Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

 

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   16.11.2018  /  

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Prezident maksatnamalarynyň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine seredildi, mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň wekiliýetiniň şu hepdede Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Gamburg we Berlin şäherlerine bolan iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Saparyň barşynda ýurdumyzyň wekiliýeti german ykdysadyýetiniň Gündogar komiteti tarapyndan guralan maslahata gatnaşdy. Bu maslahat Germaniýanyň iri kompaniýalarynyň, banklarynyň, maliýe we söwda düzümleriniň ýolbaşçylaryny hem-de wekillerini jemledi. Forumyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi, şol sanda german ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň müdiriýetiniň başlygy Wolfgang Býuhele bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyklarda energetika, gazhimiýa senagaty, ulag we kommunikasiýalar, bank ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

DIM-niň ýolbaşçysy milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa nemes işewürleriniň dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändikleri, hususan-da, deňiz suwuny arassalamak we süýjetmek boýunça taslamalara gatnaşmaga taýýardyklary barada habar berdi.

Häzirki döwürde ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamyna işjeň goşulyşmak ugry bilen ynamly öňe barýan Türkmenistanda giň möçberli özgertmeler maksatnamalary hem-de düzümleýin taslamalar durmuşa geçirilýär. Döwlet Baştutanymyz munuň dürli pudaklarda tagallalary netijeli birleşdirmek üçin uly mümkinçilikleri açýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz obasenagat ulgamynda, şol sanda ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde özlerini gowy görkezen nemes oba hojalyk tehnikalaryny satyn almak ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýanyň ýol gurluşyk ulgamynda dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigini belläp, germaniýaly hyzmatdaşlaryň öňdebaryjy tehnologiýalaryny we işläp taýýarlamalaryny, şol sanda ýokary tizlikli awtomobil ýollaryny gurmak boýunça tejribesini ulanmak maksady bilen, bu ugurda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi tabşyrdy.

Soňra milli Liderimiz biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň maslahat hyzmatlaryny bermek, döwrebap awtoulag tehnikasyny getirmek ulgamynda hem üstünlikli amala aşyrylýandygyny belledi. Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary, şol sanda Türkmenistanda gurlan täze senagat toplumlary Germaniýanyň esasy önüm öndürijileriniň ýokary tehnologiýaly enjamlary bilen üpjün edildi. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygyny nygtady.

Işewür düzümleriň ugry boýunça gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin hem uly mümkinçilikler bar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen telekeçileriniň öz işleriniň dürli ulgamlarynda nemes tehnologiýalaryny giňden ulanýandyklaryny, bu oňyn tejribäni dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz bank ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hem-de ýurdumyzda nemes dilini çuňňur öwrenmäge ýöriteleşdirilen mekdepleriň sanyny artdyrmak, ylym we saglygy goraýyş ulgamlarynda hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak ulgamynda gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow Türkmenistanyň degişli Kanuny esasynda döwletiň garamagyndan aýyrmaga hem-de hususylaşdyrmaga degişli kärhanalaryň we desgalaryň sanawyny ylalaşmak boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, hususylaşdyrmak işleriniň geçirilmeginiň milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny berkitmäge, senagat önümçiliginiň netijeliligini we girdejililigini artdyrmaga, maýa goýum işjeňligini höweslendirmäge hem-de telekeçiligi, şol sanda orta we kiçi işewürligi depginli ösdürmäge ýardam bermäge gönükdirilendigini, munuň bolsa bazar gatnaşyklaryna geçilende möhüm şert bolup durýandygyny nygtady. Şu maksatlar bilen Türkmenistanda degişli kanunçylyk hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça anyk çäreler görülýär, şol sanda “Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda” Kanun kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurdaky seljerme işleri yzygiderli dowam etmegi tabşyrdy. Munuň özi ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmäge, ata Watanymyzy öňdäki orunlara çykarmaga ýardam berer.

