Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

 

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

E-commerce

E-commerce

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky ýüridiki taraplara we hususy telekecilere E-commerce (Internet Ekwaýring) hyzmatyny hödürleýär.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky müşderileriň internet-sahypasynyň üsti bilen hödürleýän hyzmatlarynyň töleglerini halkara we milli töleg ulgamlarynyň bank kartlaryny kabul etmek bilen nagt däl görnüşinde hasaplaşyklary ýola goýuldy.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky Sizi bank hyzmatlarynyň amatlyklaryndan peýdalanmaga çagyrýar we täze döwrebap sanly hyzmatyny Size hödürleýär!

Bankyň e-commerce platformasy esasynda işleýän birnäçe saýtlary görkezip bolar:

“Imdat-elektronika” HJ müşderiler üçin iň gysga wagtda standart däl tehniki çözgütleri üpjün etmek üçin täze / üýtgeşik dünýä tehnologiýalaryny we häzirki zaman enjamlaryny hödürläp, müşderi kompaniýasynyň hünärmenlerini tehniki taýýarlygyny üpjün edip, hödürlenen çözgütleriň goldawyna aýratyn üns berýän kompaniýadyr.

Kompaniýanyň esasy iş görnüşleriň arasynda  sanly aragatnaşyk çözgütleri, howpsuzlyk ulgamlary, IT tehnologiýalarynyň sanyndan beýleki önümleri, şeýle hem bu ulgamlaryň integrasiýasyny aç-açan durmuşa geçirmek bolup durýar.

Kompaniýanyň täze ugurlarynyň arasynda STEAM öwrediş konstruktoryna degişli robototehnika, web sahypalary, programma üpjünçiligini we ykjam programmalary döredip çözgütleri taýýarlamak bolup durýar.

Bu resmi internet sahypasyny peýdalanmak arkaly elektronika, öý üçin tehnikalary, kompýuter enjamlary we olaryň gurluş şaýlaryny sargyt edip bank plastik kartlarynyň üsti bilen nagt däl görnüşinde elektron tölegleri amala aşyryp bilersiňiz.

Bu resmi internet sahypasyny peýdalanmak arkaly ýolagçy demir ýol biletlerini Internet arkaly (onlaýyn usulda) sargyt edip, bank plastik kartlarynyň üsti bilen nagt däl görnüşinde elektron tölegleri amala aşyryp bilersiňiz.

Bu resmi internet sahypasyny peýdalanmak arkaly Siz islän gazetlaryňyzy we žurnallaryňyzy  Internet arkaly (onlaýyn usulda) sargyt edip, bank plastik kartlarynyň üsti bilen nagt däl görnüşinde elektron tölegleri amala aşyryp bilersiňiz.

Ýokarda agzalan saýtlaryň ählisinde halkara we milli töleg ulgamlarynyň bank kartlaryny kabul etmek bilen bank kartlarynyň rekwizitlerini, ýagny kartyň belgisini, möhletini, karty saklaýjynyň adyny we familiýasyny, CVC2 koduny girizip, nagt däl görnüşinde tölegleri ýerine ýetirip bolýar.

“Millikart” bank kartynyň amatlyklary

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde milli ykdysadyýetimiz ähli ugurlar boýunça diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilýär. Ähli ykdysady pudaklar bilen bir hatarda bank ulgamynyň işjeňligi hem yzygiderli ýokarlandyrylýar.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň»  we “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda, ýurdumyzyň bank ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ulgama halkara bank ulgamynyň iň öňdebaryjy usulyýetini, innowasion tehnologiýasyny ornaşdyrmak, pul serişdeleriniň kadaly dolanyşygyny üpjün etmek, maliýe hyzmatlaryny menzilara ýerine ýetirmegiň dürli usullaryny ösdürmek bilen bagly işler bank hyzmatlaryny ösdürmekde esasy wezipeler hökmünde öňe sürülýär.

Ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek ulgamynda alnyp barylýan çäreler, “Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany” ýylynda hem bank ulgamynyň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar. Şol hasaplaşyklaryň ýurdumyzda iň ýaýbaňlandyrylan görnüşleriniň biri hem bank kartlarydyr.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan hödürlenilýän “Millikart”  bank kartlary nagt däl hasaplaşyklary ösdürmekde we bu ugurda öňde goýulýan maksatlary üstünlikli amala aşyrmakda amatly mümkinçilikleriň döremegine itergi berýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň “Millikart”, “Altyn Millikarty” we “Korporatiw Millikarty” ýaly görnüşleri hereket edýär. 2019-njy ýylyň 1-nji awgusty ýagdaýyna bankymyz tarapyndan hasaba alnan “Millikart” bank kartlarynyň sany 76 müňe ýetdi, bir ýylyň dowamynda 10.50% ýokarlandy, töleg terminallaryň sany 904-e ýetip, geçen ýyla görä 16.95% artdy.

Raýatlaryň zähmet haklarynyň, kömek pullarynyň, pensiýalarynyň, talyp haklarynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy ilatyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanyp süýşürintgi etmäge mümkinçilik döredýär. Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky we onuň şahamçalary tarapyndan raýatlaryň “Millikart” bank kart hasaplaryndaky galyndy pul serişdelerine kartyň görnüşine baglylykda ýyllyk azyndan 5-7 göterim aralygy girdeji tölenýär. 

Bankymyz tarapyndan, bank kartlary arkaly nagt däl hasaplaşyklary ösdürip, pul serişdeleriniň dolanyşygyny çaltlandyryp, töleg ulgamynyň netijeliligini artdyrmak işleriniň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň maliýe taýdan durnuklylygyny pugtalandyrmaga, milli puluň hümmetini berkitmäge, müşderileriň pul serişdelerini berk gorap saklamaga, pul serişdeleriň kadaly dolanyşygyny üpjün etmäge, şeýle hem halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga oňyn täsirini ýetirýär.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda Millikart bank karty boýunça töleg, hasaplaşyk ulgamlarynyň gerimini giňeltmek we ony kämilleşdirmek boýunça işler ýokary derejede gurnalýar. Häzirki döwürde ulanylýan bank kartlary döwrüň ösmegi bilen has-da kämilleşdirilýär. Onuň ýerine ýetirýän wezipeleri, tehniki häsiýetleri we aýratynlyklary tapawutlydyr. Olaryň artykmaçlyklarynyň biri hem kartlaryň rugsat edilmedik daşky täsirlerden ýokary derejede goralmasydyr.

Türkmenistan döwletimiziň durnukly, ösen döwlete öwrülmegi, ykdysadyýetde we jemgyýetde hil taýdan has ýokary depginli öňegidişlikleriň gazanylmagy hormatly Prezidentimiziň netijeli döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglybolup, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda uly möçberli özgertmeleriň geçirilmegi durmuş-ykdysady ösüşiň çaltlandyrylmagyna itergi berýär.

