Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

 

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

 /   Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   06.06.2019  /  

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli möhüm resminamalaryň birnäçesine garaldy.

Hasabat döwründe halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynda ýokary önümçilik netijeleri gazanyldy.

Ösüş depgini senagat pudagynda 4 göterim, ulag we aragatnaşyk toplumynda 10,1 göterim, söwdada 11,8 göterim, oba hojalygynda 3,5 göterim we hyzmatlar ulgamynda 8 göterim ýokarlandy. Gurluşyk pudagynda hem oňyn netijeler üpjün edildi.

Umuman, ähli ministrlikler we pudak edaralary boýunça jemi öndürilen önüm geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6,3 göterim artdy.

Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy geçen 2018-nji ýylyň degişli döwrüne garanyňda 19,1 göterim artdy.

Şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 7,53 milliard manada we çykdajy bölegi 7,49 milliard manada deň boldy.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,5 göterim ýokarlandy.

Dünýä ykdysadyýetinde ýüze çykýan kynçylyklara garamazdan, bäş aýda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijeleri şu ýyl ýurdumyzyň durnukly depginli ösmegini dowam edýändigine şaýatlyk edýär diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Garalýan döwürde ýurdumyzda öndürilen önümleriň degişli döwürde eksport edilen möçberi 14 göterim artdy. Şol bir wagtda importyň möçberi bolsa 20 göterim azaldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýokary ösüş depgini gazanyldy.

Ykdysadyýetimizde amala aşyran üstünlikli işlerimiziň netijesinde, biz maliýe serişdelerini toplap, welaýatlarymyzda köp sanly şäherçeleri gurmaga başladyk. Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygyna girişdik. Häzir Aşgabatda täze şäheri gurmagyň üstünde hem işleýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Biz energiýa serişdelerimizi dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek syýasatymyzy kabul eden meýilnamalarymyza laýyklykda alyp barýarys. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny, şeýle hem beýleki sebitleýin taslamalary durmuşa geçirýäris diýip, milli Liderimiz belledi.