Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

 

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

Hususy ulgamy ösdürmek boýunça Yslam korporasiýasy (ICD) 55 agza ýurt bilen Yslam Ösüş Bank Toparynyň (IsDBG) hususy pudagynyň bölümi bolup, ol dünýäniň iň çalt ösýän ykdysadyýetlerinde we sebitlerinde maliýeleşdirmäge we maýa goýum mümkinçiliklerine elýeterlilik berýär. Hususy pudagy ösdürmek üçin hödürlenýän esasy önümleriň biri bolup ICD hususy pudagyň kärhanalaryna orta möhletli maliýeleşdirmegi bermek we şol bir wagtda benefisiar banklarynyň hem-de bank däl maliýe edaralarynyň maliýe ýagdaýyny güýçlendirmek maksady bilen öz agza ýurtlaryndaky degişli maliýe edaralaryna maliýeleşdirme ugurlaryny berýär.

2019-njy ýylda ICD Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky üçin möçberi 10 million amerikan dollaryna barabar bolan Türkmenistanda öz ilkinji karz ugruny makullady we şol karz serişdeleri ýurtda kiçi we orta kärhanalary  maliýeleşdirmek üçin üstünlikli ulanyldy. 2021-nji ýylyň aprel aýynda ICD COVID-19 ýokanjyndan ejir çeken müşderilere we kompaniýalara goldaw bermek üçin goşmaça 10 million amerikan dollary möçberini tassyklady.

ICD 2021-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Türkmenistanyň banklarynyň arasynda LOF ICD önümleri barada bilimleri has-da ilerletmek we giňeltmek üçin Türkmenistanyň banklary üçin webinar geçirildi. Webinarda GDA sebiti boýunça maliýe edaralary we kepillikleri boýunça bölüminiň müdiri Askar Baýmuldin yslam maliýe esaslary we maliýeleşdirme ugurlary atly önümi barada aýdyp geçdi we soraglara jogap berdi.