçirilişiň Diýarymyzyň ähli ugurlar boýunça gazanýan üstünliklerini giňden görkezmäge gönükdirilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwrebap interaktiw, multimediýa tehnologiýalaryny ulanmak göz öňünde tutulýar.

Serginiň çäklerinde ylmy-amaly konferensiýalary, wideoaragatnaşyk arkaly maslahatlary, “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikleri, tanyşdyrylyş çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär. Şolaryň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk hakyndaky resminamalara gol çekiler.

Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna halkara forumyň iş maksatnamasynyň taslamasyny hödürläp, 1 — 10-njy dekabr aralygynda gazanylan üstünlikleriň gözden geçirilişini guramagy teklip etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze ajaýyp mümkinçilikleriň açylýandygyny nygtady. Biziň ýurdumyz okgunly ösýän, ýokary tehnologiýalara hem-de innowasiýalara esaslanýan döwlet hökmünde tutuş dünýäde giň meşhurlyga eýe boldy. Diýarymyzda giň gerimli taslamalar hem-de oňyn başlangyçlar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyz milli senenamamyzyň esasy şanly wakalarynyň biri bolan Bitaraplyk güni mynasybetli meýilleşdirilen çärelere hem-de halkara sergilere görülýän taýýarlyk işlerini makullap, bu ugurdaky işi işjeňleşdirmegiň wajypdygyny nygtady hem-de bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň häkimine, welaýatlaryň ýolbaşçylaryna meýilleşdirilen dabaralara ykjam taýýarlyk görmegi, şolaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy hem-de sebitleriň ýeten belent sepgidini görkezmek bilen bagly görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa dekabr aýynda boljak şanly senelere we medeni-durmuş maksatly desgalary ulanmaga bermek mynasybetli guraljak dabaralara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň hormatyna guraljak baýramçylyk dabaralarynyň çäklerinde, paýtagtymyzda hem-de Diýarymyzyň welaýatlarynda ylmy-amaly maslahatlar, sergiler, döredijilik duşuşyklary, bäsleşikler, aň-bilim we sport çäreleri, media-maslahatlar guralar.

Ýurdumyzyň dünýäniň döwletleri bilen medeni gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin onlaýn tertibinde birnäçe halkara derejedäki çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda medeni-durmuş maksatly binalaryň we ýaşaýyş jaýlarynyň birnäçesiniň ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýär. 12-nji dekabrda «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahat, medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda konsert geçiriler. Şeýle hem ýurdumyzyň nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň hünär baýramy mynasybetli birnäçe çäreler meýilleşdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň hormatyna guralýan dabaralaryň we halkara döredijilik çäreleriniň hem-de dekabr aýynda meýilleşdirilen ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz şolaryň her biriniň ähmiýetli, many-mazmuna baý bolmalydygyny we milli däplere laýyklykda, giňden hem-de ruhubelentlikde geçirilmelidigini belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň indiki ýylda belleniljek 30 ýyllyk baýramyna taýýarlyk işlerine häzirki günlerden başlamagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz bu taryhy senä bagyşlanan ähli çäreleriň taýýarlyk işleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde alnyp barylmalydygyny, şolaryň Garaşsyz döwletimiziň umumadamzat, ynsanperwer ýörelgelerine esaslanýan syýasatynyň düýp mazmunyny açyp görkezmelidigini belledi hem-de bu babatda wise-premýere, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlerine anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygymyň şanly 25 ýyllyk baýramy mynasybetli onlaýn görnüşde “Bitarap Türkmenistan — ÝUNESKO: taryhy we medeni ugurlarda halkara hyzmatdaşlyk” atly halkara ylmy maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň we Parfiýanyň Nusaý galalarynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň, «Görogly» şadessanynyň, «Küştdepdi» aýdym we tans dessurynyň hem-de türkmen milli halyçylyk sungatynyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi ýurdumyzyň bu abraýly halkara gurama bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygynyň aýdyň nyşany bolup durýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylygyň hem-de ählumumy abadançylygyň bähbidine alyp barýan medeni we ylmy diplomatiýasynyň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Şu ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar hem-de Taryh we arheologiýa institutlarynyň guramagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramy mynasybetli, onlaýn görnüşde geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara maslahat Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen özara gatnaşyklarynyň dowamynda ýetilen sepgitlere hem-de geljekki ugurlaryna özboluşly seljerme bolar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhynyň, medeni we ruhy mirasynyň gymmatlyklarynyň düýpli öwrenilmeginiň, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen gadymy galalaryň, kerwensaraýlaryň, ýadygärlikleriň ähmiýetini dünýäde wagyz etmek işiniň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň esasy wezipeleriniň biridigini belledi. Bu ugurda alnyp barylýan giň gerimli işler oňat netijelerini berýär. Munuň özi ösüp barýan ýaş nesilleri ata

Watanymyza söýgi, şöhratly pederlerimiziň biziň günlerimize gelip ýeten baý, milli mirasyna aýawly garamak ruhunda terbiýelemekde aýratyn ähmiýetlidir.

