Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

 

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

/   Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   24.05.2019  /  

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowy göni wideoaragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň döwrebap bilim alan we ýokary hünär eýesi bolan ýaşlaryň başarnyklaryny netijeli peýdalanmak bilen bagly meseleleri oňyn çözmek boýunça beren tabşyryklaryna laýyklykda geçirilen işler barada hasabat berdi.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipelerden ugur alnyp, «Türkmenistanda ýaşlary zähmet bazaryna uýgunlaşdyrmagyň we olaryň iş bilen üpjünçiligini kämilleşdirmegiň maksatnamasynyň» hem-de bu resminamany durmuşa geçirmegiň meýilnamasynyň taslamalary işlenip taýýarlanyldy. Onuň baş maksady ykdysadyýetimiziň pudaklary boýunça hünärmenlere bolan zerurlyklary öwrenmekden hem-de ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütleri kabul etmekden, ýaşlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakdan, ýaş işgärler üçin degişli ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmekden, ýaşlaryň zähmet çekmäge bolan höwesini artdyrmakdan ybaratdyr. Şeýle hem häzirki döwürde öňdebaryjy maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary baradaky bilim zerur bolan iş orunlarynyň möçberini artdyrmak göz öňünde tutulýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzy senagatlaşdyrmagy ugur edinýän Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy wezipelerinden ugur alanyňda, giň dünýägaraýyşly we öňde durýan möhüm wezipeleri üstünlikli çözmäge ukyply ýokary hünärli işgärlere bolan islegiň artýandygyny nygtady.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlis Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredowyň hasabaty bilen dowam etdi. Wise-premýer ýangyç-energetika toplumynyň pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, 21 — 22-nji maýda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Х Halkara gaz kongresiniň jemleri barada hasabat berdi.

Nebitgaz pudagy, şol sanda Hazaryň türkmen kenaryny özleşdirmek, nebitgaz senagatynda hyzmatdaşlyk, pudaga maýa goýumlary çekmek, halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak bilen baglanyşykly çykyşlar boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny» mundan beýläk-de durmuşa geçirmek boýunça wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz daşary ýurtlaryň işewür toparlary bilen energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk barada aýdyp, täze nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek, tebigy gazy gaýtadan işlemek, ýurdumyzda öndürilýän nebit we gazhimiýa önümleriniň görnüşlerini artdyrmak boýunça iri taslamalara maýa goýumlary çekmegi özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde görkezdi.

Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlise Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewi çagyrdy. Ol ýurdumyzyň maliýe-bank toplumynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bank ulgamynda geçirilýän özgertmeleri işjeňleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda ykdysadyýetimize mümkin boldugyça maýa goýumlaryny köpräk çekmek boýunça netijeli çäreleri görmek barada anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny hem-de berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.