Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

 

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

Tebigy gazy ulanmak boýunça türkmen-ýapon onlaýn-maslahaty

21-nji maýda Aşgabatdaky Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynda türkmen-ýapon onlaýn maslahaty geçirildi. Onda tebigy gazy ulanmagyna, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine we ýaşyl ösüş boýunça strategiýa degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Onlaýn-duşuşygyna ýapon tarapyndan bu döwletiň Daşary işler ministrliginiň, Halkara hyzmatdaşlyk boýunça bankynyň, Ykdysady, söwda we senagat ministrliginiň wekilleri, türkmen tarapyndan bolsa döwlet guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda ýapon tarapyndan E.Ueharyň «Green Growth Strategy», Ý.Okagakiniň «The Hydrogen Energy Ministerial Meeting» we «New Strategic Roadmap for Hydrogen and Fuel Cells» atly çykyşlary diňlenildi.

Türkmenistanyň adyndan bolsa Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Gurbanmuhammet Ylýasow, şeýle-de Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarow çykyş etdi. Olar öz çykyşlarynda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň daşky gurşawyň abadançylygyna, energetika ulgamynyň düzüminiň kämilleşmegine, energiýa çeşmeleriniň diwersifikasiýasyna, şeýle hem ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulaşmagyna peýdasy barada aýratyn belläp geçdiler. Mundan başga-da, gaýtadan dikeldilýän energetika ulgamyny ösdürmekde Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri hakynda bellenildi.