Garaşsyz Türkmenistanyň dünýä bileleşigi tarapyndan uly gyzyklanma bildirilýän üstünlikleri hem-de ýeten derejesi milli medeni mirasymyzy, türkmen halkynyň baý maddy we ruhy-ahlak gymmatlyklaryny mundan beýläk-de giňden wagyz etmek üçin oňyn mümkinçilikleri üpjün edýär diýip hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň hormatyna guralýan çäreleriň dünýäniň halklary bilen ynsanperwer gatnaşyklaryň giňeldilmegini, türkmen medeniýetiniň hem-de sungatynyň dünýäde wagyz edilmegini, parahatçylygyň we medeni gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam edýändigini belledi hem-de onlaýn görnüşde geçiriljek halkara maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň göni aragatnaşyk arkaly mejlisinde Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.

Paýtagtymyzy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak, onuň düzümini döwrebaplaşdyrmak, iri desgalaryň gurluşygynyň barşy boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler, şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerindäki işleriň ýagdaýy, ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga, ýerleri geljek ýylyň hasylyna taýýarlamaga gönükdirilen çäreler barada jikme-jik maglumatlar berildi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň depginleri, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler, öňümizdäki şanly senelere taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, paýtagtymyzda we sebitlerde geçirilýän işleriň netijeliligini artdyrmak, şäherlerde arassaçylygyň we abadançylygyň ýokary derejesini üpjün etmek, durmuş düzümini döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleleri hem hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz şunuň bilen bir hatarda, öňümizdäki şanly seneleri mynasyp bellemegiň, ýurdumyz üçin uly ähmiýeti bolan baýramçylyk çärelerinde türkmen döwletiniň gazanýan üstünlikleriniň beýan edilmeginiň hem-de dabaralaryň ýokary derejesini üpjün etmegiň wajypdygyny aýdyp, bu babatda häkimlere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň durmuşa geçirilişi, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler, oba hojalygynda durmuşa geçirilýän özgertmeler, pudagyň işini guramaga häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak, oňa hususy telekeçiligi işjeň çekmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyny ýerine ýetirmek bilen, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin ýörite ýer gaznalary döredilýär.

Şeýle hem welaýatlarda ak ekinlere agrotehniki kada laýyklykda ideg işleri dowam edýär, galan pagta hasylyny ýygnamak, oba hojalyk tehnikalaryny we beýleki enjamlary geljek ýylyň ýaz ekişine taýýarlamak işleri alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda gök, bakja we miwe önümleriniň öndürilişini artdyrmak hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň mukdaryny azaltmak boýunça öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatlarda güýzlük ekinleriň hasylyny ýygnamak, olary sowadyjy ammarlarda saklamak we ýerlemek işleri talabalaýyk alnyp barylýar. Mundan başga-da, ýeralma we beýleki gök ekinleriň ekilýän meýdanlaryny giňeltmek işleri dowam edýär. Balkan we Mary welaýatlarynda gant şugundyrynyň hasyly ýygnalýar.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýer E.Orazgeldiýewe hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, şu günler oba zähmetkeşleriniň durmuşynda agrotehniki çäreleri geçirmek boýunça möhüm möwsümiň başlanandygyny belledi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu çäreleriň ýokary derejede geçirilmeginiň geljekki bol hasylyň we Diýarymyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine ýardam edýändigini belledi hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, suwdan rejeli peýdalanmak, hasyllylygy ýokarlandyrmak, täze ýerleri özleşdirmek meselelerine möhüm üns berilmelidir. Bu pudakda suw tygşytlaýjy tehnologiýalar we beýleki ýurtlaryň ösen tejribeleri işjeň ulanylmalydyr.

Milli Liderimiz oba hojalygyny ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine, maldarçylygy ösdürmek, mallaryň baş sanyny artdyrmak üçin zerur çäreleriň amala aşyrylmagyna işjeň çemeleşilmelidigini aýdyp, bu babatda oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryna birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň hormatyna geçiriljek halkara maslahata, dabaralara we çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Şonuň bilen baglylykda, geçen ýylyň dekabrynda döwlet Baştutanymyzyň degişli Karara gol çekendigi, oňa laýyklykda, giň möçberli maksatnamanyň tassyklanylandygy bellenildi. Maksatnamany amala aşyrmagyň çäklerinde ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda köp sanly çäreler, hususan-da, dürli forumlar, medeni hem-de sport çäreleri guralýar.

