Türkmenistanyň Döwlet Daşary
Ykdysady Iş Banky

 

Çap edildi 26.05.2022

Daşoguz welaýatyna toý sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň demirgazyk sebitini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Muhammedow hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyrygyna laýyklykda, geljek ýedi ýylda döwletimizi ösdürmegiň Prezident Maksatnamasyny taýýarlamagyň çäklerinde Daşoguz welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça teklipler barada hasabat berdi. Bu strategik meýilnamanyň çäklerinde geljek ýyllarda ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda senagat toplumynyň ähli ulgamlaryna iri maýa goýumlaryny çekmegiň hasabyna gazhimiýa, energetika, ýeňil senagat we gurluşyk serişdeleri pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak, sebitiň ykdysadyýetine innowasion, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, gaýtadan işleýän senagaty mundan beýläk-de işjeňleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Ulag-logistika ulgamynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, üstaşyr we multimodal ýük gatnawlarynyň möçberini artdyrmak, welaýatyň çäginde oba hojalyk maksatly ýer gaznalaryny dolandyrmagy kämilleşdirmek, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen, oba hojalygy we onuň bilen baglanyşykly pudaklary, maldarçylygy ösdürmek, öri meýdanlary giňeltmek, azyk harytlarynyň önümçiligini ýokarlandyrmak ilkinji nobatdaky wezipeleriň hataryndadyr.

Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, şäherleriň, etraplaryň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2027-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň taslamasynda Daşoguz welaýatynda täze desgalaryň gurluşygyny amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, demirgazyk sebiti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň derejesini ýokarlandyrmak, ilatyň ýaşaýyş derejesini has-da gowulandyrmak boýunça işleriň dowam etdirilmeginiň zerurdygyny belledi. Şu ýylda göz öňünde tutulan maýa serişdelerini maksada laýyk ulanmak meselelerini hem-de täze önümçilikleriň gurluşygynyň barşyny hemişe üns merkezinde saklamak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Geljek ýedi ýyl üçin Prezident Maksatnamasynda ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek, şeýle hem her welaýatyň çäk taýdan ýerleşişini, tebigy serişdelerini nazara almak bilen, döwrebap toplumlary we goşmaça iş orunlaryny döretmek boýunça çäreleri göz öňünde tutmak wajypdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow Daşoguz welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. “Türkmengaz” döwlet konsernine, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasyna, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna degişli edara-kärhanalardaky iş orunlarynyň işgärler bilen üpjünçiligi barada habar berildi.

Içerki sarp edijileri hem-de daşarky bazarlary tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek maksady bilen, “Daşoguzgazakdyryş” we “Daşoguzgazüpjünçilik” müdirlikleri tarapyndan zerur işler geçirilýär. Daşoguz gidrogeologiýa ekspedisiýasy ýerli ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek hem-de onuň gorlaryny artdyrmak işleri bilen meşgullanýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp hem-de ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň we pudagyň maliýe ýagdaýyna gözegçiligi güýçlendirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere ygtybarly daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary, tejribe alyşmagy dowam etdirmek, şol sanda nebitgaz guýularynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmakda hyzmatdaşlygy giňeltmek, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek boýunça çäreleri görmek babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra wise-premýer “Guýulary düýpli abatlamak we gapdal sütüni gazmakda ulanylýan göteriji enjamlary we olara ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak hakynda” Kararyň taslamasyny taýýarlamak boýunça geçirilen işler barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz ýokarda agzalan Karara gol çekip, wise-premýere onuň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz nebitiň we tebigy gazyň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmagyň, gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Daşoguz welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Wise-premýer “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, Daşoguz şäherindäki “Serdar” pagta egriji fabriginiň durkuny täzelemegiň we döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrmagyň göz öňünde tutulýandygy barada hasabat berdi. Şunda Dokma senagaty ministrligi tarapyndan halkara bäsleşik geçirilip, bu mesele boýunça teklipler öwrenildi.

