Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

 

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

Kiçi we orta telekeçiligiň taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Yslam Ösüş Bankynyň (IsDB) hususy pudagynyň bölümi – Hususy ulgamy ösdürmek boýunça Yslam Korporasiýasynyň (ICD) arasynda 10 million amerikan dollary möçberinde maliýe ylalaşygyna gol çekildi.

Wakala gurluşyna esaslanýan 10 million amerikan dollary möçberindäki Şerigata laýyk gelýän maliýeleşdirmek maksatnamasy yslam maliýeleşdiriş serişdeleri arkaly TDDYIB tarapyndan COVID-19 pandemiýasyndan ejir çeken hususy pudagyna, şol sanda Türkmenistanda ösüşe düýpli täsir edýän kiçi we orta kärhanalaryna maliýe taýdan goldaw bermek üçin ulanylar. Bu maliýeleşdirme 2021-nji ýylyň apreli aýynda tassyklanan TDDYIB üçin Şerigata laýyk gelýän ikinji ugurly serişde bolup, Şerigata laýyk önümleriň kömegi bien hususy pudagyň taslamalaryna goldaw berer.

Öň 2019-njy ýylda ICD Türkmenistanda ilkinji 10 million amerikan dollary möçberine TDDYIB üçin LOF mehanizmini tassyklady, ol ýurtdaky kiçi we orta kärhanalaryny maliýeleşdirmek üçin üstünlikli amala aşyryldy.

 Hususy ulgamy ösdürmek boýunça Yslam korporasiýasy barada

1999-njy ýylda esaslandyrylan ICD 55 agza ýurt bilen Yslam Ösüş Bank Toparynyň (IsDBG) hususy pudagynyň bölümi bolup, ol dünýäniň iň çalt ösýän ykdysadyýetlerinde we sebitlerinde maliýeleşdirmäge we maýa goýum mümkinçiliklerine elýeterlilik berýär. Korporasiýanyň maksady – Şerigat ýörelgelerine laýyklykda Yslam Ösüş Bankynyň işini doldurmak görnüşde harytlary we hyzmatlary öndürýän hususy kärhanalary döretmegi, giňeltmegi we döwrebaplaşdyrmagy höweslendirmek ýoly bilen onuň agza ýurtlarynyň ykdysady ösüşine ýardam etmekden ybaratdyr. Hususy ulgamy ösdürmek üçin hödürlenýän esasy önümleriň biri hökmünde ICD hususy pudagyň kärhanalaryna orta möhletli maliýeleşdirmegi bermek we şol bir wagtda benefisiar banklarynyň we bank däl maliýe edaralarynyň maliýe ýagdaýyny güýçlendirmek maksady bilen öz agza ýurtlarynda degişli maliýe edaralary (FI) üçin maliýeleşdirme ugurlaryny (LOF) giňeldýär.

 

ICD hakda has giňişleýin maglumat üçin www.icd-ps.org girip görüň.