Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky Halkara Yslam korporasiýasynyň (ITFC) söwdany maliýeleşdirmek boýunça serişdeleriniň hasabyna Türkmenistandan eksporta niýetlenen harytalry öndürmek üçin çig mallary we maddy serişdeleri daşary ýurt pulunda satyn almagy maliýeleşdirmek üçin arzalary kabul edýär.
Hökmany şertler:
- Maliýeleşdirilen serişdeleriň, ITFC söwda göteriminiň, bankyň göterim maržasynyň we beýleki çykdajylaryň gaýtarylmagy öndürilen önümleriň eksportyndan alnan girdejiniň we beýleki girdejileriň hasabyna daşary ýurt pulunda amala aşyrylmaly
- Bankyň hukuk we beýleki çykdajylaryň öwezini dolmaly.
- Çig mallary we maddy serişdeleri hökmany öndürüjileriň özünden ýa-da olaryň resmi wekillerinden satyn alynmaly.
Esasy şertleri:
- Maliýeleşdirilişiň möhleti –ulanylan serişdeleriň gününden başlap 2 ýylyň dowamynda
- ITFC söwda göterimi – ýyllyk 4,15%
- Bankyň maržasy – ýyllyk 2%-e çenli
- Iň ýokary möçberi – 5 000 000 amerikan dollary
- Maliýeleşdirilen serişdeleriň gaýtarylmagy bir gezekde maliýeleşdirilişiň möhleti gutarandan soň ýa-da tertip boýunça tölenip biler (ilkinji töleg ulanylan seneden beýläk 360 günden).
Talap edilýän zerur resminamalar:
- Maliýeleşdirmek üçin arza
- Işewürlik-meýilnama
- Maliýe hasabatlary
- Iş tejribesi
- Beýleki zerur bolup biljek maglumat.
Salgymyz: ş. Aşgabat, Garaşsyzlyk şaýoly, jaý 32
Telefon: +993 12 40 61 46
faks: +993 12 48 05 20