Fabrigiň durkunyň täzelenip, döwrebap enjamlar bilen täzeden enjamlaşdyrylmagy netijesinde kärhananyň önümçilik kuwwaty artar, öndürilýän önümleriň hili ýokarlanar, eksportyň möçberleri artar, täze iş orunlary dörediler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ileri tutulýan ugurlary hem-de dünýäniň ykdysady giňişliginde umumy ýakynlaşmak ýagdaýlaryny nazara almak bilen, ýurdumyzyň dokma senagatynyň innowasion ykdysadyýetiň okgunly ösüşiniň aýdyň mysaly bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz kärhanalaryň döwrebaplaşdyrylmagynyň we öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilmeginiň öňde goýlan maksatlara üstünlikli ýetmäge ýardam edýändigini nygtap, teklipleri içgin seljermegiň, olaryň üstünde işlemegiň wajypdygyny aýtdy we bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýekşenbe güni Türkmen halysynyň baýramynyň giňden bellenip geçiljekdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz has tapawutlanan, tejribeli halyçylara “Türkmenistanyň at gazanan halyçysy” diýen hormatly ady dakmak hakynda” Permana gol çekip, Ministrler Kabinetiniň adyndan halyçylyk pudagynyň ähli işgärlerini Türkmen halysynyň baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, olara alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi. “Goý, olaryň daraklarynyň sesi hemişe batly ýaňlansyn!” diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan Daşoguz welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek maksady bilen alnyp barylýan gurluşyk-gurnama işleri barada hasabat berdi.

Düýpli maýa goýumlaryň hasabyna bu sebitde binalaryň we desgalaryň jemi 48-siniň gurluşyk işleri amala aşyrylýar, şolaryň 20-si durmuş maksatly, 28-si bolsa önümçilik maksatly desgalardyr. Şu ýyl 7 desgany we binany ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, 600 orunlyk 2 sany orta mekdebiň, 240 orunlyk çagalar bagynyň hem-de çagalar üçin döwrebap dynç alyş seýilgähiniň, ýolagçy awtomenziliniň gurluşyklary güýçli depginde alnyp barylýar.

Daşoguz welaýat häkimliginiň hem-de raýatlaryň buýurmasy esasynda ilaty ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek boýunça meýilnamalaryň çäklerinde 4 gatly, 16 we 24 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 35-siniň gurluşygy dowam edýär.

Energetika ministrligi tarapyndan ýurdumyzda halkalaýyn energoulgamy döretmek boýunça taslamany durmuşa geçirmek maksady bilen, güýjenmesi 500 kilowolt bolan Balkan — Daşoguz ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijiniň hem-de beketleriň gurluşyk işleri ýokary depginde dowam edýär, bu taslamany bellenilen möhletinde tamamlamak üçin ähli zerur çäreler görülýär.

Welaýatyň oba ýerlerinde, şäherçelerde, etraplardaky şäherlerde we etrap merkezlerinde içerki awtomobil ýollaryny gurmak hem-de hereket edýänleriniň durkuny täzelemek boýunça işler ýaýbaňlandyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň demirgazyk sebitini hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleriň wajypdygyna ünsi çekdi we ýerli ilatyň oňaýly durmuşy, döredijilikli zähmeti üçin şertleriň döredilmeginiň zerurdygyny belläp, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijilerini degişli mineral dökünler, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalary tarapyndan bolsa zerur himiýa önümleri bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen “Uzkimyoimpeks” jogapkärçiligi çäkli jemgyýetiň arasynda degişli şertnamany baglaşmak hakynda Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, içerki sarp edijileri oba hojalygynda hem-de önümçiliklerde giňden ulanylýan himiýa önümleri bilen üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işleriň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işlere berk gözegçiligi üpjün etmegi, ýurdumyzda öndürilýän, sarp edijiler tarapyndan uly isleg bildirilýän himiýa önümleriniň möçberlerini yzygiderli artdyrmak we görnüşlerini giňeltmek boýunça öňde goýlan wezipeler bilen baglylykda, ýurdumyzyň himiýa senagatyny ösdürmäge aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew Daşoguz welaýatynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak, şeýle-de ýurdumyzyň sebitlerinde galla oragyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, Daşoguz welaýaty boýunça geçirilen seljerme işleriniň netijelerine laýyklykda, sebitiň ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini hem-de melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, goşmaça suw gorlaryny döretmek maksady bilen, 2022 — 2028-nji ýyllar aralygynda geçiriljek çäreleriň degişli hasaplamalary ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, Daşoguz welaýatynda suw üpjünçiligini gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak, goşmaça gorlary döretmek we pudagyň desgalaryny netijeli ulanmak boýunça alnyp barylýan işlere gözegçiligi gowşadanlygy üçin, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy G.Baýjanowa berk käýinç yglan etdi we degişli Buýruga gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary şeýle hem galla oragynda peýdalanyljak däne ýygýan kombaýnlary, awtoulag serişdelerini, kabul ediş nokatlaryny möwsüme taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu möwsümiň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, oba hojalyk toplumyna degişli ministrligiň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary welaýatlar boýunça jogapkär edilip bellenildi hem-de olar iş saparlaryna ugradyldy.

