Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

 

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we parasatly ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan bank ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär. Maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmak hem-de esasy önümçilik gaznalaryny tehnologik taýdan täzelemäge, degişli düzümleri döwrebaplaşdyrmaga iri maýa goýumlaryny çekmekligiň özi ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagyna hem-de milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Türkmenistan döwletimizde karz edaralary tarapyndan hödürlenilýän bank hyzmatlarynyň hili yzygiderli kämilleşdirilýär, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bank kartlarynyň sany artdyrylýar, şeýle-de bankomatlaryň we töleg terminallarynyň giň tory hereket edip, olaryň bökdençsiz hereket etmegi ýola goýulýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň”, şeýle hem “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde laýyklykda ýurdumyzyň bank ulgamyny kämilleşdirmek, ulgama halkara bank ulgamynyň iň öňdebaryjy usulyýetini, innowasion tehnologiýasyny ornaşdyrmak, pul serişdeleriniň kadaly dolanyşygyny üpjün etmek, maliýe hyzmatlaryny menzilara ýerine ýetirmegiň dürli usullaryny ösdürmek ýaly işler bank hyzmatlaryny ösdürmekde esasy wezipeler hökmünde öňe sürülýär.

TDDYIB boýunça 2019-njy ýylyň maý aýynyň 1-i ýagdaýyna kart ulanyjylarynyň sany 485 790-e we ornaşdyrylan töleg terminallarynyň sany 871-e deň boldy.

Bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçilýän häzirki döwürde karz edaralarynyň edara görnüşli we şahsy taraplara, edara görnüşli tarapy döretmeýän telekeçilere – müşderilere ýerine ýetirýän menzilara bank hyzmatynyň ähmiýeti örän uludyr. Nagt däl hasaplaşyklary ösdürmegiň we kämilleşdirmegiň maksady, nagt pul dolanşygynyň mukdaryny azaltmakdan hem-de geçirilýän hasaplaşyklary tizleşdirmekden ybaratdyr. Munuň birnäçe bähbitli taraplaryny görkezmek bolar. Ýagny, umumy döwlet bähbitli taraplaryna: pullary ýasamak, daşamak we saklamak boýunça çykdajylary tygşytlamak; pul serişdeleriň hereketine geçirilýän gözegçiligi berkitmek; pul serişdeleriň ýitirilmegi we galplaşdyrylmagy bilen baglanşykly hadysalaryň öňüni almak; salgyt tölemekden sowulyp geçmeleri aradan aýyrmak we ş.m degişlidir. Nagt däl hasaplaşyklaryň raýatlar üçin bähbitli taraplaryna: puluň ýitmezligi, wagtyň tygşytlylygy, ýeňillikli töleg geçirimleri, karz almak we goýum goýmak bilen baglanyşykly amatlyklar we ş.m. degişlidir. Karz edaralary üçin bähbitli taraplary bolsa: raýatlaryň nagt pul serişdelerini dolanyşyga çekmek hem-de olaryň möçberini artdyrmak; nagt pul dolanşygyna hyzmat etmek we pulhana amallary bilen baglanyşykly çykdajylary azaltmak; ýerine ýetirilen hyzmatlar üçin tölegleri almak we ş.m. degişlidir.

Nagt däl hasaplaşyklaryň döwrebap elektron ulgamynyň işe girizilmeginiň döwletimiz üçin bähbidi uludyr. Amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň ählisi halkyň bähbidine hyzmat edýär, şonuň üçin hem döwletiň bähbidi göniden-göni halkyň bähbidi bilen baglanyşyklydyr.

Häzirki wagtda töleg terminallary hasaplaşyklar ýurdumyzyň raýatlaryna uly amatlyklar hödürleýär. Söwda we jemgyýetçilik nokatlarynda satyn alnan harytlar we hyzmatlar üçin hasaplaşyklary töleg terminallary arkaly nagt däl görnüşinde geçirýän raýatlaryň sany günsaýyn artýar.

Töleg terminallary diňe iri söwda merkezlerinde däl-de, eýsem eýeçiligiň görnüşine garamazdan, edara görnüşli taraplar, olaryň şahamçalary we wekillikleri hem-de hususy telekeçiler söwda dükanlarynda, jemgyýetçilik iýmiti we beýleki hyzmatlary edýän nokatlarynda hem ornaşdyrylýar. Töleg terminalyny ornaşdyrmak üçin söwda we hyzmat ediş nokatlaryň eýeleri karz edaralaryna ýüzlenip bellenen tertipde hasaplaşyk hasabyny açandan soň, karz edarasy we töleg terminalyny ulanyjy arasyndaky hukuklary we borçlary kesgitleýän töleg terminallaryny ornaşdyrmak we olara hyzmat etmek boýunça şertnama baglaşylýar. Şol şertnamanyň şertlerine laýyklykda karz edarasy tarapyndan töleg terminaly ornaşdyrylýar we ony ulanmak boýunça degişli gözükdiriş işleri geçirilýär we zerur bolan gözükdiriji maglumatlar bilen üpjün edilýär. Söwda we hyzmat ediş nokatlarynda töleg terminallaryny ulanmak we olaryň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek bilen bagly ýüze çykýan soraglar boýunça karz edarasy müşderi bilen aragatnaşyk saklaýar.

