Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

 

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagyna, raýat jemgyýetini pugtalandyrmaga, syýasy, ykdysady, demokratik özgertmeleri has-da işjeňleşdirmäge uly ähmiýet berilýär.

Il-ýurt bähbitli meseleleri halk bilen, ýaşulular bilen geňeşip çözmek türkmen halkynyň asyrlar boýy dowam edip gelýän häsiýetli aýratynlygydyr. Bu günki gün halkymyzyň bu ajaýyp syýasy we durmuş tejribesi giňden ulanylýar. Munuň şeýledigi jemgyýetçilik gurluşynyň iň gadymy düzümleriniň biri bolan Halk Maslahatynyň mysalynda aýdyň görünýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda - 25-nji sentýabyrda milli Liderimiziň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Umumy milli forumda üstümizdäki ýylyň dowamynda milli ykdysadyýetiň ähli pudaklary boýunça gazanylan oňyn netijelere syn berildi hem-de ilatymyzyň durmuş-ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de gowulandyrmak boýunça öňde durýan wajyp wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz maksatnamalaýyn çykyş etmek bilen, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde raýatlarymyz üçin maliýe hyzmatlarynyň we ykdysady serişdeleriň elýeterliligini üpjün etmek meselelerine aýratyn ünsi çekdi.[1]

Häzirki wagtda bank ulgamynyň durnukly hereket etmegi milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň hem-de halkara ykdysady gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagyň möhüm şerti bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz taryhy çykyşynda maliýe-ykdysady, bank-karz işlerini düýpli seljermek esasynda ykdysady özgertmeleriň dowam ediljekdigini nygtady.

“Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda sanly ulgamlaryň giňden ornaşdyrylmagy ýokary depginde dowam etdirilýär. Sanly özgertmeler müşderilere hödürlenilýän bank hyzmatlarynyň görnüşlerini hem-de milli töleg ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmäge, banklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiziň tassyklan “Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna” laýyklykda, ýurdumyzyň banklary tarapyndan girizilen kartly töleg ulgamy nagt däl hasaplaşyklary kämilleşdirmek boýunça netijeli iş alyp barmaklyga, bank ulgamy üçin nagt pullary sanamak, daşamak ýaly işlerde ýörite amatlyklary döredýär. Bu bolsa ilatymyz üçin hem örän ähmiýetli bolup, häzirki wagtda raýatlaryň zähmet haklary, kömek pullary, talyp haklary elektron töleg kartlary arkaly öz wagtynda talabalaýyk geçirmek üpjün edilýär.

Şeýle hem, bank kartlary arkaly hasaplaşyklar ýurdumyzyň raýatlaryna uly amatlyklary hödürleýär. Häzirki wagtda bank kartlarynyň üsti bilen töleg terminallary arkaly nagt däl görnüşde söwda we hyzmat ediş nokatlarynda harytlary satyn almak, aragatnaşyk, jemagat we ýaşaýyş hyzmatlaryny tölemek, saglygy goraýyş edaralarynyň hyzmatlary, awiapetekler üçin tölemek, karzy üzmek we onuň göterimlerini tölemek mümkinçilikleri döredildi. Söwda nokatlarynda we banklaryň pulhanalarynda nagt puly sanamak üçin nagt däl hasaplaşyklar arkaly wagtyň tygşytlanmagy karz edaralarynyň we ykdysadyýetiň beýleki subýektleri üçin geçirilýän amallar bilen baglanyşykly çykdajylary azaltmaga oňaýly şertleri döredýär.

Türkmenistanda iki derejeli bank ulgamy netijeli hereket etmek bilen olar ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny karz serişdeleri bilen üpjün etmekde esasy orun eýeleýär. Aýratyn hem, bank ulgamy iri maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmegiň we dolanyşyk serişdelerini üpjün etmegiň wajyp çeşmesi bolup hyzmat edýär. Ykdysadyýetiň hususy eýeçilige degişli böleginiň ösmeginde hem bank hyzmatlary uly ähmiýete eýedir. Bank ulgamy tarapyndan berilýän ýeňillikli karz serişdeleri ýurdumyzda hususy önüm öndürijileriň bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmeklerine mümkinçilik döredip, ýerli çig malyň hasabyna öndürilen ýokary hilli harytlar bilen içerki bazarlarymyzyň zerurlyklaryny üpjün edýär hem-de bazar nyrhynyň deňagramly saklanmagyna ýardam berýär.

Bank hyzmatlary babatda geçirilýän özgertmeler bank bazaryna gatnaşyjylaryň we müşderileriň arasyndaky gatnaşyklaryň düýpli üýtgemegini aňladyp, ilkinji nobatda, hyzmat ediş tizligini artdyrmagy hem-de hyzmat etmegiň dürli ugurlaryny peýdalanmak arkaly müşderileriň wagtyny tygşytlamagy göz öňünde tutmak bilen bir hatarda banklaryň we müşderileriň arasyndaky gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarýar.

Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararlary esasynda öňdebaryjy we eksport ugurly önümçilikleriň tehnologiýalaryny ösdürmäge gönükdirilen pudaklaýyn taslamalary uzak möhletleýin esasda karzlaşdyrmak, raýatlara ýokary amatlygy bolan ýaşaýyş jaýlaryny satyn almak üçin ýeňillikli şertlerde ipoteka karzlary bermek işleri yzygiderli dowam etdirilýär.

Umuman, iň täze tehnologiýalary ulanmak arkaly ykdysadyýetiň, hususan-da bank ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy täze kadalary döretmegiň hasabyna ykdysadyýete gatnaşyjylaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has ýokary derejede bolmagyna mümkinçilik berýär. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda sanlylaşdyrmak, innowasion ykdysadyýeti kemala getirmek ugrunda gazanylýan oňyn özgertmeler ilkinji nobatda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna ýardam edýär.

 

Aýna Aýnazarowa,

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň

Maglumat we tilsimatlar müdirliginiň hünärmeni.

 

[1]Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşy. “Türkmenistan” gazeti, 26.09.2020ý.