Wise-premýer döwlet Baştutanymyza galla oragyna başlamagyň senesini belläp bermek hem-de bu möwsüme ak pata bermek haýyşy bilen ýüzlendi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar, daýhanlarymyz ýokary hilli tohum, mineral dökünler, himiki serişdeler, döwrebap oba hojalyk tehnikalary hem-de suw serişdeleri bilen doly üpjün edilýär. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Şu ýyl welaýatlarda bugdaýyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi, ýetişdirilen bugdaý hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagy ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmagyň kepili bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Şoňa görä-de, ýurdumyzyň Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda şu ýylyň 3-nji iýunynda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa 10-njy iýunda galla oragyna başlamaga ak pata berip, hormatly Prezidentimiz ýaşululara ýüzlenip, galla oragyna «Bismilla!» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz “Çäjiňize bereket, edermen gallaçylar!” diýip, ýurdumyzyň zähmetsöýer gallaçylaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine tüýs ýürekden berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny arzuw etdi.

Soňra çykyş eden Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew Daşoguz welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle-de wise-premýer welaýatyň Daşoguz şäherinde 450 orunlyk köpugurly hassahananyň we 150 orunlyk onkologiýa hassahanasynyň gurlup ulanmaga berilýändigi üçin welaýatyň ilatynyň adyndan Döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi.

Dünýä belli kompaniýalaryň häzirki zaman innowasion enjamlary bilen üpjün edilen täze lukmançylyk edaralary ilata ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemekde, dürli keselleriň öňüni almakda hem-de olary bejermekde möhüm ähmiýete eýe bolar.

Ýurdumyzyň demirgazyk sebitini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde bu ýerde bilim edaralary, şol sanda multimedia enjamlary, kompýuter tehnologiýalary bilen üpjün edilen, lingafon, zähmet, aýdym-saz otaglary hem-de sport zallary göz öňünde tutulan çagalar baglary we umumybilim berýän orta mekdepler gurlup ulanmaga berler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkymyzyň saglygyny berkitmek hem-de abadançylygyny ýokarlandyrmak alnyp barylýan döwlet syýasatynyň hemişe möhüm ugry bolar, muňa dünýä ülňülerine laýyk gelýän saglygy goraýyş desgalarynyň 2-siniň ulanmaga berilmegi hem şaýatlyk edýär diýip aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda geçirilýän işleriň örän wajypdygyny nygtap, wise-premýere bilim, ylym we sport ulgamlaryny tutuş ýurdumyzda hem, aýry-aýry sebitlerde hem mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa 2022-nji ýylyň iýun aýynda geçiriljek esasy çäreleriň maksatnamasy hem-de durmuş medeni maksatly desgalaryň açylyşlary mynasybetli meýilleşdirilen çäreler, Daşoguz welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça geçirilýän işleriň çäklerinde ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň medeniýet edaralarynyň işini kämilleşdirmek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli meýilnamany hödürledi.