Soňra wise-premýer G.Myradow Merkezi Aziýa Sebit Ykdysady Hyzmatdaşlygy Maksatnamasynyň 17-nji ministrler maslahatynyň netijeleri barada hasabat berdi. 15-nji noýabrda Aşgabatda geçirilen maslahata CAREC Maksatnamasyna girýän ýurtlaryň, şeýle hem Aziýanyň Ösüş bankynyň, Bütindünýä bankynyň, Yslam Ösüş bankynyň, CAREC institutynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň, Halkara pul gaznasynyň, BMGÖM-niň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar.

“CAREC 2030: söwdany giňeltmek we diwersifikasiýa ýardam etmek” atly ministrler maslahatynyň gün tertibine dürli ugurlarda özara bähbitli sebit hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmegiň hem-de geljegi uly düzümleýin taslamalary amala aşyrmagyň ileri tutulýan meseleleri girizildi.

Forumyň çäklerinde bir bitewi Merkezi Aziýa energiýa ulgamy arkaly oňa Türkmenistany birikdirmek işini tamamlamak hakynda meselä seredildi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýagdaýyň türkmen elektrik energiýasynyň goňşy döwletlere, hususan-da, Täjigistana iberilýän möçberlerini artdyrmak üçin goşmaça mümkinçilikleri döretmekde möhüm orun eýeleýändigini aýratyn bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kabul eden şeýle çözgüdi möhüm durmuş-ykdysady wezipeleri çözmekde goňşy döwlete yzygiderli goldaw bermek boýunça syýasatyň ýokary netijeliligini nobatdaky gezek görkezdi.

Maslahatyň barşynda iki taslama boýunça: Türkmenistanyň milli elektrik ulgamyny berkitmek hem-de Täjigistany Merkezi Aziýa energetika ulgamyna birikdirmek taslamalary boýunça ylalaşyklara gol çekildi. Ylalaşyklaryň ikisi hem Aziýanyň Ösüş banky tarapyndan maliýeleşdiriler.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, şu ýyl CAREC maksatnamasynda başlyklyk edýän ýurdumyz Merkezi Aziýa giňişliginde we tutuş Aziýa sebitinde özara bähbitli köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerinde işjeň orny eýeläp, anyk netijeli başlangyçlar bilen çykyş edýär.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow 20 — 22-nji noýabr aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2018» atly XXIII halkara maslahatyna we sergisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Ykdysady sergä dünýäniň köp ýurtlaryndan hünärmenler, şol sanda nebitgaz kompaniýalarynyň, pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň, halkala guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşar.

Forumyň gün tertibine dünýäniň energetika bazarynyň ösüşi, şol sanda nebit, gaz hem-de şolary gaýtadan işlemekden alynýan önümler, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy bilen bagly meseleler giriziler. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini gurmagyň taslamasy boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Nebitgaz pudagyna maýalary çekmek, uglewodorodlary gözläp tapmak we çykarmak işlerine innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ekologiýa taýdan arassa ýangyjy öndürmegiň dünýä tejribesi, türkmen tebigy gazynyň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, tebigy gazy gaýtadan işlemek hem-de gazhimiýa önümlerini öndürmek boýunça taslamalary amala aşyrmak ýaly meselelere aýratyn üns berler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, baý tebigy serişdeleriň netijeli ulanylmagynyň ýakyn we uzakmöhletleýin geljek üçin Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugrudygyny belledi. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli maksatnamalar we taslamalar, şol sanda nebitgaz senagatyny ösdürmek boýunça taslamalar daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklar üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Döwlet Baştutanymyz TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň barşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şol gaz geçirijisi boýunça Günorta Aziýanyň iri ýurtlaryna türkmen “mawy ýangyjy” uzakmöhletleýin ugradylar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, täze gaz geçiriji ulgam, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça çekiljek elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary Owganystany, onuň durmuş-ykdysady düzümini asuda dikeltmek ýaly möhüm meseleleri çözmek babatda uly ähmiýete eýedir.

