Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

 

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň gazanan netijeleri

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky hormatly Prezidentimiz tarapyndan kabul edilen «Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019 – 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek bilen, işine maliýe akymlaryny dolandyrmagyň häzirki zaman ýollaryny we ülňülerini işjeň hem-de yzygiderli ornaşdyrýar. Bu maksatnamanyň çäklerinde bank ýerli we daşary ýurt kompaniýalary hem-de hususy müşderiler bilen hyzmatdaşlyk saklap, kiçi we orta telekeçilere karz serişdelerini bermek işini amala aşyrýar. Bu strategiýanyň maksatnamalaýyn durmuşa geçirilmegi hödürlenýän bank hyzmatlarynyň möçberini artdyrmaga, müşderilere hyzmat etmegiň hilini we tizligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik döredýär.

2021-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky 29 ýyl dolýar. Bank hereket edip gelýän otuz ýyla golaý döwrüniň dowamynda üstünlikleriň uly toplumyny gazandy we özüni ygtybarly maliýe instituty hem-de halkara hyzmatdaş hökmünde tanatdy. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde bankyň Beýik Britaniýanyň «Financial Times» neşirine degişli «The Banker» žurnaly tarapyndan 14 gezek «Ýurduň iň gowy banky» diýlip yglan edilendigini görkezmek bolar.

2020-nji ýylda bankyň sap girdejisiniň ösüşi 4,9 göterime deň boldy, hususy maýa 27,1 göterime golaý  ýokarlandy.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky milli ykdysadyýetiň strategiki pudaklarynda maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar. Milli ykdysadyýetimizi düýpli özgertmek hem-de Türkmenistanyň ykdysady taýdan ösmegini üpjün etmek maksady bilen, milli Liderimiziň başyny başlan giň gerimli maýa goýum maksatnamasyny amala aşyrmak Türkmenistan Döwletimiziň halkara bazarlaryndaky agenti hökmünde çykyş edýän bankyň işindäki esasy ugurlaryň biridir. Bank tarapyndan daşary ýurt maýa goýumlaryny milli ykdysadyýete çekmek babatda dürli daşary ýurt maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygyň we gatnaşyklaryň baý tejribesi toplanyldy. Bu hyzmatdaşlygyň esasyny düzýän ýörelgeler hökmünde bilelikdäki taslamalaryň ykdysady täsirliligi, olaryň jemgyýetçilik ähmiýeti we taslama gatnaşyjylaryň netijeli hem-de dowamly üstünlik gazanmak üçin has täsirli gurallar babatdaky gözlegleri çykyş edýär.

Milli ykdysadyýetiň strategik pudaklarynyň döwlet kärhanalary, dünýäniň öňdebaryjy daşary ýurt korporasiýalary we hususy kompaniýalar bankyň müşderileriniň esasyny düzýär. Soňky ýyllarda Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlarynyň, esasan hem Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Hytaýyň, Singapuryň we beýleki döwletleriň öňdebaryjy maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk işjeň häsiýete eýe boldy. Netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly hökmünde ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk we beýleki ugurlar boýunça durmuşa geçirilen halkara ähmiýetli taslamalary ýatlap bileris. Mundan başga-da Yslam ösüş banky, OPEK gaznasy we Saud ösüş gaznasy bilen işjeň hyzmatdaşlygyň netijesinde birnäçe jemgyýetçilik ähmiýetli taslamalar maliýeleşdirildi. Türkmenistanyň dünýä bazaryna gönükdirilen eksport ugurly iň iri energiýa geçirijileriniň biri bolan «Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan» gaz geçirijisiniň Türkmenistanyň çägindäki bölegini  maliýeleşdirmek üçin Yslam Ösüş banky 700 mln amerikan dollary möçberindäki, Saud Ösüş Gaznasy 100 mln amerikan dollary möçberindäki maliýe ylalaşyklaryna Türkmenistanyň Hökümeti bilen gol çekdiler.

  Ýurdumyzyň ykdysadiýetine çekilen serişdeleriniň hasabyna gönükdirilen daşary ýurt maýa goýumlar pudaklar boýunça bölünende nebit-gaz senagaty 58 göterim, himiýa senagaty17 göterim, ulag we aragatnaşyk 9 göterim, oba hojalygy 11 göterim, energetika 4 göterimini tutýar.

Türkmenistanda wajyp taslamalaryň amala aşyrylmagyna gönükdirilýän daşary ýurt maýa goýum serişdeleriniň umumy möçberinde Ýaponiýa 43 göterim degişlidir. Koreýa Respublikasy 20 göterim bilen ikinji orunda durýar. Soňra Hytaý, Germaniýa, Saud Arabystany we ABŞ-lary ýaly ýurtlar bar.

Bankyň hyzmatdaşlar üçin ygtybarlylygyny bahalandyrmakda esasy görkezijiler bolan açyklyk we aýdyňlyk halkara derejesindäki maliýe hasabatlylygynyň ornaşdyrylmagy bilen üpjün edilýär. Türkmenistanyň döwlet daşary ykdysady iş banky ýurdumyzda ilkinji bolup, 2019-njy ýylyň netijeleri boýunça bankyň maliýe hasabatlary halkara standartlarynyň “Maliýe gurallary” atly 9-njy standartynyň täze görnüşine laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Şeýle hem kiberhowpsuzlygy üpjün etmek we döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, dünýädäki häzirki ýagdaýy göz öňünde tutup, halkara çökgünlik sebäpli, töleglerini geçirmekde kynçylyk çeken müşderilere karz bermegiň tertibi täzeden gözden geçirildi. Şeýle hem kompaniýalara adatdan daşary ýagdaýlara garamazdan, önümçiligi dowam etdirmek maksady bilen, aýlyk zähmet haklaryny tölemek hem-de ulanyş çykdajylaryny goldamak üçin amatly şertler döredildi.