Nagt däl hasaplaşyklaryň ösdürilmegi, pul serişdeleriniň dolanyşygyny çaltlandyryp, ýurdumyzyň maliýe taýdan durnuklylygyny pugtalandyrmaga, milli puluň hümmetini berkitmäge, ýurdumyzyň ykdysady ösüşini we pul serişdeleriň kadaly dolanyşygyny üpjün etmäge, müşderileriň pul serişdelerine bolan zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga, olaryň pul serişdelerini netijeli ulanyp bilmegine oňyn täsir edýär.

“Türkmenistanyň Ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň   2019-2025-nji  ýyllar üçin Maksatnamasyna” laýyklykdabank tarapyndan ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak arkaly bank hyzmatlarynyň bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlanýar. Häzirki wagtda raýatlaryň nagt däl hasaplaşyklardan peýdalanmaklaryny höweslendirmek maksady bilen, bankymyz tarapyndan söwda we jemgyýetçilik nokatlarynda geçirilýän hasaplaşyklar üçin höweslendiriji hyzmatlary ornaşdyrmak boýunça hem degişli işler alnyp barylýar. Mundan başga-da ýerine ýetirilýän tölegleriň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen gorag üpjünçiligini has-da kämilleşdirmek işleri alnyp barylýar. Maglumat tehnologiýalary, sanly ykdysadyýet, maglumat howpsuzlygy ýaly ugurlar boýunça daşary ýurt tejribesini öwrenmek boýunça hyzmatdaşlyklar ýola goýulýar.

Bank hyzmatlarynyň döwrebap görnüşleriniň sanynyň artdyrylmagy we ilatyň bu hyzmatlardan peýdalanmaga işjeň gatnaşmagy kart eýeleriniň wagtyny we maliýe serişdelerini tygşytlamaga mümkinçilik bermek bilen, milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüşinde hem möhüm orny eýeleýär.

Halkymyzyň abadançylygy, rowaçlygy ugrunda ýadawsyz tagallalar edýän, bize şeýle ajaýyp zamanamyzda netijeli işlemäge şert döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun. Il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

 

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň 28 ýylyň dowamynda gazanan netijeleri.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň

28 ýylyň dowamynda gazanan netijeleri.

 

2020-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda  Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň döredilmegine 28 ýyl dolýar.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992-nji ýylyň 27-nji ýanwaryndaky UP-278 belgili Permany bilen döredildi. Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky uzak ýol geçip, bankyň işgärleriniň jebislenen topary bilen alyp barýan netijeli işlerinde belli sepgitlere ýetdi we  müşderilere ygtybarly hyzmat etmek arkaly olaryň ynamyny gazandy. Bankyň uly müşderiler binýady onuň durnuklygynyň we ynamdarlygynyň hakyky görkezijileriniň biri bolmagyna galýar. Hökumetiň wekili hökmünde ýurdyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýalaryny çekmek we daşary ýurtdan maliýeleşdirilişe hyzmat etmek wezipesini ýerine ýetirmek bilen Bank özünde Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň strategik pudaklarynyň öňde baryjy döwlet kärhanalaryndan, dünýä belli daşary ýurt kompaniýalaryndan, ýurdumyzyň üstünlikli işleýän hususy kärhanalaryndan duran korparatiw müşderileriň özenini jemleýär.

Köpugurly milli ykdysadyýeti kemala getirmek, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösüşini üpjün etmek maksady bilen döwlet maýa goýum maksatnamasyny durmuşa geçirmek bilen halkara bazarlarynda ýurdumyzyň Hökümetiniň agenti hökmünde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň amala aşyrýan çäreleriniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Milli ykdysadyýetimize daşary ýurt maýadarlaryny çekmek maksady bilen bank dürli daşary ýurt maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň ägirt uly tejribesini toplady. Soňky ýyllarda Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlarynyň, hususan-da, Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Hytaýyň, Singapuryň hem-de beýleki döwletleriň esasy maliýe düzümleri bilen gatnaşyklar has-da işjeňleşdirildi. Ýangyç-energetika toplumynda, ulag-kommunikasiýa ulgamynda eýýäm amala aşyrylan we durmuşa geçirilýän halkara ähmiýetli taslamalaryň birnäçesi netijeli hyzmatdaşlygyň ajaýyp mysaly bolup hyzmat edýär.

Bank özüniň döredilen gününden bäri, nebitgaz senagatyna, agrosenagat toplumyna, ulag we aragatnaşyk  ulgamyna, ýangyç energetika ulgamyna, dokma senagatyna hem-de saglygy goraýyş we derman senagatyna  maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmegini üstünlikli  amala aşyrýar.

Karz bukjasynyň düzüminiň pudaklar boýunça bölünişi barada aýdylanda nebitgaz senagaty 68 göterim, himiýa senagaty 17 göterim, oba hojalygy 8 göterim, ulag we aragatnaşyk ulgamy 7 göterimini eýeleýärler.

Türkmenistanda wajyp taslamalaryň amala aşyrylmagyna gönükdirilýän daşary ýurt maýa serişdeleriniň umumy möçberinde Ýaponiýa 39,5 göterim, Hytaý Halk Respublikasy 25,9 göterim degişlidir. Koreýa Respublikasy 19,9 göterim bilen üçünji orunda durýar. Bulardan başga-da Germaniýa, Saud Arabystany we ABŞ ýaly ýurtlar bilen maýa goýum maliýeleşdiriş işleri alnyp barylýar.

2019-njy ýylda Awazada 11 — 12-nji awgustda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň dowamynda Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan daşary ýurtlaryň maliýe guramalary bilen umumy bahasy ABŞ-nyň 575 million dollaryna golaý bolan ylalaşyklaryň bäşisine gol çekildi. Bu serişdeler elektroenergetika we oba hojalygy pudaklaryndaky taslamalaryň, şeýle hem ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň kiçi we orta kärhanalarynyň, hususyýetçileriň taslamalarynyň maliýeleşdirilmegine gönükdiriler.

