Türkmenistanyň Döwlet Daşary
Ykdysady Iş Banky

 

 

Yslam ösüş bankynyň (YÖB) ýerine ýetiriji direktorlarlaryň geňeşi 2021-nji ýylyň 18-nji dekabrynda geçiren mejlisinde Türkmenistanda deňiz ulagyny ösdürmek taslamasynyň maliýeleşdirilmegine 90,15 million amerikan dollary möçberiniň bölünip berilmegini makullady. Taslamanyň umumy bahasy 150,25 million amerikan dollaryna deň. YÖB-nyň gatanjy iki amaldan ybarat bolar. 90 million amerikan dollary Möhletleýin Satuw baradaky (Installment Sale) usuly arkaly we 0,15 million dollary Gaýtadan aragatnaşygyň Maksatnamasy boýunça Grant (Reverse Linkage Grant) usuly  arkaly berler. YÖB-nyň umumy maliýeleşdirilmegi taslamanyň jemi bahasynyň 60 %-ni öz içine alar diýlip çaklanylýar. Taslamanyň bahasynyň takmynan 30 % (45 million amerikan dollary) OPEK Gaznasy tarapyndan, galan 15 million amerikan dollary bolsa Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan töleniler.

Türkmenistanda deňiz ulagyny ösdürmek taslamasy ýurduň iň iri porty – Türkmenbaşy deňiz portunda ýerleşen Balkanyň gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawodynda üç gäminiň gurluşygyny öz içine alar. Ösuş taslamasynyň maksady – Ýewropa – Kawkaz – Aziýa ulag geçelgesiniň bölegi bolan Hazar deňzinde Türkmenbaşy porty arkaly deňiz ulag amallarynyň geçirijilik ukyplylygyny we netijeliligini ýokarlandyrmak, şeýle hem Watanymyzyň gämi abatlaýyş potensialyny ösdürmek. Taslama aýratyn hem ýaş uçurymlar üçin işe ýerleşmek mümkinçiligini döreder we täze tehnologiýalar boýunça döredilen hereketlendirijileri ulanmak arkaly daşky gurşawy goramak meselesine öz goşandyny goşar.