Iýun aýynda Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni, Ylymlar güni, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli dürli çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wise-premýere göz öňünde tutulan çäreleri ýokary derejede guramak we geçirmek, olara ýaşlary has giňden çekmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Wise-premýer şeýle-de şu ýylyň 4-nji iýunynda geçirilmegi göz öňünde tutulan “Daşoguz welaýatyndaky milli taryhy-medeni mirasyň obýektleri halkara syýahatçylyk ulgamynda” atly ylmy duşuşyga görülýän taýýarlyk barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli meýilnamany hödürledi.

Çäräniň çäklerinde meýdan şertlerinde okuw maslahatlaryny hem-de sanly ulgam arkaly daşary ýurtly hünärmenleriň çykyşlaryny guramak meýilleşdirilýär. Daşoguz welaýatynyň çäklerindäki ýadygärlikleri öwrenmegi dowam etmek we olary gorap saklamak, syýahatçylyk ugurlarynyň düzümlerini gowulandyrmak, täzelerini işläp taýýarlamak, olary ozal bar bolan halkara syýahatçylyk ugurlarynyň ulgamyna goşmak ylmy duşuşyga gatnaşyjylaryň üns merkezinde bolar. Şeýle-de gadymy döwürlerde söwda we medeni gatnaşyklar ýola goýlan Beýik Ýüpek ýolunyň esasy ugurlaryny mundan beýläk-de öwrenmek, olaryň ugrundaky taryhy-medeni mirasyň täze desgalaryny ýüze çykarmak meselesine garalar.

Ýörite meýdan okuw maslahatyna gatnaşyjylaryň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna giren meşhur Köneürgenjiň taryhy-medeni ýadygärliklerine gezelenji göz öňünde tutulýar. Şeýle-de olar “Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” çäklerinde “Kerwensaraý” ýadygärliginde başlanan arheologik gazuw-barlag işleri bilen tanyşdyrylar.

Bellenilişi ýaly, bu ýerde başlanylan arheologik gazuw-barlag işleriniň birinji hepdesinde täsin taryhy gymmatlyklar — terrakot ýonulan plitalar görnüşindäki binagärlik bezegleriniň bölekleri ýüze çykaryldy. Bu tapyndylar, olary taýýarlamagyň tehnologiýasy hem-de döwri, olary rejelemek we muzeý gymmatlyklary hökmünde taýýarlamak işleri hünärmenleriň arasynda öňde geçiriljek ylmy pikir alyşmalaryň meseleleriniň biri bolar.

Köneürgençde binagärlik mirasyny öwrenmek, üýtgewsiz görnüşde saklamak hem-de rejelemek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Goraghananyň hünärmenleriniň tagallalary bilen iň meşhur hem-de has ýygy-ýygydan zyýarat edilýän Nejmeddin Kubranyň, Sultan Alynyň, Pirýar Weliniň, Törebeg hanymyň aramgähleriniň, Horezm şalary Soltan Tekeşiň hem-de Il-Arslanyň kümmetleri, Seýit Ahmediň aramgähi hem-de Gutlug Timuryň minarasy rejelenildi. Köneürgenjiň “Kyrkmolla” ady bilen belli bolan iň gadymy galasynyň, Al Mamunyň minarasynyň bölekleri ozalky baş metjidiň galyndylary üýtgewsiz görnüşde saklanylar ýaly ýagdaýa getirildi, Ibn Hajybyň medresesi gaýtadan dikeldildi.

Ylmy duşuşyga gatnaşyjylaryň beýleki bir topary diňe bir biziň ýurdumyzda däl, onuň çäklerinden daşarda-da giňden belli bolan Görogly etrabynyň çägindäki ýadygärliklere — gadymy Yzmykşir şäheriniň galyndylaryna hem-de orta asyr Ysmamyt ata binagärlik toplumyna baryp görerler. Meýdan şertlerinde geçirilýän okuw maslahatlaryna arheologlar, binagärlik boýunça taryhçylar, rejeleýjiler, syýahatçylyk işgärleri, şeýle-de ýurdumyzyň ähli taryhy-medeni goraghanalarynyň hünärmenleri gatnaşarlar, olaryň dowamynda pikir alyşmalar guralar.