Geçen 2019-njy ýylyň özünde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “Commerzbank”, “Credit Suisse & Commerzbank AG” banklary we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň “Deere Credit Inc.” Kompaniýasy hem-de Yslam Ösüş bankynyň ösüş ugrundaky Yslam korporasiýasy (ICD) bilen karz ylalaşyklary baglaşyldy. Bu ylalaşyklar esasan ýurdumyzyň kiçi we orta telekeçiligini goldamak, oba we suw hojalygyna gerek bolan enjamlary satyn almak hem-de energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezini gurmak we olar boýunça ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almaga gönükdirilendir. Bulardan başga-da, Singapur Respublikasynyň Banklar assosiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyk, Singapuryň “DBS Bank Ltd.” (Singapuryň Ösüş bankynyň) arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda, şeýle hem Italiýa Respublikasynyň “Banca Monte dei Paschi di Siena S.p.A”  we “Intesa Sanpaolo” banklary bilen hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyklar baglaşyldy. Şeýlelikde bank tarapyndan 2019-njy ýylyň dowamynda maliýeleşdiriş we hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşyklaryň we şertnamalaryň 10 sanysy  üstünlikli baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet daşary iş banky Beýik Britaniýanyň «Financial Times» diýen abraýly neşiriniň «The Banker» žurnalynyň her ýyl çap edilýän sanynda “Ýurduň iň gowy banky” diýen ada 13 gezek mynasyp boldy.

Bankyň maliýe hasabatlaryna her ýyl  uly dörtlüge girýän halkara garaşsyz auditorlar hakyky baha berýärler we hasabatlylyk halkara ülnilerine laýyk taýýarlanylýar.

Bankyň ukyplylygy öňi bilen,  öňde baryjy bank tehnologiýalaryny we enjamlaryny giňden ulanmagyň, müşderi binýadynyň giňeldilmeginiň we bank töwekgelçiliginiň ýokary derejelerde kadalaşdyrylmagynyň hasabyna gazanylýar.

Soňky 10 ýylyň dowamynda bank işjeňliginiň esasy görkezijileriniň  ösüşiniň barşy (2010-2019ýý.);

  • Bankyň jebislendirilen aktiwleri 10 esse artdy we 35 mlrd.manat boldy;
  • Karz goýumlar 12 esse artdy  we 16.6 mlrd manat boldy;
  • Jemlenen hususy maýa 4 esse artdy hem-de 1 mlrd. manatdan geçdi. Bu esasan hem her ýylda peýdany maýalaşdyrmagyň hasabyna gazanyldy.
  • Bankyň müşderlerden çekilen pul serişdeleriniň möçberi 9 esse artdy  we 16.9 mlrd manat boldy;
  • Bankyň arassa peýdasy 10 esse artdy we 2019-njy ýylyň jemi boýunça 195 million manat boldy.
  • 2019-njy ýylyň jemi boýunça Bankyň hyzmat edilýän müşderleriniň sany 604 474 deň boldy.

Bank aşakdaky wajyp Döwlet Maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine işjeň gatnaşýar:

  • Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy;
  • 2019 — 2025-nji ýyllarda Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy;
  • Kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasy;
  • Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy.

 

Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegine mynasyp goşant goşýan Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdi. 2019-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda bu abraýly halkara gurama bilen ýene bir Taslamalaýyn resminama gol çekildi. Onuň çäklerinde, ösüş ulgamynda halkara maliýesini jemlemegi we onuň dolandyryşyny gowulandyrmak üçin tehniki bilimler we tejribe, maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary bilen laýyklygy ýokarlandyrmak, sanly özgertmeler üçin esas döretmek hem-de bankyň işgärleriniň kuwwatyny ösdürmek we mümkinçiliklerini giňeltmek ýaly dört esasy ugur boýunça hyzmatdaşlygy dowam eder. 

Şeýle hem, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky ýurdumyzda täze taslamalary maliýeleşdirmek üçin maýa goýumlary çekmek maksady bilen, daşary ýurt guramalarynyň gatnaşmagynda açyk görnüşli Maýa goýum gaznasyny döretmek boýunça netijeli işler geçirilýär.Bankyň ýolbaşçylary we işgärleri ähli hyzmatdaşlaryna we müşderilerine şu ýyllaryň dowamynda bildiren ynamlary we ýardamlary üçin tüýs ýürekden minnetdarlygyny bildirýär we Türkmenistanyň ykdysadyýetini pugtalandyrmakda netijeli hyzmatdaşlygynyň ýene köp ýyllara dowam etmegini hem-de işleriňizde rowaçlyk arzuw edýär. Biz siziň ynamyňyza we sylagyňyza uly hormat goýýarys. Biziň işjeň gatnaşyklarymyz – ösüş ugrundaky hyzmatdaşlygymyzyň netijeleridir.

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamasy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 1-nji fewralda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny tassyklady. Bu strategik resminamanyň kabul edilmegi bilen milli Liderimiziň köpugurly özgertmelerini amala aşyrmagyň, halk hojalygynyň pudaklaryny hem-de döwlet dolandyrylyşynyň ähli ulgamlaryny düzüm taýdan mundan beýläk-de täzeden guramagyň nobatdaky tapgyry başlandy.

Sanly ykdysadyýetiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmek, önümçiligiň depginli ösüşi täze ýokary sepgitlere çykmaga mümkinçilik berer, ähli pudaklaryň kämilleşdirilmegi, dünýäniň iň oňat tejribesini, öňdebaryjy ylmy pikirleri we innowasion tehnologiýalary ulanmak bilen, şolaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy arkaly üpjün ediler.

Ýediýyllyk maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi hojalygy ýöretmegiň netijeli usullarynyň giňden ornaşdyrylmagyny, ýurdumyzyň ägirt uly tebigy baýlyklary, şeýle hem çäk mümkinçilikleri, geosyýasy ýagdaýlary bilen şertlendirilen heniz ulanylmadyk mümkinçilikleriniň hem-de artykmaçlyklarynyň herekete girizilmegi, bazar gatnaşyklary şertlerinde hereketlendiriji güýç hökmünde telekeçileriň bu işlere işjeň çekilmegini talap edýär. Bu ugurda ýurdumyzyň sebitlerini hem-de serhetdeş döwletleri birleşdirýän ýörite ykdysady zolaklaryň hem-de ykdysady geçelgeleriň, daşary ýurt bazarlaryna çykmaga mümkinçiligi bolan ösen ulag-logistika düzümli senagat ulgamlarynyň we senagat toplumlarynyň ösdürilmegine ýardam eder.

Şunuň bilen birlikde, 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden beýan edilen hem-de halkara jemgyýetçiligiň giňden goldawyna eýe bolan düýpli maksatlaryň we başlangyçlaryň esasynda milli Liderimiziň suw, energetika we ulag diplomatiýasy babatdaky teklipleriniň Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekdäki ýollaryny şöhlelendirýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň maksatnamasynda milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň konsepsiýasynda göz öňünde tutulan çäreleri tapgyrlaýyn amala aşyrmagyň meýilnamasyna aýratyn orun berilýär. Munuň özi ähli derejelerde döwlet edaralarynyň dolandyryş mümkinçiligini hem-de ulgamyň netijeliligini, pudaklarda tehnologik täzelikleri öňe ilerletmek arkaly dolandyrmagy, häkimiýetiň düzümleriniň, raýat jemgyýetleriniň arasynda aragatnaşyklary pugtalandyrmagy güýçlendirmäge gönükdirilendir.

