Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

 

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

  /   22.01.2019  /  

21-nji ýanwarda Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň wise-prezidenti we Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy jenap Ýoiçi Kobaýaşiniň ýolbaşçylygyndaky ýapon wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, aýratyn hem ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellediler. «Komatsu» kompaniýasy tarapyndan öndürilýän oba hojalyk tehnikalarynyň getirilmegi boýunça bilelikdäki taslamalaryň meselelerine seredildi. Şeýle hem Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň («JBIC») gatnaşmagynda bilelikdäki maýa goýumlary bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Gepleşikleriň ahyrynda taraplar degişli Teswirnama gol çekdiler.

Şeýle hem 2018-nji ýylyň oktýabrynda ýokary derejedäki türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýada saparda bolandygyny we onuň barşynda söwda-ykdysady ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny belläp geçmelidiris.