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen meýilnamany makullap, ýurdumyzdaky taryhy-medeni ýadygärlikleri düýpli öwrenmegiň we dünýäde wagyz etmegiň, bu babatda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ähmiýetini belledi hem-de bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümleriniň Daşoguz welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ýerine ýetirýän işleri barada hasabat berdi.

Demirgazyk welaýatda esasy telefon we öýjükli aragatnaşyk belgileri ornaşdyryldy. “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň buýurmasy boýunça Daşoguz şäherinde şu ýyl ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen ýolagçy awtomenziliniň gurluşygy alnyp barylýar. Munuň özi täze iş orunlarynyň döredilmegini şertlendirer. “Türkmenhowaýollary” agentligi tarapyndan Daşoguz Halkara howa menziline degişli myhmanhananyň durkuny täzelemek işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

Şeýle-de Daşoguz welaýat häkimliginiň buýurmasy boýunça “Türkmendemirýollary” agentliginiň işgärleri üçin 4 gatly, 16 öýli 4 sany we 4 gatly, 24 öýli 2 sany ýaşaýyş jaýynyň, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň işgärleri üçin 4 gatly, 24 öýli 3 sany ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy dowam etdirilýär.

Daşoguz şäherinde ulag-aragatnaşyk pudagynyň işgärleri üçin ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de welaýatyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynda simli we öýjükli telefon belgilerine hyzmat ediş, poçta ugratmalaryny kabul ediş we tabşyryş nokatlaryny özünde jemleýän aragatnaşyk bölüminiň täze edara binasyny gurmak boýunça teklipler taýýarlanylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli bäsleşikleri geçirmek bilen bagly taslamalar hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, demirgazyk sebitde-de halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmak, halkara ähmiýete eýe bolýan ulag ulgamyny yzygiderli ösdürmek bilen baglanyşykly düýpli özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz şäherlerde we obalarda ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmagyň, raýatlarymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmagyň milli maksatnamalaryny hem-de strategiýalaryny durmuşa geçirmegiň möhümdigine ünsi çekip, durmuş maksatly desgalary gurmak boýunça bäsleşikleri geçirmäge ygtyýar berdi.

Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa döwletimiziň hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda Daşoguz welaýatynda-da sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli taslamalar amala aşyrylýar. Olar “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna hem-de ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda alnyp barylýar.

Mejlisiň deputatlary, şol sanda Daşoguz welaýatyndan saýlanan deputatlar welaýat, etrap we şäher häkimliklerinde raýatlaryň ýüztutmalaryna garamak boýunça geçirilýän kabul edişliklere gatnaşýarlar, saýlawçylar bilen yzygiderli duşuşýarlar, adamlaryň kanunlar we Kararlar baradaky pikirdir tekliplerini öwrenýärler, kabul edilen resminamalaryň ähmiýetini düşündirýärler, etraplaryň halk maslahatlaryna we Geňeş agzalaryna usulyýet kömegini berýärler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wise-premýer Ç.Gylyjowa Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa bilen bilelikde iň gowy halyçylara döwlet sylaglaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmagy tabşyrdy.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen alnyp barylýan meýilnamalaýyn işler barada maglumat berdi.

Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, sebitleri ösdürmek, daşky gurşawy goramak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, döwletimizi mundan beýläk-de syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösdürmek babatda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek bilen bagly gelip gowuşýan teklipleri seljermek boýunça degişli işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Milli Geňeşiň türkmen jemgyýetiniň hukuk esaslaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, onda hakyky demokratik däpleri pugtalandyrmak boýunça alyp barýan işiniň örän wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz sebitleriň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine, olaryň ägirt uly kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga ýardam edýän kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyny nygtady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen Aral meselesi boýunça hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Şunda ýurdumyzda Aral deňzi bilen baglanyşykly ýagdaý bilen şertlendirilen täsirleri azaltmaga hem-de ýerli ilatyň durmuş-ykdysady şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilen anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmek maksady bilen, Türkmenistan oňyn halkara başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan işlerde-de Aral deňziniň ekologik meselelerine örän uly ähmiýet berilýär. Hususan-da, 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Aral milli maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy we geçen ýylyň 22-nji oktýabrynda kabul edildi. Ol Daşoguz welaýatynda durmuş-ykdysady we ekologik ýagdaýlary gowulandyrmaga gönükdirilen esasy resminama boldy. Maksatnama laýyklykda, Daşoguz welaýatynda köpugurly hassahanalaryň 3-sini, suw arassalaýjy desgalaryň 7-sini gurmak, Daşoguz şäherinde kuwwatlylygy 120 megawat bolan gaz turbinaly elektrik stansiýany gurmak göz öňünde tutuldy. Aral milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan 86 taslamadan 48-siniň Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy, Çagalar gaznasy, Ilat gaznasy, Azyk we oba hojalyk boýunça guramasy we beýleki halkara düzümler bilen bilelikde durmuşa geçirilýändigini aýratyn bellemek gerek.

