Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

 

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   11.01.2019  /  

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet ykdysady we durmuş syýasatynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, täze taslamalara hem-de milli maksatnamalary amala aşyrmak boýunça möhüm wezipelere seredildi, birnäçe resminamalar kabul edildi.

Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy hem-de ýurdumyzyň bank ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, müşderilere edilýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmek we olaryň hilini ýokarlandyrmak üçin karz beriş edaralarynda nagt däl hasaplaşyklary geçirmegiň öňdebaryjy usullary giňden ulanylýar.

Häzirki günde “Altyn asyr” töleg ulgamynda “Internet-bank” we “Mobil-bank” hyzmatlaryny peýdalanýanlaryň sany artýar. Bu hyzmatlaryň kömegi bilen hususy bölege degişli müşderiler bank hasaplaryny karz edarasyna barmazdan, menzilara dolandyrmagy we hyzmatlaryň dürli görnüşlerini tölemegi amala aşyryp bilýärler. Ýakyn geljekde “Rysgal” paýdarlar-täjirçilik banky tarapyndan QR-koduň (dessin tassyklanylýan kod) ulanylmagy bilen tölegleri geçirmek ulgamyny işe girizmek meýilleşdirilýär.

Wise-premýer milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bu bankyň “MasterCard” halkara töleg ulgamynyň agzalygyna girmegi bilen baglanyşykly taýýarlyk işleri barada habar bermek bilen, bu ulgamyň töleg kartyny peýdalanýanlara niýetlenen halkara töleg kartlarynyň milli nusgalaryny hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürledi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, bank ulgamynyň durnukly ösdürilmegi möhüm şertleriň biri bolup, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek, döwletimiziň dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ählumumy ulgamyna üstünlikli goşulyşmagy üçin zerurdyr diýip belledi.

Bank hyzmatlarynyň sanawyny giňeltmek we hilini artdyrmak, şol sanda halkara derejede giňeltmek, öňdebaryjy tejribäni hem-de innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak geljegi uly ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli peýdalanyjylar üçin “MasterCard” halkara töleg ulgamynyň plastik kartlarynyň hödürlenen nusgalaryny, umuman, makullap, wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.

Ähli ulgamlarda innowasiýalary, sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak häzirki döwrüň esasy wezipesi bolup durýar, munuň özi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygyny dünýä derejesinde ýokarlandyrmaga gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Adam mümkinçiliklerine maýa goýumlary — bu möhüm goýumlaryň biri bolup, olar geljekde ykdysadyýeti ösdürmekde hem-de onuň netijeliligini ýokarlandyrmakda uly orun eýelär diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

dünýäniň öňdebaryjylarynyň hataryna çykarmak maksady bilen, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň öňünde mineral serişdeleriň gaýtadan işlenýän möçberini has-da artdyrmak, täze kärhanalary gurmak we öňden barlarynyň durkuny täzelemek üçin maýa goýumlaryny çekmek wezipesiniň durýandygyny nygtap, wise-premýere öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly çykarylýan önümleriň görnüşlerini giňeltmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň elektrik energetikasynyň ägirt uly kuwwaty barada aýtmak bilen, energiýa serişdeleri boýunça Türkmenistanyň dünýäniň iň baý döwletleriniň biridigini, mälim bolşy ýaly, elektrik energiýasyny öndürmegiň dünýäde iň düşewüntli önümçilikleriň biri hasaplanýandygyny nygtady. Şundan ugur alnyp, bu möhüm pudaga gönükdirilýän maýa goýumlarynyň möçberi yzygiderli artdyrylýar. Şunuň netijesinde, türkmen energetika senagaty ýokary depginler bilen ösýär hem-de dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmaga ukyplydyr.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow ýurdumyzda süýji-köke önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak boýunça işlenilip taýýarlanylýan taslamalar barada hasabat berip, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň güýji bilen bu önümleriň daşary ýurtlardan getirilmeginiň ýerini tutmak maksadynda önümçilik kärhanalaryny gurmak üçin görülýän çäreler babatda aýtdy.

Hususy we karz serişdeleriniň hasabyna amala aşyrmak maksat edinilýän bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen süýji-köke önümleriniň önümçiligi ýylda 13 müň 800 tonna köpeler, artykmaç bölegini bolsa eksport etmek göz öňünde tutulýar. Ýewropanyň esasy kompaniýalarynyň öňdebaryjy enjamlary bilen enjamlaşdyryljak täze kärhanalaryň ulanylmaga berilmegi bilen goşmaça iş orunlary dörediler.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taslamalar bilen tanşyp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi döretmek we ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak ulgamynda telekeçiligiň barha artýan ornuny belläp, türkmen işewürliginiň marketing strategiýasynda seljeriş işlerini alyp baryjy düzümleriň işini güýçlendirmegiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz süýji-köke öndürjek täze kärhanalary gurmak boýunça teklip edilen taslamalary ýurdumyzda satyn alyjylyk islegini we daşarky bazaryň islegini nazara alyp, ýene-de bir gezek içgin işlemegi hem-de önümleriň bu görnüşini ýerlemegiň has amatly ugurlaryny kesgitlemegi tabşyrdy.

Soňra wise-premýer ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň gurluşygynyň taslamasy boýunça hasabat berdi. Bu taslamany amala aşyrmak hormatly Prezidentimiz tarapyndan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ynanyldy.

Umumy bahasy ABŞ-nyň 2 milliard 300 million dollaryna barabar bolan taslamada awtomobil ýolunyň gurluşygyny 2019 — 2023-nji ýyllar aralygynda üç tapgyrda amala aşyrmak hem-de birinji tapgyrda Aşgabat — Tejen bölegini 2020-nji ýylyň dekabr aýynda, ikinji tapgyrda Tejen — Mary bölegini 2022-nji ýylyň dekabr aýynda, üçünji tapgyrda Mary — Türkmenabat bölegini 2023-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak teklip edilýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu taslamanyň türkmen ykdysadyýeti hem-de halkara gatnaşyklar üçin ähmiýetlidigini we onuň durmuşa geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz durmuş-ykdysady taýdan ösüşiň milli maksatnamalaryny amala aşyrmaga, şol sanda ýurdumyzyň döwrebap senagat we ulag düzümlerini kemala getirmäge türkmen telekeçileriniň işjeň gatnaşýandyklaryny kanagatlanma bilen belledi.

Biz ýurdumyzyň işewürlerine halk hojalyk toplumyny pugtalandyrmaga, onuň sebitde we dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen uly we möhüm taslamalary ynanýarys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy

Awtobany gurmagyň taslamasynyň amala aşyrylmagy täze iş orunlarynyň ençemesini açar diýip, milli Liderimiz ýollary gurmak babatda öňdebaryjy tejribäni we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak barada görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, halkymyzyň demokratik gymmatlyklaryny nazara almak bilen, döwletiň hukuk hem-de ykdysady esaslaryny has-da berkitmäge ýardam edýän täze kanunlaryň işlenip taýýarlanylmagyna aýratyn üns bermek gerek. Ýurdumyzyň ykdysady rowaçlygy onuň ilatynyň durmuş abadançylygynyň derejesine gös-göni baglydyr diýip, döwlet Baştutanymyz täze ýazan goşgusyndan:

— Pederleň tagzym-togaby,
Geçmişiň ertä dowamy,
Kişňeýşiň — arşyň owazy,
Kalbymyň senasy, Rowaç! —
diýen ganatly setirlerini okady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, hemmelere berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.