Ykdysadyýetimiziň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Hökümet tarapyndan teklip edilýän nusgasy esasy ugurlaryň birnäçesini birleşdirýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

 
       Birinjiden, senagat pudaklaryny we hyzmatlar ulgamyny düzüm taýdan üýtgedip guramak göz öňünde tutulýar. Bu bolsa ylmy-tehniki derejesi we goşulan bahasy pes bolan senagat önümlerini öndürmekden, ýokary tehnologiýaly önümçiligi goldamaga ähmiýet bermek bilen, goşulan bahasy ýokary derejede bolan önümleri öndürmäge geçmegi aňladýar.

 Ikinjiden, hususylaşdyryp we paýdarlar jemgyýetlerine öwrüp, döwlete degişli eýeçiligi azaltmagy işjeň dowam etmegi göz öňünde tutýar.
      Üçünjiden, kärhanalary üýtgedip guramagy öz içine alýar. Munuň üçin dolandyryş we önümçilik babatda dünýäde gazanylan iň täze ylmy we tehnologik üstünlikleri ulanmak meýilleşdirilýär. Şoňa laýyklykda, dolandyryş ulgamy hem özgerdiler. Sebäbi sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly kärhanalary üýtgedip guramak ykdysadyýetimiziň täze durkuny döretmek üçin esas bolup durýar.

Dördünjiden, maksatnama marketing strategiýasyna hem düzedişleri girizmegi öz içine alýar. Umumylaşmak we halkara derejesinde goşulyşmak kärhanalar üçin örän uly bazarlary açýar. Olara öz maýa goýum taslamalaryndan gelip çykýan artykmaçlyklary doly derejede peýdalanmaga mümkinçilik berýär.

Umuman, döwlet çykdajylaryny azaltmak we hususy pudagyň hem-de daşary ýurt firmalarynyň maýa goýumlaryny çekmek üçin şertleri ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar. Maýa goýmagyň täze görnüşlerini işläp taýýarlamak, hususan-da, döwlet bilen hususyýetçiligiň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak bellenilýär.

Ykdysady strategiýanyň durmuş taýdan ugur almagy ösüşiň täze nusgasyny öňe süren milli Liderimiziň üns merkezinde bolmagynda galýar. Munuň özi durnukly ykdysady ösüşiň esasynda halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyndan, bäsdeşlige ukyply innowasion önümçilikleri we ýokary öndürijilikli iş orunlaryny döretmekden, işewür işjeňligi giňeltmekden hem-de ýurdumyzyň aň-paýhas, ynsan mümkinçiliklerini ösdürmekden ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen şu ýylda ýurdumyzda bolup geçýän oňyn özgertmeleri has içgin we giňden beýan etmek, gazanylýan üstünlikleri hem-de ýetilen ajaýyp sepgitleri wagyz etmekligiň zerurdygyny belledi.

 

“Cash back” bank hyzmaty.

Hormat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da “Türk­me­nis­tan­da 2019-2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­na” la­ýyk­lyk­da, ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan yk­dy­sa­dy öz­gert­me­le­riň çäk­le­rin­de bank ul­ga­my­nyň işi­ni döw­re­bap de­re­je­de ös­dür­mek ba­bat­da, giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­lar giň­den or­naş­dy­ry­lyp, ila­ta bank hyz­mat­la­rynyň tä­ze­çil gör­nüş­le­ri hö­dür­lenil­ýär.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky Size Millikarty we Goýum bank kartyny, şeýle hem, bank amallarynyň dürli hyzmatlaryny ýerine ýetirmekde giň mümkinçilikleri hödürleýär.

Nagt däl görnüşinde bank kartlarynyň üsti bilen töleg terminallary arkaly söwda we hyzmat ediş nokatlarynda harytlary satyn almaga, öýjükli aragatnaşyk, internet, IP-telewideniýe, şäher telefon ulgamyň hyzmatlaryny tölemäge,  demir ýol we awiapetekleri satyn almaga, taksilerde tölegleri  geçirmäge, karzy üzmek we onuň göterimlerine töleg geçirmek mümkinçilikleri bar.

Hormatly müşderiler! Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky Size täze “Cash back” bank hyzmatyny hödürleýär!

2020-nji ýylyň 2-nji ýanwaryndan başlap ýurdumyzyň söwda we jemgyýetçilik nokatlarynda bank kartlary arkaly töleg geçirilende “Cash-back” hyzmatynyň mümkinçiliginden peýdalanyp bilersiňiz! Müşderileriň nagt däl görnüşinde harytlar ýa-da hyzmatlar üçin geçiren tölegleriniň belli bir möçberini Bank tarapyndan kart saklaýjynyň hasabyna yzyna gaýtarmak mümkinçiligi döredilýär!

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky öz müşderilerini bank kartlary arkaly geçirilýän amallarynyň giň mümkinçiliklerinden peýdalanmaga çagyrýar.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky ― Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň 27 ýylda gazanan netijeleri.

2019-njy ýylyň 27-nji ýanwarynda  Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň döredilenine 27 ýyl dolýar.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992-nji ýylyň 27-nji ýanwaryndaky UP-278 belgili Permany bilen döredildi (Türkmenistanyň Merkezi bankynyň 2003-nji ýylyň mart aýynyň 20-indäki №32 belgili Baş ygtyýarnamasynyň eýesi).

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky özüniň alyp barýan işinde abraý gazandy we  müşderileriň ynamyna mynasyp boldy. Bankyň uly müşderiler binýady onuň üstünliginiň umumy görkezijileriniň biri bolup durýar. Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň döwlet kärhanalary, dünýä belli daşary ýurt kompaniýalary, ýurdumyzyň üstünlikli işleýän hususy kärhanalary Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň korporatiw müşderileriniň esasynydüzýär.

Döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli ykdysady syýasaty esasynda ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini has-da artdyrmak maksady bilen iri senagat we infrastruktura taslamalaryň maliýeleşdiriş işleri Bank tarapyndan yzygiderli amala aşyrylýar. Milli ykdysadyýetimize daşary ýurt karzlaryny çekmek babatda bank daşary ýurtlaryň dürli maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň we özara bähbitliligiň oňyn tejribesini toplady.