Düýn Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa Sebit Ykdysady Hyzmatdaşlygy Maksatnamasynyň 17-nji ministrler maslahatyna gatnaşyjylar ady agzalan taslamalary goldap çykyş etdiler. Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýanyň Ösüş bankynyň ornuny belledi, ol TOPH taslamasynda esasy hyzmatdaşlaryň biri bolup, onuň durmuşa geçirilmegine ilki başdan işjeň gatnaşýar.

Häzirki wagtda Saud ösüş gaznasynyň bölüp beren ABŞ-nyň 40 million dollaryna satyn alnan turbalar getirilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Saud Arabystanyň Patyşasy Salman ben Abdul Aziz Al Sauda ýurdumyzyň halkara başlangyçlaryny goldaýandygy hem-de döwletara hyzmatdaşlygyny berkitmäge berýän uly ünsi üçin minnetdarlyk bildirdi. Nebitgaz pudagy bu hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak boýunça maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi, iň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen senagat kärhanalarynyň işe girizilmegi hem-de täze ýokary tehnologiýaly önümçilikleri gurmak boýunça göz öňünde tutulan meýilnamalar bilen baglylykda, hünärli işgärleri taýýarlamak zerurlygy ýüze çykýar.

Hasabatyň çäklerinde döwlet Baştutanymyzyň tabşyrmagy boýunça 11-nji noýabrda gol çekilen “Oba hojalyk ulgamynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen “John Deere International GmbH” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama” barada habar berildi.

Bu Ähtnamada obasenagat toplumyny döwrebaplaşdyrmak, şol sanda tehniki parkyň üstüni “John Deere” kompaniýasynyň ýokary tehnologiýaly oba hojalyk enjamlarynyň we tehnikalarynyň täze görnüşleri bilen ýetirmek, sanly elektron dolandyryş ulgamyny, iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, ekerançylygy mehanizasiýalaşdyrmagyň derejesini ýokarlandyrmagyň hasabyna zähmet öndürijiligini artdyrmak ugurlarynda amerikaly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek göz öňünde tutulýar.

Welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde “John Deere” kysymly oba hojalyk tehnikalaryny, enjamlaryny ulanmak we abatlamak üçin hyzmatlary ýerine ýetirmek, tehnikalary döwrebap usulda dolandyrmagy ornaşdyrmak boýunça hünärmenleri taýýarlaýan okuw merkezlerini hem-de oba hojalyk önümçiligini sanly elektron usulynda dolandyrmagy girizmek boýunça etrap merkezlerini döretmek meýilleşdirilýär.

Şunuň bilen birlikde, Oba we suw hojalyk ministrliginiň welaýatlarda ýerleşýän ýörite abatlaýyş kärhanalarynda “John Deere” kysymly tehnikalary ulanmak bilen bagly tehniki hyzmatlary ýerine ýetirmegi we bejermegi ýola goýmak maksady bilen, bu abatlaýyş kärhanalaryny täze döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrmak göz öňünde tutulýar.

S.A.Nýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde hem-de Türkmen oba hojalyk institutynda hereket edýän okuw merkezlerinde “John Deere” tehnikasynda ulanylýan iň täze tehnologiýalary we oba hojalyk önümçiligine sanly elektron usulynda dolandyrmagy öwretmek boýunça okuwlary guramak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, köp ýyllaryň dowamynda obasenagat toplumynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýan “John Deere” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň oňyn netijelerini kanagatlanma bilen belledi. Kompaniýanyň iberýän tehnikalary ýerli şertlere uýgunlaşdyrylyp, özüni diňe gowy tarapdan görkezýär. Oba hojalyk tehnikalaryna hyzmat etmek hem-de ýokary hünärli inžener-tehniki işgärleri taýýarlamak uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we şolar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.