Türkmenistanyň Döwlet Daşary
Ykdysady Iş Banky

 

Kartyň hasabyndaky pul serişdeleriniň hereketi barada “SMS-habarnama” we “Balans soragnamasy”.

“SMS-habarnama” – Siziň Bank kartyňyzy ulanmakda ýerine ýetirýän tölegleriňize gözegçilik edip hasabyňyza aýlyk haky, premiýa, karta goýan pullaryňyz hasaplanandygy barada ýa-da hasabyňyzdan pul serişdesini alynan ýagdaýynda Sizi habardar eder!

Şeýle hem, Siz maglumat hyzmatlary elektron salgyňyza hem birikdirip bilersiňiz.

Habarnama hyzmatlary birikdirmek üçin Türkmendaşaryykdysadybanka ýa-da bankyň şahamçasyna gelip arza ýazyp şahsy pasportyňyz bilen ýüz tutup bilersiňiz.

Hyzmatyň bahasy: 1 manat/ayda

SMS-habarnamadaky ulanylýan terminleriň manysy:

ATM – Bankomat

Ok – Amala aşyrylýan pul hereketi üstünlikli geçdi

Decline– Amala aşyrylýan pul hereketi ýatyryldy

Debit – Hasapdan pul serişdesi çykaryldy

Credit – Hasaba pul serişdesi goşuldy

 

 

“Balans soragnamasy”

Hasabyňyzdaky pul serişdeleriň galyndysyny bilmek üçin xxxx derek Bank kartyňyzdaky soňky dört sanyny ýazyp BALxxxx sözli sms ibermeli.

SMS Balans soragnamany ibermek üçin telefon nomeri: 0717

Habarlaşmak üçin telefon: +993(0012)40-60-50, +993(0012)40-60-40