Bank özüniň döredilen gününden bäri, nebitgaz senagatyna, agrosenagat toplumyna, ulag we aragatnaşyk  ulgamyna, ýangyç energetika ulgamyna, dokma senagatyna hem-de saglygy goraýyş we derman senagatyna  maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmegini üstünlikli  amala aşyrýar.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky Beýik Britaniýanyň «Financial Times» diýen abraýly neşiriniň «The Banker» žurnalynyň her ýyl çap edilýän sanynda “Ýurduň iň gowy banky” diýen ada 13 gezek mynasyp boldy.

Bankyň maliýe hasabatlaryna her ýyl  uly dörtlüge girýän halkara garaşsyz auditorlar hakyky baha berýärler we hasabatlylyk halkara ülnilerine laýyk taýýarlanylýar.

Bankyň ukyplylygy öňi bilen,  öňde baryjy bank tehnolagiýalaryny we enjamlaryny giňden ulanmagyň, müşderi binýadynyň giňeldilmeginiň we bank töwekgelçiliginiň ýokary derejelerde kadalaşdyrylmagynyň hasabyna gazanylýar.

Soňky 10 ýylyň dowamynda bank işjeňliginiň esasy görkezijileriniň  ösüşiniň barşy (2009-2018);

  • Bankyň jebislendirilen aktiwleri 16 esse artdy we 36 mlrd.manat boldy;

  • Karz goýumlar 12 esse artdy  we 18.4 mlrd manat boldy;

  • Jemlenen hususy maýa 4 esse artdy. Bu esasan hem her ýylda peýdany maýalaşdyrmagyň hasabyna gazanyldy.

  • Bankyň müşderlerden çekilen pul serişdeleriniň möçberi 27 esse artdy  we 16.6 mlrd manat boldy;

  • Bankyň arassa peýdasy 6.7 esse artdy we 2018-nji ýylyň ahyryna 126 million manat boldy.

2018-nji ýylda Bankyň aktiwleri 5%  artdy, arassa peýda 6,2% ösdi, girdejileri 1.4 esse artdy, karz bukjanyň göwrümi 8.7% ösdi, bankyň hususy serişdeleri 15.67% köpeldi. 2018-nji ýylyň jemi boýunça müşderileriniň sany 436 398 deň boldy. Bank tarapyndan hususy kärhanalara we telekeçilere önümçilik maksatly karzlar boýunça jemi 26 sany müşderileriň taslamalaryna seredildi we  32 184.19 müň manat möçberinde karzlaşdyryldy.

Geçen ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky Germaniýanyň iri “Commerzbank” banky bilen, halkara hyzmatdaşlyk ugrunda Ýapon banky we beýleki maliýe edaralary bilen, Aziýanyň ösüş banky bilen karz ylalaşyklary baglaşyldy.

Şeýle hem, 2018-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Dubaýyň Yslam ykdysady ösüşi üçin merkeziniň, Abu-Dabi Ösüş gaznasynyň, “Al Qamra Holding Group” kompaniýasynyň, Saud Arabystany Patyşalygynyň “The Global Projects  Development Holding Co.” we “Riva Development Company” kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyklara gol çekildi.

Mundan başga-da, BMGÖM we halkara bilermenler bilen hyzmatdaşlykda bank ulgamyny öz içine alýan bankyň orta möhletleýin ösüş strategiýasy we halkara we daşary ýurt maliýe edaralarynyň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýän karz taslamalarynyň tertibiniň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. 

Şeýle-de, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky ýurdumyzda täze taslamalary maliýeleşdirmek üçin maýa goýumlary çekmek maksady bilen, daşary ýurt guramalarynyň gatnaşmagynda açyk görnüşli Maýa goýum gaznasyny döretmek boýunça netijeli işler geçirilýär.

Bankyň ýolbaşçylary we işgärleri ähli hyzmatdaşlaryna we müşderilerine şu ýyllaryň dowamynda bildiren ynamlary we ýardamlary üçin tüýs ýürekden minnetdarlygyny bildirýär we Türkmenistanyň ykdysadyýetini pugtalandyrmakda netijeli hyzmatdaşlygynyň ýene köp ýyllara dowam etmegini hem-de işleriňizde rowaçlyk arzuw edýär. Biz siziň ynamyňyza we sylagyňyza uly hormat goýýarys, biziň işjeň gatnaşyklarymyz bolsa ösüş ugrundaky hyzmatdaşlygymyzyň netijeleridir.

 

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky, Size "Goýum bank kartyny" hödürleýär!

 

Hormatly Türkmenistanyň raýatlary!

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky

Goýum bank kartyny hödürleýär!

Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, nagt däl hasaplaşyklary ýaýbaňlandyrmak maksady bilen, dünýäniň öňdebaryjy tilsimatlaryna esaslanyp, ilata edilýän ýokary derejedäki bank hyzmatlarynyň täze görnüşini - Goýum bank kartyny  hödürleýär!

Goýum bank kartyna nagt milli puluny goýmak we almak,

nagt däl görnüşinde tölegleri amala aşyrmak, göterim girdejileri gazanmak mümkinçilikleri bolan amatlyklardan peýdalanmaga çagyrýarys!

 

 

Möhleti:

möhletsiz

Göterim möçberi:

ýyllyk  6 %

Goýumyň iň az möçberi:

çäksiz

 

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

Goşmaça soraglar boýunça banka ýüz tutup bilersiňiz: 40-60-40, 40-60-50

Biziň salgymyz: Aşgabat ş., Garaşsyzlyk şaýoly 32

E-mail: Ця електронна адреса захищена від спам-ботів. вам потрібно увімкнути JavaScript, щоб побачити її.

www.tfeb.gov.tm

 

Nagt däl hasaplaşyklar.

Türkmenistan döwletimizde amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň çäklerinde bank ulgamynyň işine döwrebap tehnologiýalar, häzirki zaman bank hyzmatlary ornaşdyrylýar. Bu bank hyzmatlarynyň içinde aýratyn hem fiziki şahslar üçin şahsy maksatlar, şahsy zerurlyklar üçin ulanylýan bank kartlary arkaly geçirilýän nagt däl hasaplaşyklar aýratyn möhüm orna eýedir.

Bu günki güne Türkmenistanyň karz edaralarynda nagt däl hasaplaşyklary has-da ýaýbaňlandyrmak, pul dolanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, bank kartlary boýunça milli we halkara töleg ulgamynyň ýaýrawyny giňeltmek babatynda giň gerimli işler alnyp barylýar. Hususan-da, bank kartlarynyň, töleg terminallaryň, bankomatlaryň sany, şeýle hem “Internet-bank”, “Mobil-bank” ulgamlarynyň üsti bilen amal edilýän nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi yzygiderli artýar.

