Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

 

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   04.01.2019  /  

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” diýlip yglan edilen täze, 2019-njy ýyldaky ilkinji hökümet mejlisini geçirdi. Mejlisde mähriban halkymyzyň mundan beýläk hem abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy bilen bagly hem-de döwletimiziň içeri syýasatyna degişli käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi.

Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Häzirki döwürde ýurdumyzy ösdürmek boýunça döwlet we milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilişine gözegçilik alnyp barylýar, şeýle hem maliýe-ykdysady toplumynyň düzümleriniň işini kämilleşdirmek boýunça anyk çäreler amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ähli pudaklaryň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça öňde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi. Meýilnamalaýyn tabşyryklary üstünlikli ýerine ýetirmek üçin bar bolan serişdeler we mümkinçilikler herekete girizilmelidir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Döwlet Baştutanymyz sanly ykdysadyýet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň öňde durýan wezipeleriň möhüm ugurlarynyň biridigini belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew Deňizde milli daşaýjy hakynda Düzgünnamany taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler baradaky hasabat bilen çykyş etdi.

Milli Liderimiz eksport maksatly ugurlaryň yzygiderli artdyrylmalydygyna ünsi çekip, häzirki döwürde ýurdumyzda önümçiligiň möçberiniň köpelmeginiň daşary ýurtlara deňiz arkaly ugradylýan ýükleriň mukdarynyň ýokarlandyrylmagyny we täze söwda ugurlarynyň açylmagyny üpjün etjekdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portundan ugradylýan ýükleriň möçberiniň artmagynyň, milli söwda flotunyň işiniň giňelmeginiň Türkmenistanyň dünýäniň söwda ulgamynda tutýan ornunyň pugtalandyrylmagyny şertlendirjekdigini nygtady. Bu bolsa daşary söwda dolanyşygy düzüminiň işiniň köpugurly esasda ösdürilmegini, ýurdumyzyň ählumumy ykdysadyýete işjeň goşulyşmagyny üpjün edýär.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ykdysadyýetine sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça işleri ösdürmäge ünsi çekip, M.Çakyýewe elektron hökümet ulgamynyň maksatnamasyny taýýarlamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ak mermerli Aşgabady dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwürmek boýunça giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň ähmiýetini belläp, gurulýan düzümleýin desgalaryň ygtybarlylygyny we berkligini, adamlar üçin amatlylygyny üpjün etmek ýaly gurluşygyň esasy talaplarynyň berk berjaý edilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Türkmenistanda azyk harytlarynyň üpjünçiligini has-da artdyrmak hem-de eksportuny düzgünleşdirmek boýunça pudagara toparynyň işi hem-de gözegçilik edýän döwlet we hususy düzümleriniň önümçilik kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek hem-de ýurdumyzyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak, bäsdeşlige ukyply senagaty ösdürmek ulgamynda telekeçiligiň ornunyň artýandygyny belläp, obasenagat toplumynda amala aşyrylýan maýa goýum taslamalaryny goldamagyň hem-de içerki bazary ýokary hilli oba hojalyk önümleri bilen doly üpjün etmegiň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz daşary söwda gatnaşyklary işjeňleşdirmek we ýurdumyzda öndürilen azyk önümleriniň artyk möçberini daşary ýurtlara ibermegiň täze ugurlaryny gözlemek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” maksatnamasynyň çäklerinde meýilleşdirilen çäreler barada aýdyp, dabaralarda halkymyzyň eziz Diýarymyzyň ýeten derejesine buýsanjynyň beýan edilmelidigini we gazanýan üstünliklerimizi hem-de ýetilen belent sepgitleri giňden açyp görkezip, mähriban Watanymyzy wasp etmelidigini, halkymyzy täze, belent ýeňişlere ruhlandyrmalydygyny belledi.

Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlaryna sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak, ylmy işläp taýýarlamalaryň önümçilikde işjeň ulanylmagyny üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Munuň özi pudaklaryň işiniň döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirilmeginde aýratyn ähmiýetlidir.

Milli Liderimiz ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak hem-de maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ösdürmek wezipelerine ünsi çekip, ýurdumyzyň jemi içerki önümini ýokarlandyrmakda bu ulgamyň artýan ähmiýetini, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň hiline edýän täsirini belläp, bu babatdaky işleri kämilleşdirmek bilen bagly birnäçe görkezmeleri berdi.

Mejlisiň dowamynda milli Liderimiz daşary syýasy strategiýanyň ileri tutulýan ugurlary bilen baglylykda, energetika, ulag hem-de suw diplomatiýasynyň ornunyň artandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşyjylara mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik, tutuş türkmen halkyna bolsa “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” diýlip yglan edilen ýylda abadançylyk arzuw etdi.