Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

 

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   08.02.2019  /  

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýanwar aýynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi hem-de resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi..

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, hasabat bermek üçin ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Wise-premýer şu ýylyň ýanwar aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, geçen döwürde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny we sebitleri yzygiderli ösdürmek hem-de ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen, toplumlaýyn çäreler üstünlikli geçirildi.

Munuň şeýledigine, ilkinji nobatda, jemi içerki önümiň durnukly ösüşi şaýatlyk edýär. Bu görkeziji 2018-nji ýylyň degişli döwründäki bilen deňeşdirilende, 6,2 göterim ýokarlandy.

Ähli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň jemleýji maglumatlaryna laýyklykda, umuman, garalýan döwürde önüm öndürilişi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 4,9 göterim ýokarlandy.

2019-njy ýylyň ýanwar aýynda bölek satuw haryt dolanyşygy boýunça görkeziji geçen ýylky bilen deňeşdirilende, 19 göterim artdy.

Ýylyň ilkinji aýynyň netijeleri boýunça döwlet býujetiniň girdeji bölegi 1,4 milliard manat, çykdajy bölegi bolsa 1 milliard manat möçberinde ýerine ýetirildi.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalary boýunça ortaça aýlyk zähmet haky 2018-nji ýylyň degişli döwrüne garanyňda 9,4 göterim köpeldi. Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde, önümçilik we durmuş maksatly hem-de düzümleýin desgalaryň gurluşygyna gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi 181,6 million manada deň boldy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ykdysady toplumyň edaralarynyň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipelere wise-premýeriň ünsüni çekdi. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» durmuşa geçirilişiniň barşyna gözegçilik etmek hem-de ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan maliýe meýilnamalarynyň ýerine ýetirilmegi bu ulgamyň edaralarynyň alyp barýan işleriniň esasy ugurlary bolup durýar.

Şeýle hem sanly ulgama geçmek maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, maýa goýum işjeňligini artdyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça bellenen çäreleriň öz wagtynda amala aşyrylmagy üçin anyk işler ýerine ýetirilmelidir diýip, milli Liderimiz nygtady hem-de wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.

Şu ýylyň 11 — 14-nji fewralynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Germaniýa gulluk iş saparyna görülýän taýýarlyk Milli Liderimiz daşary ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň, eksport ugurly önümleriň öndürilişini artdyrmagyň möhüm wezipe bolup durýandygyny belläp, bu ugurdaky işleri has-da güýçlendirmegiň zerurdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropanyň bu ýurdy bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde netijeli gural hökmünde bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň eýeleýän möhüm orny barada aýdyp, Berlinde geçiriljek türkmen-german işewürlik maslahatynyň bu ugurda uly ähmiýete eýe boljakdygyna hem-de netijeli gatnaşyklara täze itergi berjekdigine ynam bildirip, degişli resminama gol çekdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmagyň wajypdygyny belläp, wise-premýer G.Myradowa we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň beýleki orunbasarlaryna hem onuň ýerine ýetirilişi barada her çärýekde Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde hasabat bermegi tabşyrdy.

Biz sanly ulgama geçmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek, beýleki döwletlere iberilýän önümleri köpeltmek boýunça geçirýän işlerimizi dowam etmelidiris diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şeýle hem ykdysadyýetimize maýa goýumlaryny giňden çekmek, daşary ýurt pulunda gelip gowuşýan serişdeleriň möçberini artdyrmak işleri-de alnyp barylmalydyr.

Döwlet dolandyryşyny kämilleşdirmek boýunça özgertmeleri hem dowam etmeli. Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamaly. Göz öňünde tutulmadyk we dolandyryş çykdajylaryny azaltmaly diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Pul-karz we maliýe ulgamlarynda bazar usullaryny has giňden ulanmaly diýip, hormatly Prezidentimiz belledi hem-de ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, hususy pudagyň paýyny artdyryp, oňa işjeň gatnaşmagy üpjün etmek boýunça çäreleri görmegi talap etdi.