2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek “Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti” atly halkara maslahat baýramçylyk dabaralaryň arasynda esasy orny eýeleýär. Bu forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen, degişli işler amala aşyrylýar. Halkara maslahatyň deslapky maksatnamasy taýýarlanyldy. Onuň barşynda birnäçe abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň wideoçykyşlary hem meýilleşdirilýär.

Forumyň işiniň jemleri boýunça Jemleýji Beýannamany kabul etmek göz öňünde tutulýar. Maslahatyň çäklerinde köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, şanly senä bagyşlanan baýramçylyk sergisini guramak teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine gabat gelýän özara bähbitli hyzmatdaşlyk syýasatyna berk ygrarlydygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine halkara derejede ykrar etmegine 25 ýyl dolýandygyny belledi.Geçen döwür ýurdumyzyň durmuşa geçirýän daşary syýasy strategiýasynyň netijeli häsiýete eýedigini, onuň dünýä bileleşiginiň uzak möhletli bähbitlerine laýyk gelýändigini aýdyňlyk bilen görkezdi. Munuň özi 2015-nji ýylyň iýun aýynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Watanymyzyň Bitaraplyk derejesi hakyndaky täze Kararnamanyň kabul edilmegi bilen tassyklanyldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şanly senäni baýram etmek meselesi barada durup geçip hem-de onuň taryhy ähmiýetini nygtap, wise-premýere, daşary işler ministrine halkara maslahatyny we beýleki baýramçylyk çäreleriniň ählisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa milli kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak we Halk Maslahatynyň çözgütlerini durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Mejlisiň nobatdaky maslahatynda ýurdumyzyň durmuş ulgamynyň dürli düzümlerindäki jemgyýetçilik gatnaşyklaryny kadalaşdyrýan kanunçylyk namalarynyň birnäçesi kabul edildi. Deputatlar ilat arasynda olaryň many-mazmunyny düşündirmek işlerini alyp barýarlar.

Halk Maslahatynyň çözgütlerinden gelip çykýan wezipelere kanunçylyk taýdan goldaw bermek maksady bilen, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň teklipleriniň esasynda hereket edýän hukuk binýadyny kämilleşdirmek we döwletimiziň mundan beýläk-de ykdysady, syýasy we medeni ösüşine gönükdirilen täze kanunçylyk taslamalaryny taýýarlamak işleri dowam edýär.

Halkara we parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmek arkaly Mejlisiň wekilleri BMG-niň düzümleýin bölümleriniň onlaýn görnüşde geçirýän dürli çärelerine gatnaşdylar. Deputatlar Halk Maslahatynyň çözgütleriniň, milli Liderimiziň alyp barýan daşary we içeri syýasatynyň, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmeleriň ähmiýetini wagyz etmek hem-de düşündirmek, şeýle hem milli däp-dessurlary saklamak boýunça zerur işleri yzygiderli dowam edýärler.

Hormatly Prezidentimiz Mejlisiň jemgyýetimiziň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, Watanymyzyň durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriň ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegine gönükdirilen wezipeleri çözmek boýunça alyp barýan işleriniň ähmiýetini nygtady.

Milli Liderimiz deputatlaryň ýerlerde saýlawçylar bilen gatnaşyklaryna goldaw bermegiň zerurdygy barada aýdyp, olaryň ösüp barýan ýaş nesilleriň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegine, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň wagyz edilmegine işjeň gatnaşmagynyň wajypdygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow gözegçilik edýän düzümleriniň işi, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen giň gerimli harby özgertmeleriň amala aşyrylyşy, jemgyýetde bitewüligi we jebisligi, ýurdumyzda durnuklylygy pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, Milli goşunyň kuwwatyny artdyrmak, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak hem-de durmuş meselelerini çözmek boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde durýan hem-de diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinadan gelip çykýan gaýragoýulmasyz wezipeleri çözmäge jogapkärli çemeleşmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Bitaraplyk derejesine berk ygrarly bolan türkmen döwleti mundan beýläk hem ýurdumyzyň parahatçylygynyň we howpsuzlygynyň, halkymyzyň abadan durmuşynyň kepili hökmünde goranyş ukybyny pugtalandyrmak barada alada eder.

Hormatly Prezidentimiz döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hem-de öňdebaryjy tejribäni öwrenmegiň hasabyna harby we hukuk goraýjy edaralaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin toplumlaýyn çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz möhüm meýilnamalara ünsi çekip, wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli beýleki möhüm meselelere hem garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.