Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

 

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

2019-njy ýylyň 27-nji ýanwarynda  Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň döredilenine 27 ýyl dolýar.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992-nji ýylyň 27-nji ýanwaryndaky UP-278 belgili Permany bilen döredildi (Türkmenistanyň Merkezi bankynyň 2003-nji ýylyň mart aýynyň 20-indäki №32 belgili Baş ygtyýarnamasynyň eýesi).

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky özüniň alyp barýan işinde abraý gazandy we  müşderileriň ynamyna mynasyp boldy. Bankyň uly müşderiler binýady onuň üstünliginiň umumy görkezijileriniň biri bolup durýar. Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň döwlet kärhanalary, dünýä belli daşary ýurt kompaniýalary, ýurdumyzyň üstünlikli işleýän hususy kärhanalary Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň korporatiw müşderileriniň esasynydüzýär.

Döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli ykdysady syýasaty esasynda ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini has-da artdyrmak maksady bilen iri senagat we infrastruktura taslamalaryň maliýeleşdiriş işleri Bank tarapyndan yzygiderli amala aşyrylýar. Milli ykdysadyýetimize daşary ýurt karzlaryny çekmek babatda bank daşary ýurtlaryň dürli maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň we özara bähbitliligiň oňyn tejribesini toplady.

Bank özüniň döredilen gününden bäri, nebitgaz senagatyna, agrosenagat toplumyna, ulag we aragatnaşyk  ulgamyna, ýangyç energetika ulgamyna, dokma senagatyna hem-de saglygy goraýyş we derman senagatyna  maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmegini üstünlikli  amala aşyrýar.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky Beýik Britaniýanyň «Financial Times» diýen abraýly neşiriniň «The Banker» žurnalynyň her ýyl çap edilýän sanynda “Ýurduň iň gowy banky” diýen ada 13 gezek mynasyp boldy.

Bankyň maliýe hasabatlaryna her ýyl  uly dörtlüge girýän halkara garaşsyz auditorlar hakyky baha berýärler we hasabatlylyk halkara ülnilerine laýyk taýýarlanylýar.

Bankyň ukyplylygy öňi bilen,  öňde baryjy bank tehnolagiýalaryny we enjamlaryny giňden ulanmagyň, müşderi binýadynyň giňeldilmeginiň we bank töwekgelçiliginiň ýokary derejelerde kadalaşdyrylmagynyň hasabyna gazanylýar.

Soňky 10 ýylyň dowamynda bank işjeňliginiň esasy görkezijileriniň  ösüşiniň barşy (2009-2018);

  • Bankyň jebislendirilen aktiwleri 16 esse artdy we 36 mlrd.manat boldy;

  • Karz goýumlar 12 esse artdy  we 18.4 mlrd manat boldy;

  • Jemlenen hususy maýa 4 esse artdy. Bu esasan hem her ýylda peýdany maýalaşdyrmagyň hasabyna gazanyldy.

  • Bankyň müşderlerden çekilen pul serişdeleriniň möçberi 27 esse artdy  we 16.6 mlrd manat boldy;

  • Bankyň arassa peýdasy 6.7 esse artdy we 2018-nji ýylyň ahyryna 126 million manat boldy.

2018-nji ýylda Bankyň aktiwleri 5%  artdy, arassa peýda 6,2% ösdi, girdejileri 1.4 esse artdy, karz bukjanyň göwrümi 8.7% ösdi, bankyň hususy serişdeleri 15.67% köpeldi. 2018-nji ýylyň jemi boýunça müşderileriniň sany 436 398 deň boldy. Bank tarapyndan hususy kärhanalara we telekeçilere önümçilik maksatly karzlar boýunça jemi 26 sany müşderileriň taslamalaryna seredildi we  32 184.19 müň manat möçberinde karzlaşdyryldy.

Geçen ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky Germaniýanyň iri “Commerzbank” banky bilen, halkara hyzmatdaşlyk ugrunda Ýapon banky we beýleki maliýe edaralary bilen, Aziýanyň ösüş banky bilen karz ylalaşyklary baglaşyldy.

Şeýle hem, 2018-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Dubaýyň Yslam ykdysady ösüşi üçin merkeziniň, Abu-Dabi Ösüş gaznasynyň, “Al Qamra Holding Group” kompaniýasynyň, Saud Arabystany Patyşalygynyň “The Global Projects  Development Holding Co.” we “Riva Development Company” kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyklara gol çekildi.

Mundan başga-da, BMGÖM we halkara bilermenler bilen hyzmatdaşlykda bank ulgamyny öz içine alýan bankyň orta möhletleýin ösüş strategiýasy we halkara we daşary ýurt maliýe edaralarynyň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýän karz taslamalarynyň tertibiniň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. 

Şeýle-de, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky ýurdumyzda täze taslamalary maliýeleşdirmek üçin maýa goýumlary çekmek maksady bilen, daşary ýurt guramalarynyň gatnaşmagynda açyk görnüşli Maýa goýum gaznasyny döretmek boýunça netijeli işler geçirilýär.

Bankyň ýolbaşçylary we işgärleri ähli hyzmatdaşlaryna we müşderilerine şu ýyllaryň dowamynda bildiren ynamlary we ýardamlary üçin tüýs ýürekden minnetdarlygyny bildirýär we Türkmenistanyň ykdysadyýetini pugtalandyrmakda netijeli hyzmatdaşlygynyň ýene köp ýyllara dowam etmegini hem-de işleriňizde rowaçlyk arzuw edýär. Biz siziň ynamyňyza we sylagyňyza uly hormat goýýarys, biziň işjeň gatnaşyklarymyz bolsa ösüş ugrundaky hyzmatdaşlygymyzyň netijeleridir.