Bank kartlarynyň üsti bilen töleg terminallary arkaly nagt däl görnüşde söwda we hyzmat ediş nokatlarynda harytlary satyn almak, aragatnaşyk, jemagat we ýaşaýyş hyzmatlaryny tölemek, awtoulaglaryň ýangyjy üçin tölemek, saglygy goraýyş edaralarynyň hyzmatlary, awiapetekler üçin tölemek, karzy üzmek we onuň göterimlerini tölemek mümkinçilikleri döredildi.

 

Ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady özgertmelerde bank ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmak, bank hyzmatlarynyň hilini dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň derejelerine çykarmak, hyzmatlarynyň görnüşlerini artdyrmak hem-de milli pulumyzyň hümmetiniň durnuklylygyny üpjün etmek ykdysady ösüşimiziň häzirki tapgyrynda ileri tutulýan ugurlara degişlidir.

Täze tehnologiýalaryň yzygiderli ösdürilmegi ilata töleg-hasaplaşyk, karz, depozit we beýleki hyzmatlary daşlaşan tertipde ýerine ýetirmäge mümkinçilik döredýär. Bank ulgamyna internet-bank hyzmatyny girizmek bilen, wagtlaýyn ulanylmaýan serişdeleri, goýumlary çekmek, maýa goýumlary maliýeleşdirmek, dürli tölegleriň çalt we öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmek, bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek, olaryň elýeterliligini üpjün etmek we hilini  ýokarlandyrmak, karz edaralaryň müşderiler üçin özüne çekijiligini artdyrmak ugrunda uly mümkinçilik döredýär.

Nagt däl hasaplaşyklarynyň giňden ulanylmagy we bank kartlarynyň hyzmatlarynyň köpeldilmegi ykdysadyýetimiz üçin uly ähmiýete eýedir.

Ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň we töleg ulgamynyň kämilleşdirilmegi, häzirki zaman maliýe gatnaşyklarynda döwrebap tehnoloiýalaryň nagt däl hasaplaşyklary geçirmekde we töleg gatnaşyklarynda giňden peýdalanylmagy bank işiniň kämilleşmegini hem-de halkara bank ulgamyna sazlaşykly goşulmagyny üpjün edýär.

Bank ulgamyny ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biri hem ykdysadyýetde pul toplumynyň düzümini kämilleşdirmek we nagt pullaryň paýyny azaltmak. Şonuň üçin bank kartlaryny ulanmak arkaly nagt däl hasaplaşyklary geçirmekligiň döwrebap ulgamyny döretmek we kämilleşdirmek esasy işleriň biri bolup durýar.

Söwda we hyzmat ediş nokatlarynda töleg terminallary arkaly “Altyn asyr”, “Millikart”, “Goýum bank karty” hem-de halkara “VISA” we “MasterCard” bank kartlarynyň üsti bilen hasaplaşyk geçirip bilersiňiz. Mundan başga-da raýatlaryň nagt däl hasaplaşyklardan peýdalanmaklaryny höweslendirmek maksady bilen, ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan söwda we jemgyýetçilik nokatlarynda geçirilýän hasaplaşyklar üçin müşderileri höweslendiriji  hyzmatlary ornaşdyrmak boýunça hem degişli işler alnyp barylýar.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde nagt däl hasaplaşyklary ornaşdyrmakda uly mümkinçilikler döredilýär. Şu ulgamy ösdürmekde ýurdumyzda hasaplaşyklary döwrebaplaşdyrmak, halkara derejesine çykarmak we raýatlar üçin amatly bolmagyny gazanmak maksat edinilýär.

 Häzirki döwürde nagt däl hasaplaşyklaryň amatlyklaryny her ädimde görmek bolýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan bank ulgamyndaky özgertmeleriň ählisi ýurdumyzyň raýatlarynyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga, olaryň ýaşaýyş durmuş derejelerini dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine ýetirmäge gönükdirilendir.  

“Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” diýlip yglan edilen 2019-njy ýylda, milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de berkidilmegi, halkara jemgyýetçiligindäki ornunyň has-da belende galmagy, dürli ugurlardaky giň göwrümli we ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin ähli mümkinçilikler bar.

Bu işleriň ählisi halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgesiniň durmuşymyzyň ähli ugurlarynda öz beýanyny tapýandygyna şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan bank ulgamyndaky özgertmeleriň ählisi ýurdumyzyň raýatlarynyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga, olaryň ýaşaýyş durmuş derejelerini dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine ýetirmäge gönükdirilendir.  

Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyryp ösdürmek ugrunda ýadawsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun. Il-ýurt bähbitli, umumadamazat ähmiýetli alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!