Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

 

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   09.11.2018  /  

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlise Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy. Onda şu ýylyň on aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna, mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatynyň möhüm meselelerine garaldy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de maýa goýum maksatnamasynyň taslamalarynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu ýylyň on aýynda ýurdumyzyň ykdysady görkezijileriniň, umuman, kanagatlanarlydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz has ýokary netijeleri gazanmak üçin degişli çäreleriň görülmelidigini, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösüşini gazanmalydygyny, bar bolan mümkinçilikleriň netijeli peýdalanylmalydygyny hem-de ýokary hünärli işgärleriň üpjünçiliginiň berkidilmelidigini belläp, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ykdysadyýete geçilmegini öňde durýan wezipeleriň möhüm ugry hökmünde kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, zerur bolsa, bu ugurda öňdäki orunlary eýeleýän ýurtlardan bilermenleri çagyrmak babatda anyk tabşyryklar berildi.

Milli Liderimiz ýakyn ýedi ýylda ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmegiň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde seredilen Maksatnamasyny taýýarlamak işleriniň çaltlandyrylmagyny möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Döwlet Baştutanymyz bu resminamanyň berk maýa goýum binýadyna esaslanmalydygyny belläp, onuň gutarnykly görnüşiniň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek mejlisinde kabul ediljekdigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasy barada aýdyp, wise-premýerlere onuň taslamasyna ýene bir gezek seretmegi, makullamagy hem-de Mejlise ibermegi tabşyrdy.

Şeýle hem wise-premýer Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy, onuň tassyklanan meýilnama laýyklykda alnyp barylýandygy babatda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň möhüm ugurlaryna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz nebiti we gazy gaýtadan işlemekden alynýan önümleriň mukdaryny mundan beýläk-de artdyrmak, ýurdumyza daşary ýurt maýa goýumlaryny işjeň çekmek babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Milli Liderimiz TOPH halkara gaz geçirijisiniň we ýurdumyzyň ägirt uly energetika kuwwatlyklaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilen taslamalaryň gurluşyklaryny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Habar berlişi ýaly, Kabulda türkmen wekiliýeti OYR-nyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani tarapyndan kabul edildi. Ol Owganystanyň dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary bilen berkidilen däp bolan döwletara hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady. Owgan Lideriniň hem-de goňşy ýurduň ýerine ýetiriji häkimiýetiniň baştutanynyň gatnaşmagynda türkmen tarapynyň TOPH gaz geçirijisini, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisini we demir ýoly gurmak barada öňe süren taslamalaryny durmuşa geçirmäge degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ozal gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, ynsanperwer we ykdysady taýdan bähbitli taslamalary durmuşa geçirmek bilen bagly meselelere-de garaldy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada aýtdy hem-de ýakyn geljek üçin möhüm wezipeleri kesgitledi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ykdysadyýetimiziň pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri amala aşyrylýan içeri we daşary syýasatyň bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara peýdaly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna esaslanýandygyny görkezýär. Ykdysadyýetimizde ösüşiň ýokary depginleri saklanýar. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynda önümçilik möçberleriniň ösüş görkezijileri kabul edilen meýilnamalara laýyk gelýär. Aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberleri ýokarlandy, köp sanly durmuş we önümçilik maksatly binalar gurlup, ulanmaga berildi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürmek, onuň ösüş depginlerini çaltlandyrmak maksady bilen, ählumumy ykdysady üýtgemelere garamazdan, häzirki döwürde aýgytly çäreleriň durmuşa geçirilmegi möhüm talap bolup durýar. Öňümizde emele gelen oňyn ýagdaýy saklamak we ony täze ýylda has-da berkitmek wezipesi durýar.

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň ahyryna çenli iki aýa golaý wagtyň galandygyny, ony ýokary görkezijiler bilen jemläp, Täze, 2019-njy ýyla ynamly gadam urmagyň möhümdigini belläp, bu ugurda köp sanly wezipeleriň çözülmelidigini, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň gazanan netijelerine Hökümetiň nobatdaky mejlisinde ýene-de bir gezek jikme-jik serediljekdigini aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, işlerinde üstünlik, ýurdumyzyň halkyna bolsa “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda geçýän ýylda uly rowaçlyk arzuw etdi.