Türkmenistanyň Döwlet Daşary
Ykdysady Iş Banky

 

         Aşgabat ş., Türkmenistan, 2022-nji ýylyň 3-nji awgusty. — Yslam Ösüş bankynyň Toparynyň Almatydaky Sebit merkeziniň ýolbaşçylygynda we YÖB-niň ştab-kwartirasynyň bölümçeleriniň wekilleri hem-de YÖB-niň Toparynyň guramasy tarapyndan hödürlenilýän AÝHS-iň tehniki topary Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýän ministrlikleri we döwlet edaralary bilen Agza ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk strategiýasynyň Türkmenistan üçin Konseptual ýazgysynyň işlenip taýýarlanylmagy babatda onlaýn-duşuşyk geçirdi.

         Duşuşyklar 2022-nji ýylyň 18-nji iýul — 2-nji awgusty aralygynda dowam edip, onda topar Türkmenistanyň Hökümetiniň milli ösüş mümkinçiliklerini we AÝHS-iň çäklerinde kesgitlemek üçin mümkinçilikli pudaklaýyn we tematiki wezipeleri ara alyp maslahatlaşdy. Ikitaraplaýyn tehniki gepleşikleriň netijeleri bolsa “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy” döwründe Türkmenistanyň 2022 — 2052-nji ýyllar üçin niýetlenen uzakmöhletleýin durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet Maksatnamasyna hem-de Türkmenistanyň beýleki orta möhletli ileri tutulýan pudaklaýyn maksatnamalaryna laýyklykda, YÖB-niň Topary tarapyndan AÝHS-iň Türkmenistan üçin Konseptual ýazgysynyň işlenip taýýarlanylmagynyň üstünlikli başlanandygyny görkezýär.

         Türkmenistan YÖB-ä resmi taýdan 1994-nji ýylda agza boldy. Türkmenistan meýdanynyň ululygy boýunça Merkezi Aziýada ikinji orunda durýan, 6,1 million ilatly hem-de girdejisi babatda ortadan ýokary derejeli ýurtdur. Ýurduň 488 100 inedördül kilometre deň bolan meýdanynyň esasy bölegini çöllük tutýar. Türkmenistan Gündogarda Owganystan hem-de Özbegistan bilen serhetleşip, Günbatarda Eýran Yslam Respublikasy bilen Gazagystanyň aralygynda Hazar deňziniň kenarýakasynda ýerleşýär.

         Bu çözgüt Türkmenistan üçin taryhda ilkinji AÝHS bolup, ol YÖB-niň Toparynyň bilelikdäki oňyn täsirini we onuň köp sanly anyk peýdalaryna (önümleri we hyzmatlary) we global derejesindäki hyzmatdaşlyga esaslanýan giň gerimli gymmatly teklibini peýdalanar. Mundan başga-da, ol Türkmenistandaky degişli hyzmatdaşlar we gyzyklanýan taraplar üçin zerur bolan maliýe we tehniki goldawy, bilimi hem-de mümkinçilikleri ýokarlandyrmagy, şeýle hem hususy pudaga goldaw bermegi üpjün eder.