Bank işewürligi ýöretmegiň ýokary tehnologiýasyna we netijeliligine, ýokary hilli hyzmatlaryna, hünär derejeli işgärlerine daýanyp, öz artykmaçlyklaryny başarnykly peýdalanmak hem-de ösdürmek arkaly, korporatiw hem-de bölekleýin söwda müşderileri bilen alyp barýan işini kämilleşdirmegi dowam edýär. Bu işler uzakmöhletleýin gatnaşyklary guramaga, müşderileriň ähli toparlary: kiçi kärhanalardan başlap, iri kärhanalara çenli ýokary hilli maliýeleşdirmek ýa-da amaly hyzmatlaryna çenli bolan toplumlaýyn çözgütleriň berilmegine gönükdirilendir.

Bankyň edara görnüşli taraplar we hususy müşderiler üçin täze hyzmatlary yzygiderli hödürleýär. Olaryň hatarynda «Internet-bank» hyzmatyny, bankyň müşderilerine bank seýflerini kärendesine bermek hyzmatyny, kiçi we orta kärhanalar üçin kiçi göwrümli karzlaryny görkezip bolar.

Müşderiler eýýäm bank kart ulgamy boýunça owerdraft karzy hem-de karz almak üçin onlaýn-arza boýunça amatlyklar ýaly täze hyzmatlara baha bermek mümkinçiligine eýe boldular, şol hyzmatlar banka barmak zerurlygyny aradan aýyrýar. Şeýle hem bank “Milli Visa” nyşanly bank kartyny işe girizdi, ol galtaşyksyz tölegleri amala aşyrmak ýaly mümkinçilikleri girizmek bilen, milli töleg ulgamyny halkara töleg ulgamlaryna kybap getirmäge niýetlenendir. Şeýle-de, nagt däl hasaplaşyklary has-da giňeltmek, töleg işini ýeňilleşdirmek hem-de onlaýn-söwda arkaly harytlaryň we hyzmatlaryň mukdaryny artdyrmak maksady bilen, bank täze «Elektron söwda» hyzmatyny işe girizdi. «Elektron söwda» - harytlaryň we hyzmatlaryň internet ulgamynyň üsti bilen hakyky wagt tertibinde ýerlenilmegidir. «Elektron söwda» hyzmaty hem ýurdumyzyň bank ulgamy tarapyndan durmuşa ornaşdyrylýar. Bu hyzmata islegiň artmagy netijesinde nagt däl hasaplaşyk geçirmek arkaly elektron usulda täjirçilik işini alyp barýan telekeçileriň sany günsaýyn artýar.

Bular bilen birlikde, telekeçiligi ösdürmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmek üçin raýatlara hem-de kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerine ýeňillikli karzlary bermek, ilatyň goýumlarynyň möçberlerini artdyrmak we dürli ulgamlardaky ykdysady taýdan bähbitli taslamalary karz serişdeleri bilen üpjün etmek ýaly maliýe hyzmatlarynyň elýeterlilik derejesiniň ýokarlandyrylmagy we görnüşleriniň artdyrylmagy ugrunda işler alnyp barylýar.

2020-nji ýylda bank halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlykda hususy pudagy goldamak boýunça alyp barýan işlerini işjeňleşdirdi, netijede, Amerikanyň «Deer Credit Inc.» kompaniýasy, OPEK gaznasy we Hususy pudagy ösdürmek boýunça Yslam korporasiýasy bilen birnäçe karz ylalaşyklaryna gol çekildi.

Türkmenistanyň Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetilmegine goşandyny nazara almak bilen, bank Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) bilen işjeň hyzmatdaşlygyny dowam edýär. BMGÖM-niň goldamagy we halkara bilermenleri bilen ýakyn hyzmatdaşlygyň esasynda sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyny hem öz içine alýan bankyň ösüş strategiýasy işlenip düzüldi, şeýle hem halkara we daşary ýurt maliýe guramalarynyň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýän taslamalar üçin karz serişdelerini bermek boýunça resminama işlenip taýýarlandy hem-de 2019-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda bank tarapyndan degişli tertipde Taslamanyň resminamasyna gol çekildi. Taslamanyň çäklerinde esasy ugurlaryň dördüsi: ösüş we dolandyryş babatda halkara maliýeleşdirme işini gowulandyrmak üçin tehniki bilimleri hem-de tejribäni artdyrmak, maliýe hasabatlylygynyň halkara ölçegleri bilen ylalaşygy ýokarlandyrmak, sanly özgertmeler üçin esaslary döretmek, bankyň işgärleriniň hünär mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça hyzmatdaşlyk amala aşyrylýar.

Umuman, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky ýurduň bank ulgamynyň döremeginiň gözbaşynda durup, ygtybarly we durnukly hyzmatdaş hökmünde ösüşiň durnuklylygyny we maksada okgunly ýörelgelere eýerýändigini görkezýän bank hökmünde ýurtda we daşary ýurtlarda abraý gazandy.

Jeren Ernepesowa

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň

Meýilleşdiriş we seljeriş müdirliginiň başlygy