Häzirki wagtda söwda we hyzmat ediş merkezlerinde, saglyk edaralarynda, ätiýaçlandyryş guramalarynda, awiapetek, demirýol petekleri satýan nokatlarda ilatdan tölegleri bank kartlarynyň üsti bilen almak boýunça ähli zerur şertler döredilen.

Bank kartlarynyň üsti bilen töleg terminallary arkaly nagt däl görnüşde söwda we hyzmat ediş nokatlarynda harytlary satyn almagyň, aragatnaşyk, jemagat we ýaşaýyş hyzmatlaryny tölemegiň, awtoulaglaryň ýangyjy üçin tölemegiň, saglygy goraýyş edaralarynyň hyzmatlary, awiapetekler üçin tölemegiň, karzy üzmek we onuň göterimlerini tölemegiň döwrebap, amatly we howpsuz usullary hödürlenýär.

Bankomatlar ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan raýatlara elýeterli we amatly nokatlarda ýerleşdirilip, nagt puly çykarmak, degişli edara gitmezden öýjükli telefonlaryň hyzmaty, «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň hödürleýän internet hyzmaty, «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hödürleýän internet, öý telefon we IP-TV telewideniýe hyzmatlary üçin tölemek, karzlarynyň esasy bergisini gaýtarmak we olaryň hasaplanylan göterimlerini, saglyk ätiýaçlandyryş töleglerini tölemek ýaly amatly mümkinçilikler hödürleýär.

Ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek, bank kartlaryndan peýdalanyjylara hödürlenilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak hem-de bank ulgamyna döwrebap hyzmatlary ornaşdyrmak maksady bilen geçirilýän işleriň çäklerinde bank kartlarynyň üsti bilen, hakyky wagt tertibinde  hasaplaşyklary geçirmek üçin internet-bank ulgamy taýýarlanyldy. Onuň ýurdumyzda giňden ornaşdyrylmagy ugrunda zerur bolan çäreler durmuşa geçirilýär.

Şeýle-de ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan “Mobil-bank” hyzmaty hem hödürlenýär. Bu hyzmat hem edil “Internet-bank” hyzmaty ýaly müşderilere ýeňillikleri döredýär. Müşderiler işleýän ykjam telefonlaryny ýa-da planşetlerini ulanyp, hödürlenilýän hyzmatlardan peýdalanyp bilýärler.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe, Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň baştutanlygynda ýurdumyzyň alyp barýan hoşniýetli daşary syýasaty netijesinde, dünýäniň ençeme ýurtlary bilen syýasy, ykdysady, medeni we ynsanperwer aragatnaşygy ýola goýuldy. Russiýa Federasiýasynda, Ukrainada, Belarus Respublikasynda, Hytaý Halk Respublikasynda, Koreýa Respublikasynda, Türkiýe Respublikasynda we dünýäniň onlarça beýleki ýurtlarynda ýaş türkmenistanlylar üçin bilim almaga mümkinçilik döredildi. Türkmenistanyň karz edaralary daşary ýurtda bilim alýan türkmenistanly ýaşlar  üçin amatly bolan şu hyzmatlary yzygiderli we bökdençsiz ýagdaýda ýerine ýetirýärler. Häzirki wagtda daşary ýurduň bilim edarasynda okaýan fiziki şahslara  bellenen möçberde milli puly daşary ýurt puluna çalşyp, şol fiziki şahslaryň VISA, MasterСard kartlaryna geçirilýär, şeýle hem hasap açmazdan WesterUnion, MoneyGram halkara töleg ulgamlary arkaly daşary ýurtlara iberilýär.

MasterCard we VISA halkara bank kartlary daşary ýurtda okaýan ýaşlar üçin örän uly mümkinçilikleri hödürleýär. Häzirki günde Türkmenistanyň ähli karz edaralarynda we olaryň ähli şahamçalarynda MasterCard we VISA halkara bank kartlaryny sargyt etmek boýunça şertler döredildi. Daşary ýurtda bilim alýan ýaşlaryň bilim alýan döwründe şahsy harajatlaryny olaryň adyna açylan MasterCard we VISA halkara bank kartlarynyň üsti bilen tölemäge mümkinçilikler bar. Bu kartlaryň üsti bilen nagt däl görnüşde hasaplaşyklaryň ählisini ýerine ýetirmek mümkin bolup, zerur ýagdaýlarda bankomatlar arkaly kart hasabynda duran pullar nagt görnüşde hem alnyp biliner.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde nagt däl hasaplaşyklar ulgamyny ösdürmek bilen, ýurdumyzda hasaplaşyklary döwrebaplaşdyrmak, halkara derejesine çykarmak we raýatlar üçin amatly bolmagyny gazanmak maksat edinilýär.

 

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň

Meýilleşdiriş we strategiki ösüş bölüminiň baş hünärmeni G.Kullaýewa

 

 

 

 

 

BÄSLEŞIK

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky, 20 sany Kassa pul sanaýjy Magner kysymly enjamy satyn almak üçin öň yglan edilen bäsleşigiň möhletini uzaldýar

 Gyzyklanma bildirýän kompaniýalar degişli maglumaty görkezilen salgylar boýunça düşenbe we anna günleriň aralygynda sagat 09-00-dan 17-00 çenli alyp bilerler.

Degişli teklipleriňiz aşakdaky görkezilen salga gelip gowuşmaly. Şu bäsleşik boýunça teklipler  2018-nji ýylyň ýanwar aýynyň 31-ine çenli kabul edilýär.

Türkmenistan, 744036 ş. Aşgabat,

Garaşsyzlyk şaýoly, jaý 32

Telefon:    +993 12 40 65 10/ 40-60-06/

“Millikart” bank kartynyň amatlyklary

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde milli ykdysadyýetimiz ähli ugurlar boýunça diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilýär. Ähli ykdysady pudaklar bilen bir hatarda bank ulgamynyň işjeňligi hem yzygiderli ýokarlandyrylýar.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň»  we “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda, ýurdumyzyň bank ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ulgama halkara bank ulgamynyň iň öňdebaryjy usulyýetini, innowasion tehnologiýasyny ornaşdyrmak, pul serişdeleriniň kadaly dolanyşygyny üpjün etmek, maliýe hyzmatlaryny menzilara ýerine ýetirmegiň dürli usullaryny ösdürmek bilen bagly işler bank hyzmatlaryny ösdürmekde esasy wezipeler hökmünde öňe sürülýär.

Ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek ulgamynda alnyp barylýan çäreler, “Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany” ýylynda hem bank ulgamynyň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar. Şol hasaplaşyklaryň ýurdumyzda iň ýaýbaňlandyrylan görnüşleriniň biri hem bank kartlarydyr.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan hödürlenilýän “Millikart”  bank kartlary nagt däl hasaplaşyklary ösdürmekde we bu ugurda öňde goýulýan maksatlary üstünlikli amala aşyrmakda amatly mümkinçilikleriň döremegine itergi berýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň “Millikart”, “Altyn Millikarty” we “Korporatiw Millikarty” ýaly görnüşleri hereket edýär. 2019-njy ýylyň 1-nji awgusty ýagdaýyna bankymyz tarapyndan hasaba alnan “Millikart” bank kartlarynyň sany 76 müňe ýetdi, bir ýylyň dowamynda 10.50% ýokarlandy, töleg terminallaryň sany 904-e ýetip, geçen ýyla görä 16.95% artdy.

Raýatlaryň zähmet haklarynyň, kömek pullarynyň, pensiýalarynyň, talyp haklarynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy ilatyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanyp süýşürintgi etmäge mümkinçilik döredýär. Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky we onuň şahamçalary tarapyndan raýatlaryň “Millikart” bank kart hasaplaryndaky galyndy pul serişdelerine kartyň görnüşine baglylykda ýyllyk azyndan 5-7 göterim aralygy girdeji tölenýär. 

Bankymyz tarapyndan, bank kartlary arkaly nagt däl hasaplaşyklary ösdürip, pul serişdeleriniň dolanyşygyny çaltlandyryp, töleg ulgamynyň netijeliligini artdyrmak işleriniň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň maliýe taýdan durnuklylygyny pugtalandyrmaga, milli puluň hümmetini berkitmäge, müşderileriň pul serişdelerini berk gorap saklamaga, pul serişdeleriň kadaly dolanyşygyny üpjün etmäge, şeýle hem halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga oňyn täsirini ýetirýär.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda Millikart bank karty boýunça töleg, hasaplaşyk ulgamlarynyň gerimini giňeltmek we ony kämilleşdirmek boýunça işler ýokary derejede gurnalýar. Häzirki döwürde ulanylýan bank kartlary döwrüň ösmegi bilen has-da kämilleşdirilýär. Onuň ýerine ýetirýän wezipeleri, tehniki häsiýetleri we aýratynlyklary tapawutlydyr. Olaryň artykmaçlyklarynyň biri hem kartlaryň rugsat edilmedik daşky täsirlerden ýokary derejede goralmasydyr.

Türkmenistan döwletimiziň durnukly, ösen döwlete öwrülmegi, ykdysadyýetde we jemgyýetde hil taýdan has ýokary depginli öňegidişlikleriň gazanylmagy hormatly Prezidentimiziň netijeli döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglybolup, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda uly möçberli özgertmeleriň geçirilmegi durmuş-ykdysady ösüşiň çaltlandyrylmagyna itergi berýär.

Nagt däl hasaplaşyklaryň ösdürilmegi, pul serişdeleriniň dolanyşygyny çaltlandyryp, ýurdumyzyň maliýe taýdan durnuklylygyny pugtalandyrmaga, milli puluň hümmetini berkitmäge, ýurdumyzyň ykdysady ösüşini we pul serişdeleriň kadaly dolanyşygyny üpjün etmäge, müşderileriň pul serişdelerine bolan zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga, olaryň pul serişdelerini netijeli ulanyp bilmegine oňyn täsir edýär.

“Türkmenistanyň Ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň   2019-2025-nji  ýyllar üçin Maksatnamasyna” laýyklykdabank tarapyndan ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak arkaly bank hyzmatlarynyň bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlanýar. Häzirki wagtda raýatlaryň nagt däl hasaplaşyklardan peýdalanmaklaryny höweslendirmek maksady bilen, bankymyz tarapyndan söwda we jemgyýetçilik nokatlarynda geçirilýän hasaplaşyklar üçin höweslendiriji hyzmatlary ornaşdyrmak boýunça hem degişli işler alnyp barylýar. Mundan başga-da ýerine ýetirilýän tölegleriň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen gorag üpjünçiligini has-da kämilleşdirmek işleri alnyp barylýar. Maglumat tehnologiýalary, sanly ykdysadyýet, maglumat howpsuzlygy ýaly ugurlar boýunça daşary ýurt tejribesini öwrenmek boýunça hyzmatdaşlyklar ýola goýulýar.

Bank hyzmatlarynyň döwrebap görnüşleriniň sanynyň artdyrylmagy we ilatyň bu hyzmatlardan peýdalanmaga işjeň gatnaşmagy kart eýeleriniň wagtyny we maliýe serişdelerini tygşytlamaga mümkinçilik bermek bilen, milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüşinde hem möhüm orny eýeleýär.

Halkymyzyň abadançylygy, rowaçlygy ugrunda ýadawsyz tagallalar edýän, bize şeýle ajaýyp zamanamyzda netijeli işlemäge şert döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun. Il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň

Marketing bölüminiň başlygy M. Lokkaýewa

 

 

BÄSLEŞIK

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky, kompýuter enjamlaryny satyn almak üçin bäsleşik yglan edýär.

 Gyzyklanma bildirýän taraplar degişli maglumaty görkezilen salgylar boýunça düşenbe we anna günleriň aralygynda sagat 09-00-dan 17-00 çenli alyp bilerler.

Degişli teklipleriňiz aşakdaky görkezilen salga gelip gowuşmaly. Şu bäsleşik boýunça teklipler  2018-nji ýylyň ýanwar aýynyň 31-ine çenli kabul edilýär.

Türkmenistan, 744036 ş. Aşgabat,

Garaşsyzlyk şaýoly, jaý 32

Telefon:    +993 12 40 65 10/ 40-60-02/40-60-20

 

 

Nagt däl hasaplaşyklar.

Türkmenistan döwletimizde amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň çäklerinde bank ulgamynyň işine döwrebap tehnologiýalar, häzirki zaman bank hyzmatlary ornaşdyrylýar. Bu bank hyzmatlarynyň içinde aýratyn hem fiziki şahslar üçin şahsy maksatlar, şahsy zerurlyklar üçin ulanylýan bank kartlary arkaly geçirilýän nagt däl hasaplaşyklar aýratyn möhüm orna eýedir.

Bu günki güne Türkmenistanyň karz edaralarynda nagt däl hasaplaşyklary has-da ýaýbaňlandyrmak, pul dolanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, bank kartlary boýunça milli we halkara töleg ulgamynyň ýaýrawyny giňeltmek babatynda giň gerimli işler alnyp barylýar. Hususan-da, bank kartlarynyň, töleg terminallaryň, bankomatlaryň sany, şeýle hem “Internet-bank”, “Mobil-bank” ulgamlarynyň üsti bilen amal edilýän nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi yzygiderli artýar.

