Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

 

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   14.06.2019  

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, taslamalara seredildi, käbir möhüm resminamalar kabul edildi. 

 Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan  «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamany» amala aşyrmagyň çäklerinde ykdysadyýetimiziň pudaklary boýunça hünärmenlere bolan zerurlyklary öwrenmek we ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütleri kabul etmek, ýaşlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, oba ýerlerinde zähmet çekmäge bolan höwesini artdyrmak üçin çäreleri işläp düzmek, ýaş hünärmenler üçin mynasyp ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek göz öňünde tutulýar. 
Ýaş nesilleriň aň-paýhas we döredijilik mümkinçiliginiň netijeli ulanylmagy Watanymyzyň yzygiderli gülläp ösmeginiň we rowaçlygynyň özenidir.

Ýurdumyzda ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge we senagatlaşdyrmaga hem-de bazar gatnaşygyna geçirmäge, işewür düzümleriň işlerini işjeňleşdirmäge gönükdirilip durmuşa geçirilýän strategiýa, şeýle hem amala aşyrylýan pudaklaýyn iri taslamalar, döredilen degişli hukuk binýady daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen, şol sanda maýa goýum ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy artdyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär. 

Munuň üçin bar bolan hemme mümkinçilikleriň doly derejede ulanylmagy Türkmenistany mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan depginli ösdürmäge, ýurdumyzyň häzirki zamanyň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna yzygiderli goşulyşmagyna hyzmat eder. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanda ýaşlary zähmet bazaryna uýgunlaşdyrmagyň we olaryň iş bilen üpjünçiligini kämilleşdirmegiň maksatnamasyny tassyklamak hakynda» hem-de «Daşary ýurt maýa goýumlary boýunça pudagara topary döretmek hakynda» Kararlara gol çekdi.

Häzirki wagtda Hazar ykdysady forumynа guramaçylyk we beýleki zerur işler alnyp barylýar, degişli Guramaçylyk komiteti döredildi. Hazar sebitiniň döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Şol syýasat bolsa oňyn Bitaraplyk, «Açyk gapylar», hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýar. Ýurdumyz Hazaryň köpugurly kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga saldamly goşant goşmak bilen, onuň parahatçylyk, dostluk we ylalaşyk deňzi derejesiniň berkidilmegine hemmetaraplaýyn ýardam edýär. Munuň özi bolsa anyk başlangyçlarda öz beýanyny tapýar. 
Hazar deňziniň we bu sebitiň sebitara hem-de ählumumy geosyýasy we geoykdysady işlerde strategik ähmiýete eýe bolmagy, onuň möhüm üstaşyr-ulag we logistika merkezi hökmündäki orny uzak möhletli geljegi nazara almak bilen, dürli ugurly gatnaşyklary ösdürmek üçin umumy tagallalary netijeli birleşdirmegiň zerurdygyny şertlendirýär. 

28-nji iýunda Ahal welaýatyndaky gazdan benzin öndürýän zawodyň açylyş dabarasyny geçiriler.
Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap enjamlary hem-de kämil tehnologiýalary bilen üpjün edilen kärhana görkezijiler boýunça täsin bolup durýar. Bu ýerde dünýä tejribesinde ilkinji gezek senagat möçberinde tebigy gazdan sintetiki awtomobil ýangyjy öndüriler. 
Zawodyň taslama kuwwaty Euro-5 standarty boýunça ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän benziniň 600 müň tonnasyny, şeýle hem bir ýylda arassalanan dizel ýangyjynyň 12 müň tonnasyny we suwuklandyrylan gazyň 115 müň tonnasyny öndürmäge niýetlenendir. 
Bu giň möçberli maýa goýum taslamasy ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň eksport kuwwatyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek we eksport kuwwatyny pugtalandyrmak üçin uly ähmiýete eýedir.

Türkmenistanyň durmuşa geçirýän hemişelik Bitaraplyk we «Açyk gapylar» syýasaty, türkmen tarapynyň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, ekologiýa meselelerini çözmek, ulag-logistika düzümini ösdürmek boýunça öňe sürýän başlangyçlary tutuş dünýäde uly goldawa eýe bolýar. 

Ýurdumyz milli ykdysadyýeti doly döwrebaplaşdyrmaga, kuwwatly senagat düzümini döretmäge, durmuş ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmek bilen, öňdebaryjy tehnologiýalary we daşary ýurtlaryň iň gowy tejribesini giňden ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda, wise-premýerlere 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek meselelerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.