Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

 

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   21.11.2018  /  

23-nji noýabrda Brýusselde Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa görnüşinde daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçiriler. Bu waka bäş ýurdy – Türkmenistany, Gazagystany, Gyrgyzystany, Täjigistany hem-de Özbegistany birleşdirýän sebit boýunça Ýewropa Bileleşiginiň täze strategiýasynyň işlenip taýýarlanylmagyna bagyşlanan gepleşikleriň, mejlisleriň we beýleki çäreleriň tapgyrynda möhüm sepgit bolar.

Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna toplumlaýyn çemeleşmeleri täzelemek, hyzmatdaşlyk üçin gepleşikleri, onuň möhüm ugurlaryny we meselelerini giňeltmek babatynda şu günler geçirilýän köptaraplaýyn işleri Brýusselde “Örän möhüm hepde” diýip, atlandyrdylar.

Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekili, ilçi Peter Burian Merkezi Aziýanyň žurnalistleri bilen duşuşykda täze strategiýanyň maksatlary we ileri tutulýan ugurlary barada aýtmak bilen, Ýewropa Bileleşiginiň durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň, durnuklylygyň hem-de howpsuzlygyň bähbidine uzakmöhletleýin gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýandygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, jenap Burian Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyna ýokary baha berdi. Hususan-da ol Türkmenistanyň Günortadaky goňşusynyň durmuş we ykdysady taýdan gaýtadan dikeldilmegine, bu ýurduň sebit goşulyşmak işlerine çekilmegine goşýan uly goşandyny belledi.

Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygynyň çäklerinde şeýle hem bilim, kanunçylyk, ulag we energetika, suw serişdeleri hem-de daşky gurşaw, şol sanda howanyň üýtgemegi, serhetleri dolandyrmak we neşe serişdelerine hem-de ekstremizme garşy göreş esasy ugurlar bolup durýar. Söwda-ykdysady gatnaşyklara uly ähmiýet berilýär.

Bilermenleriň hasaplamalaryna görä, her ýyl Merkezi Aziýada zähmet bazaryna ýaş adamlaryň bir milliona golaýy çykýar. Olary iş bilen üpjün etmek üçin täze iş orunlarynyň döredilmegine ýardam berýän taslamalaryň durmuşa geçirilmegi gerekdir.

Türkmenistan hem dünýä bileleşiginiň bu mesele babatyndaky ynjalyksyzlygyna goşulýar hem-de ykdysady, senagat syýasaty wezipelerini çözmekde hem-de işgärleri taýýarlamagyň sazlaşdyrylmagy ulgamynda özüniň oňyn tejribesini goňşulary bilen paýlaşmaga taýýardyr. Mundan başga-da, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri yzygiderli ýagdaýda hem-de tölegsiz esasda owgan talyplaryny okuwa kabul edýär, özi-de olara ýakyn geljekde Owganystanyň örän zerur boljak energetika, ulag, turbageçirijileri ulgamlary boýunça hünärler berilýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu başlangyjy ozaly bilen, ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alýar we goňşy ýurduň durmuş taýdan gaýtadan dikeldilmegine goldaw berilmegine gönükdirilendir.

Sebit gatnaşyklaryny giňeltmek üçin uly mümkinçilikler bar, soňky ýyllaryň wakalarynyň barşy bu gatnaşyklaryň döwlet ýolbaşçylarynyň duşuşyklary, hökümetara derejesinde we işewürlik düzümleri ugry boýunça işjeňleşýän gatnaşyklar netijesinde anyk taslamalar we netijeli işler bilen ösdürilýär.

 Merkezi Aziýanyň strategiki taýdan amatly ýerleşmegi bilen güýçli hyzmatdaş bolup durýandygy ÝB üçin örän möhümdir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen telekeçilerine iri taslamalary durmuşa geçirmegi ynanmak bilen, olary hut şu ugra gönükdirýär, hökümeti hususy bölekde innowasiýa önümçiliklerini milli ykdysadyýetimizde hususyýetçiligiň paýyny artdyrmak boýunça işjeň çäreleri görmek bilen goldama çagyrýar. Bularyň ählisi eýýäm özüniň oňyn netijelerini berýär – türkmen işewürligi ýurdumyzyň JIÖ-niň kemala getirilmeginde barha ähmiýetli oruny eýeleýär hem-de ol zähmet bazarynda köpsanly iş orunlaryny döredýär.

Merkezi Aziýa sebitinde bar bolan beýleki oňyn mysallar hatarynda ÝB-niň wekilleri sebitde suw diplomatiýasynyň ilerledilmegini görkezýärler hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň suw meseleleri babatynda gazanan ylalaşykly çözgüdini öňe gidişlik hasaplaýarlar we munuň özi şeýle meseleler ýüze çykýan dünýäniň beýleki sebitleri üçin hem hereket etmegi üçin nusgalyk göreldedir.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler boýunça Ýokary wekili Federika Mogerini metbugat maslahatynda ÝB-niň ähli agza döwletleriniň MA-da suw diplomatiýasy ulgamynda sebitleýin tagallalary, şeýle hem Owganystandaky ýagdaýy gowulandyrmak boýunça çäreleri goldaýandyklaryny belledi. Merkezi Aziýa ýurtlary parahatçylygyň kemala getirilmegine, tutuş sebitde durnuklylygyň we howpsuzlygyň, esasan-da, Owganystanda abadançylygyň emele gelmegine kömek etmek üçin Owganystana Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge öz goldawyny berip bilerler hem-de şunda uly orny eýelärler diýip, ÝB-niň daşary syýasat gullugynyň baştutany belledi.

Ol häzirki wagtda Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça öz täze strategiýasynyň gutarnykly mazmunyny kesgitleýandigini, ähli döwletleriň Merkezi Aziýa bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini hem-de sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge goldaw bermegi maksat edinýändiklerini aýtdy.