Häzirki wagtda söwda we hyzmat ediş merkezlerinde, saglyk edaralarynda, ätiýaçlandyryş guramalarynda, awiapetek, demirýol petekleri satýan nokatlarda ilatdan tölegleri bank kartlarynyň üsti bilen almak boýunça ähli zerur şertler döredilen.

Bank kartlarynyň üsti bilen töleg terminallary arkaly nagt däl görnüşde söwda we hyzmat ediş nokatlarynda harytlary satyn almagyň, aragatnaşyk, jemagat we ýaşaýyş hyzmatlaryny tölemegiň, awtoulaglaryň ýangyjy üçin tölemegiň, saglygy goraýyş edaralarynyň hyzmatlary, awiapetekler üçin tölemegiň, karzy üzmek we onuň göterimlerini tölemegiň döwrebap, amatly we howpsuz usullary hödürlenýär.

Bankomatlar ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan raýatlara elýeterli we amatly nokatlarda ýerleşdirilip, nagt puly çykarmak, degişli edara gitmezden öýjükli telefonlaryň hyzmaty, «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň hödürleýän internet hyzmaty, «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hödürleýän internet, öý telefon we IP-TV telewideniýe hyzmatlary üçin tölemek, karzlarynyň esasy bergisini gaýtarmak we olaryň hasaplanylan göterimlerini, saglyk ätiýaçlandyryş töleglerini tölemek ýaly amatly mümkinçilikler hödürleýär.

Ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek, bank kartlaryndan peýdalanyjylara hödürlenilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak hem-de bank ulgamyna döwrebap hyzmatlary ornaşdyrmak maksady bilen geçirilýän işleriň çäklerinde bank kartlarynyň üsti bilen, hakyky wagt tertibinde  hasaplaşyklary geçirmek üçin internet-bank ulgamy taýýarlanyldy. Onuň ýurdumyzda giňden ornaşdyrylmagy ugrunda zerur bolan çäreler durmuşa geçirilýär.

Şeýle-de ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan “Mobil-bank” hyzmaty hem hödürlenýär. Bu hyzmat hem edil “Internet-bank” hyzmaty ýaly müşderilere ýeňillikleri döredýär. Müşderiler işleýän ykjam telefonlaryny ýa-da planşetlerini ulanyp, hödürlenilýän hyzmatlardan peýdalanyp bilýärler.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe, Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň baştutanlygynda ýurdumyzyň alyp barýan hoşniýetli daşary syýasaty netijesinde, dünýäniň ençeme ýurtlary bilen syýasy, ykdysady, medeni we ynsanperwer aragatnaşygy ýola goýuldy. Russiýa Federasiýasynda, Ukrainada, Belarus Respublikasynda, Hytaý Halk Respublikasynda, Koreýa Respublikasynda, Türkiýe Respublikasynda we dünýäniň onlarça beýleki ýurtlarynda ýaş türkmenistanlylar üçin bilim almaga mümkinçilik döredildi. Türkmenistanyň karz edaralary daşary ýurtda bilim alýan türkmenistanly ýaşlar  üçin amatly bolan şu hyzmatlary yzygiderli we bökdençsiz ýagdaýda ýerine ýetirýärler. Häzirki wagtda daşary ýurduň bilim edarasynda okaýan fiziki şahslara  bellenen möçberde milli puly daşary ýurt puluna çalşyp, şol fiziki şahslaryň VISA, MasterСard kartlaryna geçirilýär, şeýle hem hasap açmazdan WesterUnion, MoneyGram halkara töleg ulgamlary arkaly daşary ýurtlara iberilýär.

MasterCard we VISA halkara bank kartlary daşary ýurtda okaýan ýaşlar üçin örän uly mümkinçilikleri hödürleýär. Häzirki günde Türkmenistanyň ähli karz edaralarynda we olaryň ähli şahamçalarynda MasterCard we VISA halkara bank kartlaryny sargyt etmek boýunça şertler döredildi. Daşary ýurtda bilim alýan ýaşlaryň bilim alýan döwründe şahsy harajatlaryny olaryň adyna açylan MasterCard we VISA halkara bank kartlarynyň üsti bilen tölemäge mümkinçilikler bar. Bu kartlaryň üsti bilen nagt däl görnüşde hasaplaşyklaryň ählisini ýerine ýetirmek mümkin bolup, zerur ýagdaýlarda bankomatlar arkaly kart hasabynda duran pullar nagt görnüşde hem alnyp biliner.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde nagt däl hasaplaşyklar ulgamyny ösdürmek bilen, ýurdumyzda hasaplaşyklary döwrebaplaşdyrmak, halkara derejesine çykarmak we raýatlar üçin amatly bolmagyny gazanmak maksat edinilýär.

 

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň

Meýilleşdiriş we strategiki ösüş bölüminiň baş hünärmeni G.Kullaýewa

 

 

 

 

 

Achievments of BANK (TM)

  • Üstünlikler we sylaglar
  • Şahamçalar
  • Bankyň taslamalary
  • Bank bilen aragatnaşyk Aragatnaşyk
2017-nji ýylda Beýik Britaniýanyň "The Banker" jurnalynyň bäsdeşligi boyunça, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky Türkmenistanyň iň gowy bank edarasy adyna mynasyp boldy we "Türkmenistanyň 2017-nji ýylyň Banky" diplomyna eýe boldy...

Dowamy...
Türkmenbaşy ş. şahamçasy
Türkmenbaşy şäherindäki şahamçasynyň hukuk salgysy: Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň "Awaza"
milli syýahatçylyk zolagynyň Arkadag şaýoly
Telefon:
+993(243)2-21-47
+993(243)2-58-17
+993(243)2-34-48
Faks:
+993(243)2-09-31
Türkmenbaşy ş. Şahamça
Aşgabat şäher şahamçasy
Aşgabat şäher şahamçasynyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., 1945 köç. (10-ýyl Abadançylyk), jaý-160
Telefon:
+993(12)21-99-82
+993(12)21-99-83
+993(12)21-99-84
+993(12)21-99-85
Aşgabat şäher şahamçasy
Türkmenistanyň daşary ykdysady döwlet bankyň gatnaşmagynda şu aşakdaky döwlet maýa goýum maksatnamalary amala aşyryldy...

Dowamy...
Gadyrly Müşderiler!Egerde Siziň bank hyzmatlary, müşderilere hyzmat edilişi ýa-da bank bolümleriniň işleriniň alyp barylyşy barada nägilelikleriňiz, soraglaryňyz ýa-da teklipleriňiz bar bolsa, we Siz bu barada gös-göni Bankyň Ýolbaşçysyna ýüzlenmek isleýän bolsaňyz....

Dowamy...