Aral deňziniň sebitinde daşky gurşawy goramak we ekologik howpsuzlygy üpjün etmek babatda alnyp barylýan halkara gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen, birnäçe teklipler taýýarlanyldy. Häzirki wagtda howanyň ählumumy üýtgemegi netijesinde Aral deňzi bilen bagly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmaga gönükdirilen çäreleriň durmuşa geçirilmegi, şol sanda biziň ýurdumyzda halkara guramalar bilen ýakyn hyzmatdaşlykda howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak boýunça öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, olardan netijeli peýdalanmak işleri aýratyn ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça sebitleri toplumlaýyn ösdürmegiň, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmagyň, şeýle-de adamlaryň saglygy barada hemmetaraplaýyn alada etmegiň, şol sanda ekologiýa we daşky gurşawy goramak ýaly möhüm meseleleriň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenendigini belledi. 27-nji maýda Daşoguz welaýatynda durmuş ähmiýetli möhüm desgalaryň açylmagynyň göz öňünde tutulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Döwlet Baştutanymyz beýan edilen teklipleri makullap, Aralýaka sebitde ekologik howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge, umuman, sebitde durmuş-ykdysady, ekologik ýagdaýlary gowulandyrmaga gönükdirilen maksatnamalaýyn çäreleriň amala aşyrylmagyny gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wise-premýere, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.

Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow hormatly Prezidentimize demirgazyk sebite sapar bilen gelendigi üçin onuň ähli ilatynyň adyndan hoşallyk bildirdi we bu saparyň welaýatyň ýaşaýjylarynyň şatlygyna şatlyk goşup, olary täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrandygyny aýratyn nygtady.

Häkim şeýle-de ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde işleriň ýagdaýy, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” hem-de Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň barşy barada hasabat berdi. Welaýatyň oba hojalyk toplumynda amala aşyrylýan işler, şol sanda öňde boljak galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän çäreler hasabatyň özenini düzdi.

Habar berlişi ýaly, 145 müň gektar meýdanda bugdaý hasyly ösdürilip ýetişdirildi, hasyly ýygnamak üçin däne ýygýan kombaýnlaryň 428-sini, galla kabul ediş nokatlarynyň 28-sine hasyly daşamak üçin awtoulag serişdeleriniň 2135-sini ulanmak göz öňünde tutulýar. Pile öndürmek boýunça meýilnamanyň ýerine ýetirilendigi barada hem habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Daşoguz welaýatynda amala aşyrylýan ähli işleri, şol sanda durmuş-ykdysady taýdan ösüş boýunça kabul edilýän maksatnamalaryň çäklerinde kesgitlenen çäreleriň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle-de bugdaý meýdanlaryna ýokary hilli ideg edilmegine, geljekki bol hasylyň girewi bolan gowaça ekişini bellenilen möhletlerde tamamlamaga aýratyn üns bermek tabşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz durmuş, önümçilik hem-de beýleki maksatly desgalaryň gurluşygy bilen baglanyşykly meselelere degip geçmek bilen, olarda alnyp barylýan işleriň ýokary hilini, ulanmaga bermegiň möhletlerini üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Hökümet mejlisinde Daşoguz welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň beýleki käbir meselelerine-de garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.